TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 3 ( 21 - 30 )


21.Soňky döwür men kän pikirlenýän: Adamzadyň ýaşaýşynyň manysy näme-de? Bizi ýaradyjy barmyka? Kim we näme üçin tuwaletde bu filosofiýa kitaby goýduka?


22.Internedi öçürseler, etmäne iş tapman durmuşyñ hakda serýozny pikirl... aý ýok. Boldy, açdylar.


23."Men aç, garnymy doýuraýyň-da" diýen sözi 13 dilde öwrenip goýdum, kim bilýär, belki geregi çykar.


24.- Ine siziň zakazyňyz.
- Hany maýonezi?
- Bu Fua-Graly we ýaşyl fasol goşulan ýaş göläniň inçeden kesilen eti. Goşmaça tagam bermek üçin Şalot saganyny we Porto sousyny goşduk.
- Meniň MAZIGIM nirede diýýän?


25.Sapakda mel gutaranda, "men mel getirjek" diýip sapakdan 10 minut gaçyp bilsemem begenýän.
©Maral mugallym, 32 ýaş.


26. Men seni nädip tanaryn?
- Men gara balakly bolaryn, boýum takmynan 165 sm, agramym 56 kg.
- Bolýar, meniňem elimde lineýka bilen terezi bolar.


27. Özlerine bolan ynamy galdyrmak üçin awtobusda owadan däl oglanlara gözümi gyrpdym.
©Togtagül daýza, 62 ýaş.


28.Öýlenýän ýigit gelnini elinde göterip ZAGSdan çykýar. Gelin ýigidiň gulagyna:
- Myrat, biz indi är-aýala?
- Hawa.
- Gel onda indi kelläňe münüp otyraýyn.


29.- Indi bize jaň etme, myhmançylygada gelme.
- Näme üçin?
- Sebäbi düýn bizden gideniňden soň, altyn ýüzgim bilen bilezigim ýitdi. Biz olary tapdyk, goýan ýerimi unudypdyryn. Şonda-da sen hakda erbet ýatlama galdy.


30. - Ýow nigga, i'm Black Dog, bu meniň raýonym, saňa näme gerek?
- OTAGYŇY ARASSALA!!!
- Ejeeee, gerekdällleý.