TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 10 ( 91 - 100 )


91.Alkaş goñşumyza, mekdepde sapak gidip durka klasymyza girip, "Aman mugallym nähilow, bugün doňamzokmy? "diýmesi üçin 5 manat berdim


92. Ýadyňyzdamy, kiçi wagtymyz 8-nji martda ejemize bulam-bujar surat çekip berýädik, ol gaty begenýärdi. Näme üçindir bu fokus heleýim bilen geçenok...


93. Klasda 2+x=13
öy ishi 3x+24=7x
Synagda : Kit ýeketäk suwdaky süýt emdiriji bolsa, uçaryñ sesiniñ tizligi 3 esse bolan bolsady, adamyñ başam barmagy bolmadyk ýagdaýynda, otopleniýañ gyzgynlygy näçe gradusdyr?


94. - Tuwalet kagyzy näme üçin ogurladyňyz?
- ‎Men ogurlamadym, men soňurak puluny tölardim
- ‎Siziň tölemäne puluňyz ýokmy?
- ‎Meniň töläp ýetişmäne wagtym ýokdy.


95. Ömrümizde diňe iki gezek ullakan teleskopda güne seredip bilýäris. Bir gezek çep, ikinji gezegem sag gözümiz bilen.


96.-Bagyşlaň, siz meniň köwşüme basdyňyz.
-Salam, basanymy bilýän.
-Onda siz aýagyňyzy aýryp bilmersiňizmi?
-Ýok.
-Bagyşlaň onda bimaza edenime.
-Zyýany ýok.


97. Baýyň gyzy öz söýüşýän oglanyny ejesi bilen kakasynyň ýanyna tanyşdyrmana getirýär:
Gyzyň kakasy oglana: Öýüň barmy?
Oglan: Hudaý berse, bolar!
Kakasy: Maşynyň barmy?
Oglan: Hudaý berse, bolar!
Kakasy: Gyzymy hor etmän saklap bilersiňmi?
Oglan: Hudaý berse, hor etmerin!
Ejesi kakasyna: Nähili, göwnüňden turdumy?
Kakasy: Loh diýseň loh, ÝÖNE MAŇA "HUDAÝ" DIÝMESINI HALADYM.


98. Erkekler üns beriň!
Aýalyňyz öýi uborka edende, agaç ýuwudan ýaly bolup oturmaň, sizem kömek ediň. Ol pylesoslanda, aýagyňyzy galdyryp duruň.


99.- Kaka, sen ejemi nädip tapdyň?
- ‎Ah oglum, 12 ýyl mundan ozal, men dünýädäki iň owadan gyza, ýüregimdäki arzuwa, dyzyma çöküp "maňa durmuşa çyk" diýdim. Olam "ýok" diýip jogap berensoň, seniň ejeňe öýlenmeli boldy blýat.


100. Köçede ýöräp barýan, grip keseli maňa duşdy-da, gowuja pikir hödürledi:
- Eştýäňmi burny sümükli, iki hepde düşekde, diňe men we sen.