TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 2 ( 11 - 20 )


11.- T9 oýlap tapan adam ýogalypdyr.
- Ýatan ýeri ýagty bilýard.


12.- Siz näçe ýaşyňyzda?
- Ýigrimi ýaşymda
- Ýöne bäş ýyl mundan ozalam 20 ýaş diýipdiňiz.
- Men şu gün bir zat diýip, ertir başga zat diýýänlerden däl.


13. Şu haty okaýan dostum, ine bu günüňem geçip barýar. Beýleki günleriňden diňe geýýän içgi geýimiň bile tapawutlanaýmasa. Olam belli däl ýöne.


14.Ir bilen oýanmak hakynda goşgy:
Ýok ýok ýok ýok,
Ýok ýok ýok ýok,
Ýok ýok ýok ýok,
Ýok ýok ýok ýok!

Ýok ýok ýok!
Ýok ýok ýene 5 minut!


15. Rezýume.
Iş gözleýän! Çagalar bagynda çaga bolup işläsim gelýär. Orta grupba we mekdebe taýýarlyk grupbalara bolan teklipleriňize garaşýan. Iň kiçi grupbany hödürlemäň! Özümden hödürleýärin: aglaman naharymy iýerin, tihy çasda süýji ukuda ýataryn. Oýunjaklaram özümiňkileri getirip bilerin!


16.Adamlar telewizoryň pultyny gözlände gaty şübheli bolýarlar:
- Sen pultyň üstünde otyrmyň?
- Ýok.
- Tur ýeriňden


17.Işden öýe gaýdyp barýaryn, birnäçe çagalar dyzynda otyryp gülüşýärler we her tarapa ylgap gaçyp gitdiler. Men bular näme etdikä diýip gyzyklanyp bardym... Nireden bileýin men boka petarda salyp gaçanlaryny.


18. Raddomda zenan maşgala dogýar, äri ýanynda.
Birinji çaga doguldy, ikinji, üçinji, dördünjisinden soň äri akuşerka gygyrýar:
- Çyralary öçüriň! Olar ýagtylyga tarap çykýarlar!


19. Tiz kömege jaň gelýär:
- Meniň çagam ruçka ýuwutdy, kömek ediň!
- Düşünikli, ýola düşdük.
- Siz gelýänçäňiz men näme edeýin?
- Häzirlikçe galam bilen ýazyň.


20.Türkmen obalarynyň mekdepleriniň birinde:
- Myradow?!
- Näme?
- Do you speak English?
- Näme?
- Otyr ikilik. Hojamyradow?!
- Näme?
- Do you speak English?
- Näme?
- Otyr, saňa-da ikilik. Şammyýew?
- Näme?
- Do you speak English?
- Yes, I do! You wanted to tell me something?
- NÄME?