TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 2


Bagtym hem ýyldyzym 2

Powest.
- Ol wagt Emir jan kiçijikdi. Oglumy taşlap gitmejek bolup, äkitmedim men seni mekdebe. Men oglumy gowy görýänä diýip, Ogulsadap Emiriñ ugruny ýekeläp ugrady. - Tur hany indi balam. Iýip-içip bolan bolsañ, eliñ ýagyny, şiresini ýuwup gel. Täzeje eşikleriñi geýibem, doganyñ yzyna düş. Kakañ birwagt işine gitdi. Men bolsam, sen gelýänçäñ gyzgynjak çörek bişirip goýaýyn.
Emir ýerindenem turmady. Şol bir diýenlerini gaýtalady:
- Men Aýna bilen gitjekgä. Hamyr etmelem däl ekeniñ.
- Irden salkynda çörek bişirip dynaýyn diýdim-de, ýuguraýdym-da hamyry. Tur, eliñ şiresini bir ýuwup gel ahyry. Emire şeý diýensoñ, Ogulsadap Aýna ýüzlendi. - "Çöregimizi bişirip ber" diýip sen Tawus goñşa diýäý.

Indi men muny äkitmesem bolmaz. Öz diýenine tutar bu. Sen bolsañ, gyzym, Tawus goñşa kömekleş. Çörekleri dürtüş, tamdyr odun getiriş.
- Bolýa - diýip Aýna ejesine söz berdi.
Soñ bolsa geýen täze eşiklerini çykaryp, öý eşiklerini geýmäge durdy. Eşiklerini çalşyrynansoñ, bir çetde uklap ýatan beýleki jigsini oýardy:
- Ýazly, okuwa gijä galýañ tur.
Ýazly ýeke sapar ady tutulandan oýanyp ýerinden turdy. El-ýüzüni ýuwmak üçin daşaryk ýöneldi. Gidip barşyna:
- Emiri men äkitmelimi? - diýip sorady.
- Emir señ bilen gidermi?! Aýna bilen gidenok - diýip, ejesi jogap berdi. Geplände jany ýanýany bildirýärdi - Meñ bilen gitjekmiş. Menem irden turup hamyr etdim. Çörek bişiräýjekdim. Hana, indi hamyrym-da galjak.
Ýazly daşaryk ýönelen ejesiniñ yzyna düşüp, elini ýuwmaga barýan Emiriñ ýüzüne ýylgyryp bakdy:

- Eý, ejemogly bolduñ-mow sen? Menem mekdebe Aýna bilen gidýädim.
Emir özünden uly oglan dogany Ýazla jogap bermän, çyrlap, ejesine gygyrdy:
- Eje! Sered-ow munyña! Meñ üstümden güljek bolýa!
Ogulsadap Ýazla azgyryldy:
- Tutma adyny şunuñ, tutma. Şonsuzam kejebäm darygyp dur şu wagt.
Ejesi üstüne gygyrsa-da, Ýazly ýene Emire gep goşdy:
- Gorkma sen jigim. Ýör men äkideýin. Mekdep gorkuly ýer däl-ä.
- Gitjekgä - diýip, Ýazla jogap berdi-de, Emir ýene elýuwaryñ ýanyna baryp, eliniñ şiresini, ýagyny ýuwdy.

Ogulsadap duran ýerinden goñşy öýüñ melleginde eli orakly duran gelne tarap gygyrdy: - Aýu, Tawus-a! Sen meniñ çöregimi bişirip bereweri! Bu kiçim şu gün okuwa başlaýa. Aýna bilen ugratjak bolýan welin, teý edenok. Özüm äktmesem boljak däl. Beýle boljagyny näbileýin men. Irden turup, hamyram ýuguraýdym-da.
- Arkaýyn gidiber, goñşy. Özüm bişirerin - diýip, goñşy gelin gygyrdy.
- Saña Aýna kömekleşer. Ot ýygmaly işleriñ bolsa-da, Aýna aýdaý - diýip, Ogulsadap sözüniñ üstüni ýetirdi.
- Maña kömek gerek däl-le. Sen arkaýyn gidiber. Çöregiñem özüm bişirerin, otumy-da özüm ýygaryn - diýip, Tawus Ogulsadaby arkaýyn etdi.

Ogulsadap Emiri geyindirmegi Aýna tabşyryp, özi hem üstüni täzeledi. Saçyny darap durman, diñe mañlaýyny daraklap, üstünden uly gyzyl gülli, ýüpek gyñajyny atyndy.
Aýna akja el ýaglyk alyp, Emiriñ elini, ýüzüni süpürdi. Soñra akja köýnegini, garaja jalbaryny geýdirdi. Darak alyp gysgajyk saçyny darady.
Boýy öz ýaşyndan birneme uzynyrak görünýän, süññi iri Emir täzeje eşiklerini geýen soñ, has-da gelşiklije, nurana göründi. Jigsiniñ saçlaryny darap durşuna, Aýna ony söýgüledi: - Jigim, jigim, jigirdek, ýaga bişen gowurdak.! Görüñ meñ jigimi, nähili owadan ýigit boldy! Muny görse-hä gyzlaryñ bary aşyk bolar!

Dowamy bar.

Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 5.0/5 (11 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(3)



 Ene...

Gaty gyzykly
10.06.19 15:25
 s

Gowy eline saglyk
27.02.19 21:05
 Maral

Tuveleme oglum yasyn uzak bolsun ! Isin sovly dogamyna garasyan!
23.02.19 09:37

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak