TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 6 ( 51 - 60 )


51. Bir gai bilen doktor içip otyrmyş. Her gezek göterenlerinde Gai:
-saglyk bolsun! - diýýär
Doktor:
-eý dost, men sen radaryň döwülsin diýemoga...


52. Bir adam dostuna zeýrenýär:
-Mende hemme zat bardy: pul, ajaýyp öy, owadan maşyn, söýýän zenan. Birden... Hemme zat yitdi.
-Näme boldy?
-Aýalym bildi...


53. Bir gün biri dükandan paraşut almaga barýar we satyjydan nähili ulanmasyny soraýar...
Satyjy:
-Haçanda ýokardan gaydanda birinji şu ýüpi çekýäň, ol açylmasa, ine şuny çekýäň - diýýär, alyjy:
-a ikisem açylmasa näme?
-Dostjan bular iki ýyl garantiýaly, açylmasa yzyna getir täzesini beräýeris..


54. - Şatlykjan, iň gadymy haýwan haýsy?
- Zebra.
- Näme üçin?
- Sebäbi olar черно белый.


55. 8-nji klasda okaýan wagtym mekdepde gapjyk tapypdyk. Içinde pul ýokdy. Gözläp eýesini tapdyk, "Gapjygyñ içinde 50manat pul bardy" diýip bizden pul alypdy. Ýagşylyk etmegi şol gün taşladym.


56. Ependi bilen aýaly unaş iýýämişler. Aýaly pahyr şapbyldap iýýämiş.
Ependi gahary gelip, çemçesi bilen aýalyny urýamyş. Aýaly:
-Nämä urýaň, toba?
-Şapbyldaman iý...
Aýaly indi şapbyldaman iýmäge başlaýar. Birsalymdan Ependi ýene-de aýalyny urýar.
-Indi näme üçin urýaň, kakasy?!
-Şapbyldaýşyň ýadyma düşdi!


57. Öñräk bir Türkmen Amerika baryp nas tüýkürip gaýdan eken. Amerikaly alymlar şondan bäri - bu haýsy guşuñ eden işikä diýen ishiñ üstünde analiz geçirýämişler.


58. Gyz:- Kaka men klasdaşymyñka gidip sapaklaryma taýýarlanyp geläýin? Kakasy:- Hiç ýere gitmeýäñ, ejeñem 20 ýyl mundan ozal biziñka sapaga taýýarlanmaga gelipdi, intägem öýüne ugradyp bilmän ýörün.


59. Çagalyk ýatlamalary:
- 5×8 näçe bolýa?
- 40
- bah 8×5?
- ony entäk geçmedik.


60.Lukman näsagy barlagdan geçirenden soň oňa şeýle diýýär:
– Siz saz çalmagyňyzy goýsaňyz, keseliňizden doly saplanarsyňyz, Näsag gideninden soň şepagat uýasy lukmana ýüzlenýär:
– Men düşünmedim-le, bu ýerde sazyň kesele näme dahyly bar?
– Sazyň dahyly gatybir ýogam däl. Sebäbi ol näsag meniň duldegşir goňşym.