TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 1 ( 1 - 10 )


1.Mugallym: Şu günki temamyz kömür turşy gazy. Kömür turşy gazy näme? Okuwçylar: Kömür turşy gazy şu günki temamyz.


2.- Salam, gynanjymy kabul et!
- Düşünmedim?!
- Meniň aýalym dublýonka aldy.
- Meniň näme dahylym bar?
- Ertir seniň aýalyňyň ýanyna myhmançylyga barýar.


3.- Siziň sygyryňyz çilim çekenok gerek?
- ýok
- Onda siziň kepbäňiz ýanýar.


4.- Ezizim nirde sen?
- Awtobusa garaşýan
- Çaltrak geläýdä
- Bor, çaltrak garaşaýaryn.


5.Aýaly ärine:
- Görýäňmi şu suratdaky adamy?
- Hawa.
- Ony öýlän 6-da çagalar bagyndan alyp gaýdarsyň.


6."Söýgüň üçin göreşmeli" diýdide, ähli suratlaryny likelap başlady.


7.Iş tapyp, şahsy durmuşyňy ýola salamana hemişe ýetişersiň, a piwnuşka bolsa 3 sagatdan ýapylýar.


8. Bu gün meniň dostumyň doglan güni. Ol içenok, çekenok, pully kartada oýnanok we aýalynada ikilik edenok.
Hudaý bilýär doglan güni nädip geçireris.


9.- Maňa iki bulgur arak guýuň!
- Gyzjagaz! Bu ýer mekdep naharhanasy!
- Waý bagyşlaň, pikire batypdyryn. Iki stakan kompot beriň.


10.Eger-de sen ýykylsaň, men hemişe sen bilen.
©aswalt