TM HYZMAT BILMELI
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI

Sahypa 9 ( 81 - 90 )


81. Otagymy arassalaýşym hakda:
- Otagy arassalap başlaýaryn
- ‎6 ýyl mundan öň ýitiren zadymy tapýan, 5 sagatlap seredip durýan
- ‎Ýatmana gitýän


82. Biz bir günde dogulýarys. Biz bir günde-de ýogalýarys. Biz bir günde durmuşymyzy üýtgedip bilýäris we bir günde aşyk bolup bilýäris. Bir günde sen bilen islendik zat bolup biler. Ýöne bir günde horlanyp bolmaz, boýun bol indi ÇIŞIK, eştýäňmi?!


83. Günlerde bir gün sen paltonyň modnysyny alman, ýylysyny alarsyň. Boldy. Soň paket üçin paket alarsyň, aksiýa boýunça skawarodkalar we garrylygyň ýetip gelmeginiň başga alamatlary.


84. Her bir üstünlikli erkegiň arkasynda hökman oňa ynanan aýal bardyr. A her bir üstünlikli aýalyň arkasynda bolsa bir goýun bardyr, ähli zadam şoňa dokazat etmek üçin başlady.


85. Dälihanada uçotda durmaýanlygym hakda sprawka aljak bolup oçeretde durkam däliräp, dälihana uçoda ýazdylar.


86. Uçardaky stýurdessa:
- Näme gygyrýaňyz?! Bu ýöne turbulentnost, gorkara zat ýok. Köşeşiň hany, kemerleriňizi açyp bilersiňiz, ähli zat gutardy, indi gowy. Otur, uludan dem al. Saňa näme boldy? Gorkunjyňa balagyňy zaýaladyňmy? Bolýan zat. Häzir size başga balak taparys. Boldy. Köşeşdiňizmi? Berekella. Men indi ýolagçylardanam habar alyp gaýdaýyn...


87. Atasy öz agtygy bilen derýanyň gyrasynda gezip ýör. Suwuň üstünde-de bir bölek bok ýüzüp barýar:
- Ata, bu boklar nirden gelýäreý?!
- Bir wagt derýanyň boýunda köşk bardy. Ol ýerde ýaş şazada bilen aýaly şagyzy ýaşaýardy. Şazada soň uruş-a gidip ölüpdir. Şagyzyda bu süteme çydap bilmän köşkden özüni derýa oklapdyr we gark bolup ölüpdir.
- A boklar nirden geldi?
- Bilemogaý men, syçandyrda biri.


88. Türkmen instudynda mugallym talyby 3-lige çekjek bolýar:
-Bolýar, sen aýt, haýsy leksiýalary diňläpdiň?
Talyp dymýar.
-Kim sizde leksiýa geçenini bir bilýäňmi?
Talyp dymýar.
-Bolýar, ugrukdyryjy sorag: paralarda men leksiýa berdimmi ýa-da sen?


89. 5-6 ýyllap söýüşüp öýlenmän gezýänleriňki şeýle öýtýän:
"Bagyşla ezizim, şu wagt wagtym ýok, belki senden gowusy duşmagy mümkin diýip garaşyp ýörün".


90. Işe girmek üçin gürrüňdeşlik:
- Siziň güýçli taraplaryňyz?
- Tutanýerlilik.
- Bolýar, biz siz bn habarlaşarys.
- Ýok, men şu ýerde garaşaryn