TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 4 ( 31 - 40 )


31. Bir gün Babajan gije öýüne doňup gelipdir we aýalyna;
— Gülnar sen ýaman urrodlaý.
— Senem kirli, ýene porsap gelipsiňä.
— Meňki näme de bolsa ertire çenli.


32. Merdan öýine gije sagat 2de gelýä. Aýaly sagady görkezip diýýä:
-- näme beýle öýe giç geldiñ?
Merdan:
-- Sen şükür et entägem maña sagady görkezýäñ.
Öýlenmäkäm öýe giç gelemde ejem maña kalendary görkezýädi.


33. -Babajan, ikinji jahan urşy barada gysgaça aýdyp ber.
+Bum bummmm, buuuuuuum pýuuuuuuw, buuuuum buuuum tatatatata pýuw pýuw eeeeeeew buuuuuuuuuuuum. Gysgaça şeýleräk mugallym.


34. Klaskomdym. Gowy görýänje gyzymyň adyny doska ýazyp goýdum. Birdenem gapydan mugallym girdi. Gohlaşanlaň adyny ýazandyryn öýdüp ýaňky gyzjagazy öllir ýaly ýençdi. Şuwagtam meň bilen gürleşenok.


35. Dashary yurtda
-Neymar!
Bizde
-HeyMal


36. Söýgülim meni gowy görende "Garyn oglanda bolmaly, erbet gelşenok" diýýär.
Sögüşip urşamyzda bolsa "çişik bokgaryn" diýýär.


37. Mämmet myhman doktor hökmünde dälihananyň başlygy bilen dälihanada aýlanyp ýörler.
- Dälileriň dälidigine nähili göz ýetirýäňiz?
+ Mämmet serediň, şu wannany suwdan doldyrýas probka (dyky) dykýas, dälidir öýdülýäniň elinede bedre, jam, çemçe berýäs. Wannany boşat diýýäs.
- Haha, däli bolsa çemçe bilen boşatjak bolýar, sagat adam bolsa bedre bilen boşadýarmy?
+ Sagat adam probkany aýryp wannany boşadýar.


38. Iki sany dälini stolyň başyna otyrdyp, bir jam gara zeýtun bilen bir jam tarakan goýupdyrlar. Iýip bilersiňiz diylensoň, birinji däli göni zeýtun iýip başlapdyr. Ikinji dälem:
- Ilki ýöräp gaçýanlary iýeli, soň arkaýyn duranlary iýeris


39. Adamsy öÿde otyrka stoly urup:
-Öÿüñ hojaÿyny kim?
Aÿaly:
-Men. Name boldy?
-Hiç ÿöne barlap gördüm...


40. Restoranyñ içinde bir türkmen otyr diýär, türkmen ofisianty çagyryp:
— Ofisiant, bir azajyk peselt sowadyjyny, ýogsam hakykatdanam doñdyryp barýar! Ofisiant . 5 minutdan soñ.
— Eštyañmi, ofisiant! (ofisianty ýanyna gelýär) bir azajyk sowadyjyny gatalt dos, yogsam birhili gyzyp bašladym...
(ofisiant bolya diyip gidya)
5 minutdan soñ .
— E, Çuwak.. (ofisiant gelya) ..Peselt sowadyjyny, yenede sowuk ušeýän.
(ofisiant bolýar diýip gidýär)
Goñšy stoldaky otyran yigit ofisianty çagyryp:
— Sen nädip bu adama çydap bilyañ? Näme uçin diñleyäñ?
Ofisiant: Mesele dälä! Bizde sowadyjy ýoga...