TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 8 ( 71 - 80 )


71. Türkmen oglan Ukraina okuwa gidýär. Ol çörek gerek bolup magazina barýar, 5 çörek gerek eken birden "пять" sözüni ýadyna salyp bilmän, näme etjegin bilman "мне шесть а одну не надо" diýýärmiş.


72. - Aýna men saňa pişijegim diýjek!
- näme üçin Myrat?!
- pişiklerem aýagyny syranok
- Kelem çorba iýýän.


73. - Oglum, ertir egzaminyň okuwyňy oka.
- Häzir kaka şunam oýnaýyn.
- Oglum egzaminyň bar diýýän okuwyňy oka.
- Bolýa kaka häzir.
- Babajan oglum bar dükana baryp käşir alyp gaýt.
- Ertir egzaminym eje, okuwymy okaýyn.


74. Towuk 5 kg ýumurtga guzlaýar. Žurnalistler:
- Muny nädip başardyňyz?
+ Bu bir syr.
- Siziň geljekki planlaryňyz näme?
+ 7 kg ýumurtga guzlamak.
Žurnalistler Horazdan soraýar:
- Muny nädip başardyňyz?
+ Syr.
- Siziň geljekde näme planlaryňyz bar?
+ Düýeguşy enesinden dogmadyk ýaly etjek.


75. Biri 60-njy etaždan gaýdýar. Ol birinji etaža gelende begenýär:
- Hudaýa şükür, 59 etažyň dowamynda ölmedik bolsam, yekeje etaždan gaýdanym üçinem ölesim ýokla...


76. Iki sany turkmen bazara gelipdir, olaryn biri rus satyjydan soraya diyya:
— Хлеб почему?
satyjy gyz ýylgyryp:
— Чтобы есть! (iymek üçin) diýýär.
oglan ýene:
— Да я знаю. А почему хлеб?
Satyjy gyz näme jogap berjegini bilmän dymýar.
Onda beýleki oglan şeý diýen bolya:
— Sen woobshe rus dilini bileňoga! Seret, öwren. Девушка, хлеб зачем?


77. Enesi agtyjagyny ýatyrjak bolup hüwdi aýdyp berýä. Ýöne agtygy ýatar ýaly däl.
Birinji hüwdi gutarýa, agtyk ýatanok.
Ikinji hüwdi gutarýa, agtyk ýatanok.
Üç, dört hüwdi gutarýa, agtyk ýatanok. Daňam atanok. Iň soňunda agtyk çydamandyr.
- "Ene, erkek bol, goýaýow indi hüwdiňi, ýatalyla..."


78. 1 adam 1 ýaşulydan "añsat baýamak" hakyndaky kitaby satyn alýar. Ol agşam naharyndan soñ, maşgalasyny üýşürüp okap berýär:
Kitap - siz başgaça ýaşasyñyz gelýärmi! Adam - howwa
Kitap - siz baýamak isleýäñizmi!
Adam - howwa
Kitap - õz başyñyza biznes edesiñiz gelýärmi
Adam - howwa
Aý şular ýaly sõzlerden doly ahyry kitabyñ iñ soñky sahypasyny Okap başlaýar:
Kitap - Siz hereketsiz baýasyñyz gelýärmi
Adam - howwa howwa howwala
Kitap - nirde bar onýaly hezillik


79. Garry jadygöý kempir owadan ýigidi tutupdyr:
-Diňle meni krasawçik, saňa tapmaça berjek, bilseň men saňa özümi berýän, bilmeseň men seni iýerin.
-Ber tapmaçaňy garry kempir.
-Özi ýaşyl, batgalykda bökjekleýär, başy "gur" diýip başlaýar, soňuda "baga" diýip gutarýar. Hany bil!
-Hmmm. Çekirtge.
-Hehe, bildiň meniň mekirjäm.


80. Bank, kredit otdeli:
-Maňa kredit pul gerek.
-Kredtir almagyňyzyň maksady näňe?
-Geý klub açjak.
-Bagyşlaň, Türkmenistanda kim barar soň ol geý klubyňyza?
-Aýý, bar geljek akmaklar. Maksat, Çary geler, Gandym aga geler. Polidiň talyplary geler. Futbol eminleri geler.
-Bagyşlaň, bu maksat bilen size kredit berip bilmeris.
-Oh, onda sizide çagyrýan klubyma.