TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 7 ( 61 - 70 )


61. Bir Serbiýaly özüniň okuwçy ogluny görmek üçin Sofiýa barypdyr. Ogly atasyny gören badyna:
– Kaka, men şu gün üç stotinok tygşytladym! – diýip, öwnüp başlapdyr. – Berekella, oglum! Sen ony nädip tygşytladyň?
– Ir bilen tramwaýa münmedim-de, sapagyma gija galmazlyk üçin, tä mekdebe çenli şonuň yzyna düşüp ylgadym.
– Akmak! Ylganyňa görä, taksiniň yzyna düşüp ylgamaly ekeniň. Has hem köp pul tygşytlardyň! – diýip, kakasy oňa igenipdir.


62. Ogry bu gün ogurlykdan hiç zat düşmedigi üçin gije birahat bolup ýatmaýyn diýip, çep jübüsindäki 1manady sag eli bilen alyp, sag jübüsine goýup, onsoň rahat uklady.


63. Bir gün Ataköpek weçerinka barýamyşyn. Weçerinkada-da face controldan adyñy aýdyp geçmelimişin diýýär. Her kim adyny aýdyp geçýämişin. Biri "Abu Ibn Şahrizada", ýene biri "Gülzada", ýene biri "Mahrizada" diýip soñy "zada" sözüne gutarýan owadan at aýdyp geçýäler diýýär. Onsoñ Ataköpegem näme diýjegini bilmän "Haramzada" diýýämiş


64. Awtobusdan düşüp barýalar. Ýaşulylaryñ biri: -Ýa Bissimilla diýse, ýene biri:
-Ýa Alla diýen, ýene biri:
-Ýa pirim diýse, bir ors adam bar eken olam:
-ýa Andreý diýip düşüp gidipdir..


65. Bir toýda maşynlar signal berşip, gelnaja ugraýarlar. Iki sany oglanam toýa gijä galyp gelendigi üçin, olara maşyn tapylmaýar. Ýaňkylaryň biri sakow eken, dostuna garap:
- D-d-dawaý, ik-ikimizem maşyn maşyn maşyn, maşyn maşyn maşyn, tap-tapaly?
- Ýekeje maşyn tapylman durka, onça maşyny başyňa ýapjakmaý...


66. Daşary ýurt fantastiçiski kinolarda bar sesi bilen gygyrsalar ähli zatlar ýykylyp agdar düňder bolýar. Bu gün meniňkem şeýle bolarmyka öýdip synap gördüm welin ýaňy gygyranymam şol gulak çekgäme ŞARP boldy. Bir seretsem Kakam: - Bareýt ýok bol sygyryň ot-suwuny ber.


67. -Eger ÿaltalyk sportuñ bir görnüşi bolan bolsady, men 4-nji ÿer alardym.
- näme üçin 4?
- sebäbi 4-nji ÿer alsañ, baryp medal alyp gaÿtmak hökmän däl.


68. Bir gün obaly bir oglan şähere gelyär . Şäheriň dyknyşyk awtobuslaryna münýär weli bir ors babulya arkasyndan ýaplanýar diýýä... Ol oglan görgülem eli bilen yzyna itýär 1 2 gezek. Ahyr ors babulya "Ty co tolkayesh ???" diyse. Olam "A ty co ýaplanýaýes??!!"


69. Bir gün biri jigisini taksa mündiripdir we taksiste "bu çaga gaty köp gürleýändir, üns bermegin" diýipdir. Ýaňkylar ýola düşensoň çaga gürläp başlapdyr. - Kakam öküz, ejem sygyr bolan bolsa, men gölejik bolardym. Kakam horaz, ejem towuk bolan bolsa onda men jüyje bolardym..Taksistiň ýüregine düşüp:
- Kakaň narkaman, ejenem gutaran däli bolan bolsa näme bolardyň?
- Onda men taksist bolardym....


70. Iki sany däli bir ýerde otyr ekenler. Onsoň bularyň biri birdan ýerinden turup yöräp başlapdyr. Oturan däli:
- Niräää ? Beylekisi:
- Seni gözlemäne.
- Ha bolýar, çalt gel men sana bärde garaşjak