TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 10


Bagtym hem ýyldyzym 10

Powest.

- Kakasynyň nirede işleýäninem bilenok-laý.
- Ýuwaş - diýip, Bibi mugallym klasy tertibe çagyrdy. Çagalar, men size ýap-ýaňyja düşündirdim-ä, biri-biriňiziň göwnüňize degmeli däl, siz indi biri-biriňizi dogan saýmaly diýip. Gohuňyz näme siziň?!.
Şeý diýip, Bibi mugallym ýene çagalaryň at-familiýalaryny okamagy dowam etdirdi.
Atdyr-familiýalary okap bolansoň, Bibi mugallym žurnaly ýapyp, çete süýşürdi.

Şu günden başlap siz okuwçylar bolduňyz - diýip, soňra ol ýene gepini dowam etdirdi. - Siz mekdepde okamagy, ýazmagy öwrenersiňiz. Okap-ýazyp bilýän kişiler sowatly kişiler bolýarlar. Sowatly kişileri bolsa hiç bir adam hiç wagt aldap bilmez. Bilimli adamlar iň bir bagtly adamlar bolýarlar. Şonuň üçin siz hem meniň-de, beýleki mugallymlaryň-da öwretjek her bir sapagyny üns bilen özleşdirmelisiňiz. Birinji klasda wagtyňyz siz her gün dört sagat okarsyňyz. Häzir jaň kakylar welin dynç almaga çykarsyňyz. Bu dynç wagtyna "arakesme" diýýärler.

Soň ýene klasa dolanmaly. Öýüňize gaýdybermäň, eşitdiňizmi çagalar?!
- Eşitdik - diýip çagalar ýene agzibir jogap berdiler.
- Onýança jaň sesi eşidildi. Çagalar gyk-da-bak bolşup, daşaryk eňdiler. Aýjemaljyk partasyndan-da turmady. Ol tegelejik gözlerini gapa dikip, kimdir birine garaşýardy. "Arakesmede men nirä çykyp durarkam? Ýazlyny nädip taparkam?" diýip, Emir içini gepletdi. Ejesiniň-de öýe gaýdanyny ýatlanda kalbyny gorky gaplady. Alada sebäpli aglaýjak-aglaýjak bolýardy. Ýöne ol gapdalynda oturan owadanja gyzdan utanyp, zordan özüne erk edýärdi.

Eger bu gyzjagaz ýanynda bolmadyk bolsa Emiriň "Ejeee!" diýip zörletjegi ikuçsyzdy.
Gyzjagazyň jinnek ýaly aladasynyň-da ýoklugyny bilýärdi. Ol birsyhly şadyýan ýylgyrýardy.
- Sen daşaryk gitjekgämi? - diýip, partadaşy ýylgyryp oturşyna, gözlerini elek-çelek edip, näderini bilmän duran Emire ýüzlendi.
Emir onuň özüne ýüzlendi:
- A sen?
- Men doganyma garaşýan - diýip, gyzjagaz jedir-jedir edip, Emire jogap berdi. - Ol maňa özi gelýänçä ýerimde oturmagy tabşyrdy. Dogany Ýazlynyň öz ýanyna geljek-gelmejegini bilmese-de, Emir hem gepine laýyk gyzjagaza jogap berdi:
- Menem doganyma garaşýan.

Aradan salym geçmän klasa on iki ýaşlar töweregindäki oglan girdi. Ol Emiriň gapdalynda oturan gyzjagaza şeýlebir meňzeşdi welin, gyzjagaz sesini çykarmasa-da, Emir ol oglanyň Aýjemalyň doganydygyny çenledi. Oglanyň-da hut Aýjemalyňky ýaly ullakan, tegelek gözleri bardy. Kirpikleri, gaşlary gürdi. Giň maňlaýy bardy. Hut gyzjagaz kimin gaşlaryny gerip ýylgyrýardy. Ol gapydan girenden, gözleýän kişisini tapmak üçin klasa nazar aýlady. Derrewem öň partada oturan jigsini görüp, onuň ýanyna ýöneldi. Iki dogan bagtyýarlyk bilen ýylgyrşyp, biri-birine bakdylar. Olaryň ýylgyryşlary darygyp duranlaryň-da göwrümini giňeltjekdi.

Biri-birine ýylgyrşyp seredişýän doganlara bakyp durşuna Emir hem aladalaryny unutdy. Ýylgyryşýan doganlara syn saldygysaýy Emir hem ýylgyrman durup bilmedi.
— Şu taýda oturýaňmy? — diýip, Aýjemalyň dogany jigsiniň ýanyna gelensoň sorady. — Öňdäki partada otursaň garagollug-a edip bilmersiň. Mugallymyň alkymy.
— Men garagolluk etmekçem däl - diýip, Aýjemal doganyna jogap gaýtardy.
Aýjemalyň dogany Emiriň ýüzüne seretdi:
— Partadaşyňmy?
— Hawa — diýdi-de, Aýjemal bir Emiriň bir doganynyň ýüzüne ýylgyryp bakdy.

Şol wagt ýerden çykan ýaly bolup, bularyň ýanyna Döwletmyrat geldi. Özem aldygyna burnuny çekýärdi. Käte hem burnuny eli bilen süpürip, ellerini soňra eşiginiň çem gelen ýerine çyrşap goýberýärdi.
— Şirmyrat, Şirmyrat — diýip ol Aýjemalyň doganynyň tirsegine kakdy:
— Seret, jigiň meniň bilen oturmady. Sen “ikiňiz bile oturyň” diýip tabşyrypdyň-a bize. Şirmyrat geplemänkä Döwletmyrada Aýjemalyň özi jogap berdi:
— Oturjakgä seň bilen, oturjakgä. Seniň sümügiň akýa. Bar ýok bol. Ýüregim bulanýa seni görsem.
— Bolýa-laý, sen başga biri bilen oturaýsana — diýip, Şirmyrat hem Döwletmyrady çete çekdi.

— Özi oturmasa men näme urup oturdaýynmy?!
Şirmyrat hem özüni goldamansoň, Döwletmyradyň gahary geldi. Ol bar kinesi üçin Emirden ar almak isledi.
— Hojajyk, Hojajyk! — diýip, Emiriň familiýasynyň ýarysyny alyp, oňa at dakdy.
Bökjekläp ellerini çomaltdy. Dodagyny çöwürdi. Hojajyk, Hojajyk! Kakasynyň nirede işleýäninem bilenog-ow. Samsyk-laý.
Emir ondan aryny almak isledi. Baryp döşünden itäge-de, ýere ýazmak isledi. Ýöne owadanja klasdaşy oňa şeýlebir mähirli ýylgyryp seredýärdi welin, ol ýylgyryş Emire öz arkasynda duran ullakan howandar bolup duýuldy.

Ol ýylgyryş Emiriň ýüregine aralaşjak bolýan gahar dumanyny misli gün şöhlesiniň gara bulutlary pytradyp göýberişi ýaly, kowup goýberýärdi.
— Şirmyrat, men şunuň bilen oturjak — diýip, Aýjemal Döwletmyradyň ýakymsyz hereketlerine üns bermän, doganyna Emiri görkezdi: — Bi oglan arassaja. Seret, munuň eşiklerem akja.
— Bolýa, oturyber — diýip, Şirmyrat jigsiniň göwnüni göterdi. — Men daşarda garaşjakdyryn. Ähli sapaklaryň gutaransoň ýanyma bararsyň.
Aýjemal doganyna baş atyp jogap berdi.

Şirmyrat gitmek üçin yzyna dolandy. Ýöräp barşyna-da, henizem bökjekläp, Emire pitjiň atýan Döwletmyradyň ýeňsesine oýun edip, ýuwaşja kakyp göýberdi:
— Goý-how bolgusyz hereketleriňi!
Şirmyrat Döwletmyrada şeý diýip, klasdan çykyp gitdi.
Şirmyradyň Döwletmyradyň ýeňsesine çalyp gitmesine Aýjemalyň göhi geldi. Ol ýene mähirli ýylgyryşy bilen Emire seretdi. Döwletmyradyň ýeňsesine kakylmasy Emiriň-de keýpini göterdi. Ol hem ýylgyryp, owadanja partadaşynyň ýüzüne seretdi.
— Indi arkaýyn oturyber. Gaýdyp bize hiç kim hiç zat diýmez — diýip, Aýjemal Emire gep goşdy.

Dowamy bar.

Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 4.8/5 (4 baha berildi berildi)


Okaldy: 124. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(4)



 Anonimus

Shu hekayañ yzyny goyayyndaaaaa hayysh her gun seredip goyyan😔
16.05.19 08:31
 Muhammetsapa

Gaty gyzykly hekaya eken sag bolun kop kop bize sunun yaly gyzykly hekayalary doyanynyz ucin 👍👍👍
28.04.19 21:42
 Jennet

Hekayan yzyny goyayynda garasyas
22.04.19 20:50
 Mahym

Hekaýañ dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan örän gyzykly
18.04.19 14:53

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak