TM HYZMAT BILMELI
26 ýyl ýaşaşyp bir telefon jaňda maşgalaň dargamasy


26 ýyl ýaşaşyp bir telefon jaňda maşgalaň dargamasy

Nurjemal obada arçynlykda işleýärdi. Onuň 4 gyzy 1 ogly bardy. Uly gyzyny durmuşa çykarypdy, iki sanjak agtygy hem bardy. Onuň gelin bolup düşenden bäri onuň erbetlik tarapdan ady çykmady. Her kim olaryň maşgalasyna guwanýardy. Ýoldaşy Şatlyk bolsa kän beýle däldi. Onuň şäherde bir rus gyzy bilen gatnaşygy bardy. Onuň ýeke däldigini Nurjemal bilýärdi. Şonda-da sesini çykaranokdy.

Şatlyk o bolşuna-da gaty gabanjaňdy we gyrpady. Gamçysyndan gan damýan zandyýamanlardandy. Nurjemalyň işleýän ýerinde iki sany gyz bardy. Olar tehnikumy gutaryp, arçynlyga işe täze gelipdiler. Ol gyzlar Nurnemal bilen bile bir kabinetde işleýärdiler. Gyzlar boş wagtlary diňe internetde hat alyşýardylar we Nurjemala gündelik internetden täleýnama okap berýärdiler. Nurjemal hem olar bilen jora bolup gitdi. Bar zat Nurjemalyň wezipesi ulalandan soň başlady.......
Ol gündelik şähere ýygnak üçin gitmeli bolýardy. Ol özüne jora hem tapyndy. Ol bir gün işde wagty nätanyş nomerden jaň geldi:

— Alo
— Bu kimkä?!
— Maňa Ýusup gerekdi
— Bärde Ýusub-a ýok.
— Hä bor, bagyşlaň!
— Şeý diýdi-de telefonuny goýdy. Aradan ýarym sagat geçmänkä ýaňky nomerden ýene jaň geldi:
— Alo
— Diňleýän
— Siz bilen tanyşmak mümkinmi?!
— Men Nurjemal, a siz kim?
— Men Aşyr.
— Bolýa.
— Nurjemal siziň mylaýym sesiňiz bar, siz näçenji ýyl?
— Men 71-nji ýyl, uly aýal, telefonda gepleşip oturmaga wagtym ýok.
— Nurjemal kesä çekmäň, men hem 1967-nji ýyl, ýöne dost hökmünde diýäýdim.
— Siziň maşgalaňyz barmy?
— Bir oglum birem gyzym bar, ol hem durmuşa çykan. Oglum gelni bilen Aşgabatda firmada işleýär, aýalym bolsa 2 ýyl mundan öň aýryldy.
— Waheý, yzy ýarasyn!
— A siziňki nähili?
— Meniň çagalarym, ýoldaşym bar.
— Hä bor, şonda-da iş wagtyň jaň edip habar tutup dursam bolarmy?
— Bolar-la.
— Minnetdar! — şeý diýip, telefony goýdular we şo günden soň bular gepleşigi has hem ýygjamlaşdyryp başladylar. Nurjemal Aşyryň gündelik jaňyna garaşýardy. Onuň özüni üns merkezinde saklaýşyny görüp: “Wah beýle-de aýalçyl ýigit bolar eken” - diýip, pikir edýär.

Nurjemal Aşyr bilen duşuşdy, bile nahar iýdiler.
“Aşyr durmuşdaky ýagdaýy hem gaty alçak, aladaçyl ýigit eken” — diýip, has hem gowy gördi. Aşyr Nurjemala: — Telefonuň köne model — diýip, täze gymmat bahaly telefon alyp berdi. Özi daşary ýurda gatnap söwda edensoň, her gelende üýtgeşik sowgat getirýärdi. Nurjemal onuň bilen saglygyny dikeltmek üçin, «gyzlar bilen gidýän» diýip, ýoldaşyny aldap, Aşyr bilen sanatoriýada, Awazada dynç alyp geldi. Nurjemal Aşyra pylan zat alyp ber diýip geplese, Aşyr ony sagada ýetirmän bitirýärdi.

Şeýdip Nurjemal tutuş durky bilen Aşyra bagly bolup galdy. Bir gün Nurjemal öýde başagaý bolup öýüň aladasy bilen iş edip ýörkä Nurjemalyň sumkasynda telefon jyňňyrdady. Şatlyk aý özi geler-de alaýar-da — diýip,
— Nurjemal — diýip gygyrdy. Nurjemal geldi, jyrlap duran telefony alyp eline berdi, özi hem ýanynda durdy. Nurjemal bialaç telefony açdy:
— Alo ezizim bu nä boluş näçe jaň etdim, wagty bilen almadyňla?! - diýen ses ýanynda duran Şatlyga hem eşdildi.
— Bagyşlaň, ýalňyş düşdüňiz! — diýdi-de telefony goýdy.

Telefon täzeden jyrlady. Şatlyk Nurjemalyň elinden telefony alyp:
— Size ýalňyş düşdüňiz! - diýdä düşünmediňizmi?! — diýýänçä aňyrdaky erkek sesiň — Nurjemal äriň öýdemi? - diýen sözi eşitdi we Nurjemaly eliniň tersi bilen ýelňäp goýberdi. Nurjemal eýläk ýykylyp, togalanyp gitdi.
— Şunça ýyl ýaşaşyp, maňa beren jogabyň şumy? Şu öýde seni göresim gelenok — diýip, saklanyp bilmän, bar güýji bilen urdy. Şatlyk aýalyny urup-urup ýadap Nurjemalyň telefonuny hem alyp öýden çykyp maşynyna mündi-de gitdi.

Nurjemaldan bolsa, ses üýn çykmady egnindäki köýnegini hem çalyşman 1-2 laý eşigini alyp öýden çykyp gaýtdy. Kiçi oglunyň we gyzynyň:
— Eje jan, bizem äkidäý, goýmaý, gitmäý — diýip, köýneginden aslyşyp aglaýany hem Nurjemalyň ýüregine täsir etmedi?!...............
Şatlyk şo bady bilen Garagum kanalynyň kenarynda maşynyny saklady we telefony alyp syrkynlygyň içi bilen suwa has hem golaý bardy. Ulurak ojaryň kölegesine baryp, Nurjemalyň telefonuny dörüp başlady. Ýazyşylan hatlary okap, aýalynyň haçandan bäri özüne ikilik edýänine düşünmän, gözüni bir nokada dikip, ep-esli oturdy.

Nurjemalyň onuň bilen bile düşen suratlaryny görüp, erkeklik namysyna döz gelip bilmedi we telefony eliniň tersi bilen Garagum kanalynyň içine zyňyp goýberdi.........
Maşgala dargady, bar belaň körem şu telefon jaňdan bolupdy.........
26 ýyl bäri gülýaly, agzybirlikde ýaşaşyp gelinýän maşgala bir telefon jaňda dargady.........

Nowça şahsy döredijilik.

Awtordan: Mähriban boýdaşlar! Her bir zadyň kada-kanunu bar.

Durmuş gurduňmy, wepalylyk ýar bolsun!

Redaktordan: Hormatly uýalar, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlar! Durmuşa çynlakaý göz bilen seredeliň, ar-namysymyzy goralyň! Ahlak kompasyňyza kesekiniň eli degmesin! Garagöz çagajyklaryňyzyň geljegi hakynda pikir ediň we olara haýpyňyz gelsin! Sagboluň.

Soňy.

Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.7/5 (23 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(28)



 boss

Menem haladym yene taze hekayalara garashyan
09.06.19 10:13
 Gül

Menä haladym, ýene gyzykly esere garaşýan
08.06.19 22:41
 Gül

Menämin haladym, ýene gyzyaly esere garaşýan
08.06.19 22:32
 Anonimus

ojagynyza wepaly bolun
03.06.19 12:32
 mmm

Nurjemal beytmeli dal ekeni ogluny oylendirip gyzyny cykarybermeli adamlara akly goyalysan diyilyara yone, yone Satlygyn yalnysyny gormedinizmi hic biriniz onynky dogrumy yada dine Nurjemaly yepbekleyaniz
15.05.19 23:10
 mmm

Nurjemal gaty yalnys hereket goyberipdir durmusda yone satlygynam gatnasyany bar diyipdira hekayada belki satlyk wagtynda eye bolan daldir masgalasyna mahir soygi gorkezen daldir
14.05.19 07:39
 Masajyk

Adamyny soyyan bolsan . Bu hic wagt ikilik etman.Biram so zatlar nama gerek ozune gowni yetyana beyle is etmezmika diyyyan
13.05.19 13:08
 Anonimus

Masgara
06.05.19 10:23
 Nesibe

Sagaman okap gel Wepka......we hekayadaky Nurjemal we şoňa meňzeş bozuk aýallar gül ýaljak çagalaňyza guwanyp otyrmak barka nämä gerek süýji dil sowgat her utananogam ýoldaşyň näçe erbet adam bolsada biwepa bolmaly diýlen zat ýok soň çagaňdada ejesi şeýle eken diýen at galýa gaty erbet gaharym geldi suwagt Nurjemala dayzada diyesim gelenokda hakyky dal hekaya bolsada...
03.05.19 13:30
 WEPKA

Salamlar men Russiyada!
15.04.19 17:59
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 28-19

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak