TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 3


Bagtym hem ýyldyzym 3

Powest.
Şeýdip, Aýna jigsiniñ ýañagyndan şapladyp ogşady.
- Ä-ä diýip, Emir läliklik bilen el-ýüz süpürilen ýaglygy alyp, ogşalan ýañagyny süpürdi. - Gyzlar diýme-how, gyzlar diýme!
Onuñ bolşuna Aýna bilen Ýazly hezil edip gülüşdi.
- Tutmañ şunuñ adyny - diýip,Ogulsadap çagalaryna gygyrdy. - Hany bol köwşüñi geý diýibem, Emiriñ elinden tutdy.
Emir elini ejesiniñ elinden çekip aldy:
- Elimden tutma. Özüm giderin.
- Baý, baý, görüñ indem ullakan ýigit bolan bolşuny. Hany ýañyja "Ejem bilen gitjek" diýip, aglap duran kimdi - diýip, Aýna ýene jigsine degdi. Täzeje köwüşlerini alyp, onuñ aýaklaryna sokdy. Köwüşleriniñ bagyny dañyp berdi.

Aglamok men, ýöne "Ejem bilen gitjek" diýdim - diýip, Emir özüni gorap gepledi.
- Papkagyñy eliñde göterjekmi ýa arkaña aljakmy? - diýip, Ogulsadap oglunyñ papkasyny alyp daşaryk ýöneldi.
- Papkany häzir sen göter. Maña agyr bolar ol. Mekdebiñ ýanyñda eliñden alaryn - diýip, Emir ejesine jogap berdi.
Onuñ sözüne ýene gülüşdiler.
- Baý munuñ janynyñ gadyryny bilşini - diýip, Aýna hem olar bilen tirkeşip, daşaryk çykdy. Papkañy bu gün ejeñe götertseñ, soñ kime götertjek?
- Soñ öwrenişerin - diýip , Emir çaga ýüregi bilen dogrusyny sözledi.
Emire Ýazly hem gep goşup galdy:

- Mugallymyñ adyñy "Emir" diýip tutmaz-ow Emir. "Hojamuhammedow Emirmuhammet" diýip okan halaty sen eliñi galdyrmalysyñ, eşidýäñmi? Şony ýadyñdan çykarma. Öz adyñy tanaman öwelip durma. "Mugallym Hojamuhammedow Emirmuhammet" diýende, sen "men" diýip gygyr-da, eliñi galdyr.
Emir Ýazlynyñ diýenlerini sadyklyk bilen diñledi.
- Bolýa - diýip, oña baş atyp jogap berdi.
- Ah, şo zatlary aýdyp durmak nämä gerek. Mugallym ahyr öwreder-le diýip, ejesi ara goşuldy.
-Aý onda-da, aýdyp goýsam gowy. Ady tutulanda öýündäki adyna garaşyp öwelip dursa näme.

Ol näme familiýasyny bilýändir öýüdýäñmi - diýip, Ýazly öz sözüni gögertdi. Soñam gülüp, özüniñ birinji klasa barşyny ýatlady. Men özüm şeýle boldum-ow, eje. "Mugallym Hojamuhammedow Ýazmuhammet" diýende öz adymdyram öýtmändirin. Kakama-da "Hoja, Hoja" diýip ýörensoñlar, maña-da "Hojaýew Ýazly" diýermikäler öýdüp, garaşyp oturypdyryn. Masgara boldum-ow şonda. Hemmeleriñ ady okalyp bolansoñ, "Meniñ adym çykma-da mugallym" diýip gygyrdym. Mugallym bolsa, ""Hojamuhammedow Ýazmuhammet" diýenimde hiç kim jogap bermedi, şu sensiñ" diýdi.

Menem: "Aý ýok, meniñ adym Ýazly, kakamyñ ady Hoja" diýdim. "Ol siziñ okanyñyz meniñ adym, familiýam däl" diýdim. Onsañ mugallym: " Türkmen öýde çaganyñ adyny gysgaldyp tutýar. Kakañ ady Hoja bolsa, seniñ adyñ Ýazly bolsa, ine, şu, Hojamuhammedow Ýazmuhammet sen bolmaly. Öýuñe bar da, ejeñ-kakañdan gowja sorap gör" diýdi.
Ogulsadap oglunyñ diýýän zatlaryna haýran galdy:
Öñ näme üçin aýtmadyñ bu zatlary?
- Aý sizem üstümden gülermikäñiz öýdüp, çekindim - diýip, Ýazly ýylgyrdy.
- Görsene - diýip, Ogulsadap özbaşyna hüñürdedi. - Çaga at-familiýa öwretmek kellämize-de gelmändir. Öwredäýmeli zat eken ol. Biz-ä özleri bilýändir öýdüp ýörüpdiris.

Ogulsadap Aýnadan hem 1-nji klasa baran halaty familiýasyny bilen-bilmänini soramak isledi. Ýöne Aýna eýýäm tamdyr üçin odun almaga ýönelip, özünden ep-esli ara açypdy.
Şeýle bolanson Ogulsadap uly ogly Ýazla-da basymrak deprenmegi tabşyryp, ýola çykdy. Ýene Emiriñ elinden tutmak isledi:
Eliñden tutmasam köpçülikde ýitersin sen, oglum - diýip, Ogulsadap gapdalyndan uly adamlar mysaly, epeý-epeý basyp, ädimläp gelýän körpesine ýüzlendi.
Emir ejesine:
- Ýitmen. Sen mydama maña seredip ýöre, menem mydama saña seredip ýörärin - diýip jogap berdi-de, ejesine ýene elinden tutdurmady.

Birinji sentýabr güni bolansoñ, uly ýol adam mähellesinden doludy. Uly-kiçi hemmäniñ ýüzi mekdebe tarapdy. Ejesidir kakasy bilen barýan çagalar-da kändi, doganlary bilen barýanlar-da. Kimler özünden uly doganlarynyñ, ejesidir kakasynyñ elinden tutup barýardy, kimler bolsa, Emir kimin, hiç kim bilen el tutuşman barýardy. Gaty kän çagalar matadadan tikilen sumkalydy. Sumkalarynyñ ýüpüni boýunlaryndan asypdylar. Oglanjyklar akja köýnek-de geýmändiler. Kesme-kesme çyzykly matadan tikilen köýnek geýenler-de kändi, ala-mula matadan geýenler-de. Gök köýnek geýenler-de bardy, goñur köýnek geýenler-de. Uly adamlar biri-birine: "Senem okuwa barýañmy?" diýşip, gülüşip, henek edip, degişýärdiler.
Dowamy bar.

Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 4.9/5 (7 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(1)



 Ene...

Gaty gyzykly
10.06.19 15:27

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak