TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 12 ( 111 - 120 )


111. Biri ýüregiňize düşýär we oňa muny medeniýetli şekilde aýtmaly bolsa:
Eýwaý serediň, GAPY


112.Dilegçi pul dileýär:
- Gaty ajygýan, iýere zat satyn almak üçin pul sadaka ediň!
- Bagyşla dost, mende nagt pul ýok, milli kartda göterýän.
- Blýat, sen ýalylar üçin mobil terminal satyn aldym, getir bärik kartoçkaňy.


113. Kassir bilen hasaplaşamda, gyzlaryň kändigini görüp, çişjek bolup "Gaýtargysy gerek däl" diýen boldum.
"Nämäň gaýtargysy, seniň pulyň ýetenogama" diýdi


114. Mämmet täze işe geçipdir. Birinji aýlygyny berýärler. Mämmet sanap görýär welin 100 manat köp. Sesini çykarmandyr. Ikinji aýlygyny berýärler. 50 manat az çykýar. Buhgalteriýa baryp:
- Bu nämow 50 manat az berip aýlygymy? Düşündirdä düşündirip bilseň
+ Birinji aýlygyňy ýalňyşyp 100 manat artyk berlendä gürlemediň. Kem berildi welin göni ylgap geldiň!
- Birinji ýalňyşy hemişe bagyşlaýan men


115. Mämmediň ogly pianina çalmagy öwrenýän eken. Öýleridäki item ogly näme çalsa onuň yzyndan gaýtalap uwlaýar eken.
Mämmediň ogly dyň dyň dyň, item uww uww uww
Ogly dyň dyň dyň, it uww uww uwwww
Mämmet çydaman oglyna:
- Oglum, şu haram itiň bilmeýän sazyny çalaýda


116. Mämmet bir gün ýoldan geçip barýaka tas maşynyň aşagyna girýän eken. Şafýoram Mämmede:
- öňüňe seret Dalbayob
Mämmedem rusça bilenok eken. Wakany dostyna aýdyp beripdir. Olam Mämmediň göwnüne degmejek bolup, KAÇOK, KRASAWÇIK diýmek, diýýär.
Mämmet, ýene bir gün tas maşynyň aşagyna düşýärdi. Ýene şafýor kellesini çykaryp - Öňüňe seretsene Dalbayob
+ Agam sen meni ýaşkam görsediň, hasam Dalbayobdym


117. - Gadyrdan gyzlar : eger siz modellar ýalak kablukda ýöräp bilmeýän bolsañyz, gaýrat edip geýmäñ. Ÿogsam daşyñyzdan paraliç bolan çekirtgä meñzeyäniz.


118. Hindi kinolary polny ýalan ekeni!
Şu gün jygyllyga baryp tans oýnadym hiçkim maňa goşulanok


119. Mämmet düýşünde 7lik görýär. Bu bir zadyň alamatydyr diýip stawka etmäge aýlawa gidýär. Ýolda ajygaryn diýip jübüsine 7 ştuk alma alýar. Astanowka baryp garaşyp 6 awtobus goýberip 7ni awtobusa münýär. 7nji astanowkada düşýär. Aýlawa girip 7nji kassa barýarda 7nji çapuwdaky 7nji ata 7 million pul goýýar. Gidýärde 7nji otyrgyja otyrýar. Atlar ylgap başlaýar. Mämmediň düýşi çyn bolup çykýar, onuň pul goýan aty 7nji gelýär.


120. Oba şäherden barlagçy gelipdir. Görse bir eşek degirmeni aýlaýan eken, boýnynda-da jaňjagaz bar eken. Ol jaňjagazy näme üçin dakdyňyz diýip sorapdyr. "Eşek degirmeni aýlaýan wagty jaň jyňňyrdaýar, eşek dursa jaňam jyňňyrdamasyny bes edýär. Şonda baryp eşegi saýyp göýberýän welin ýene degirmeni aýlap başlaýar" diýipdir. Barlagçy: "A eşek duran ýerinde boýnyny eýläk beýläk edip jaňjagazy şyňňyrdatsa näme? Eşegiň eýesi:" Hany nirde bar sen ýaly akylly eşek?"