TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 4


Bagtym hem ýyldyzym 4

Powest.

Ogulsadap Aýnadan hem 1-nji klasa baran halaty familiýasyny bilen-bilmänini soramak isledi. Ýöne Aýna eýýäm tamdyr üçin odun almaga ýönelip, özünden ep-esli ara açypdy. Şeýle bolanson Ogulsadap uly ogly Ýazla-da basymrak deprenmegi tabşyryp, ýola çykdy. Ýene Emiriñ elinden tutmak isledi:
Eliñden tutmasam köpçülikde ýitersin sen, oglum - diýip, Ogulsadap gapdalyndan uly adamlar mysaly, epeý-epeý basyp, ädimläp gelýän körpesine ýüzlendi.
Emir ejesine:
- Ýitmen. Sen mydama maña seredip ýöre, menem mydama saña seredip ýörärin - diýip jogap berdi-de, ejesine ýene elinden tutdurmady.

Birinji sentýabr güni bolansoñ, uly ýol adam mähellesinden doludy. Uly-kiçi hemmäniñ ýüzi mekdebe tarapdy. Ejesidir kakasy bilen barýan çagalar-da kändi, doganlary bilen barýanlar-da. Kimler özünden uly doganlarynyñ, ejesidir kakasynyñ elinden tutup barýardy, kimler bolsa, Emir kimin, hiç kim bilen el tutuşman barýardy. Gaty kän çagalar matadadan tikilen sumkalydy. Sumkalarynyñ ýüpüni boýunlaryndan asypdylar. Oglanjyklar akja köýnek-de geýmändiler. Kesme-kesme çyzykly matadan tikilen köýnek geýenler-de kändi, ala-mula matadan geýenler-de. Gök köýnek geýenler-de bardy, goñur köýnek geýenler-de. Uly adamlar biri-birine: "Senem okuwa barýañmy?" diýşip, gülüşip, henek edip, degişýärdiler.

- Baý-bow, bi oglan-a gyzlar alyp galaýmasa - diýşip, Emiriñ ejesi bilen salamlaşan aýallar Emire degdiler. Raýonyñ başlygynyñ ogly-da. Munuñ päpgesem iliñkiden üýtgeşik eken. Köýneginiñ akjadygyna dagy serediñ munuñ. Kakasy ogluny bezäbilipdir.
Emir öz deñ-duşlaryndan saýlanyp durdy. Boýy hem süññiiri syraty bilen ähli çagalardan tapawutlanýardy. Iki elini jübüsine sokan oguljygynyñ loñk-loñk edip, uly adamlar mysaly epeý-epeý basyp barşy oña öñküsindenem beter mähir berýärdi. Ogulsadap ogluna guwanyp, añyrsyna çykyp bilenokdy.
"Öýde ýene bir ak köýnegim bar" diýip, Emir aýallara beýleki köýnegi hakda-da aýtmak isledi. Ýöne hemmeleriñ özüne seredişýänini duýansoñ, utanyp geplemedi. Tä mekdebe barýança sesini çykarman gitdi.

Mekdep obadan gaty uzakda ýerleşýärdi. Onuñ töweregindäki meýdanlardan başly-barat oturan obalar göçürilip, täze posýolok döredilipdi. Indi mekdebiñ töweregini pagta meýdanlary tutýardy. Her obada täze mekdep gurmak karary bolmansoñ, töwerekdäki obalaryñ ählisinden bolan çagalar şu mekdebe gatnaýardylar.
Emir dagy baranda, ullakan mekdep meýdançasyndaky mähelle toý märekesini ýada salyp, çaýkanyp durdy.
Şeýle bir adam köpdi, Emir beýle köp märekäniñ üýşen ýerini heniz görmändi. Onuñ göwnüne bolmasa, toýlardaky mähelle-de bu ýerlerdäkiden az bolýan ýalydy. Mekdep radiosyndan göýberilýän aýdym sazyñ sesi töwerege ýaýraýardy.

Az salym durmankalar Ýazly hem ýetip geldi. Birden aýdym-sazyñ sesi ýatyrylyp, mikrofonda aýal maşgalanyñ gürleýän sesi eşdilip başlady:
- Hormatly okuwçylar! Ikinji, üçünji, dördünji, klasa degişlileriñiz öz klasyñyz bilen hatara düzüliñ! Eziz ene-atalar, doganlar, birinji klasa getirilen çagalary siz hem hatara duruzyñ! Her obanyñ çagalary aýratyn durmaly.
Märeke iki ýana çaýkanyp, tolkun atdy. Gyk-bak, iki ýana ýortmalar köpeldi. Öñ okanlar derrew öz klasdaşlary bilen hatara durdular. Birinji klasa barýanlary hem her oba aýratynlykda tertipläp, ene-atalar we çagalara ýoldaş bolup gelen uly doganlar çete çekildiler. Ogulsadap hem çetde durdy.

Dowamy bar.
Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 5.0/5 (6 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 Ene...

Gaty gyzykly
10.06.19 15:29
 Gülnar

ören gyzykly hekaýa,dowamyna garaşýas
23.04.19 19:19
 A

Bolumu gaty bahym gutarya.azajyk uzynrak yazayyn bolumlerini.
03.04.19 11:15
 Maral

onot ! dogamyna garasyas
04.03.19 04:56
 s

Gowy
27.02.19 21:10

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak