TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 5


Bagtym hem ýyldyzym 5

Powest.

Özi bilen hatara düzülen çagalaryñ arasynda duran bir gyzjagaz beýlekilerden öñ Emiriñ gözüne ildi. Ol gyzjagazyñ şeýle bir ullakan tes-tegelek gözleri bardy welin, Emir henize çenli beýle gözli çagany görmändi. Onuñ uzyn kirpiklerem şeýle bir gürdi, gyzjagaz özünden has uzakda duran-da bolsa, kirpikler Emire mese-mälim görünýärdi. Kirpikler her gezek gap-gara, uly gözleriñ üstüni örtende Emiriñ ýadyna dükanda gören gurjagy düşdi. Emir kakasy bilen papka almaga gidende öz boýy bilen deñ, ullakan gurjaklary görüpdi. Oglanjygyñ göwnüne bolmasa häzir şol gurjaklaryñ biri dükandan göni geläge-de, öz hatarlarynda duran ýalydy. Gür, gara gaşlar ullakan gözlere has-da gelşik berýärdi. Gyzjagazyñ eşikleri-de özge gyzlaryñkydan üýtgeşikdi. Owadan gök köýnegi hemmeleriñkiden saýlanyp durdy.

Köýneginiñ üstünden akja öñlük dakynypdy. Başynda gül tahýasy bardy. Kiçijikligine seretmezden, goşa örülen ýogyn saçlary biline düşüp durdy. Üstesine-de, gyzjagaz şeýle bir mähirlijedi, onuñ ýüzünden gözüñi aýrar ýaly däldi. Elinde bolsa güýz güllerinden boglan çemen bardy.
Emiri gyzjagazyñ ullakan, tegelek gözleri haýran galdyrdy. Emir asyl şol gyzjagaza seretmän bir salym hem durup bilenokdy. Ol diñe şol gyzjagaza seredýärdi. Şeýdip durşuna Emir çagalaryñ hatara duruzylan ýerine üsti gyzyl örtgüli stoluñ getirilenini, ol ýere ençeme mugallymmyñ gelip duranyny-da, mekdep direktorynyñ mikrofony eline alyp, gürläp başlanyny-da görmedi.

Ilki direktor gepledi. Soñra yzly-yzyna mugallymlar geplediler. Olaryñ hemmesi çagalary we ene-atalary täze okuw ýylynyñ başlanmagy bilen gutladylar.
Hemmeleriñ ýüzi gepleýän mugallymlara tarapdy. Diñe Emir sag egnine öwelip, hataryñ yzragynda duran owadan gözli, mähirlije gyzjagaza seredýärdi. Gyzjagaz bagtyýardy. Bu bolýan şatlykly waka sebäpli onuñ ýüreginiñ ganat bekläp, al-asmana telwas edýänini bilip bolýardy. Ol çemenini elinde saklap durşuna mugallymlardyr mekdep direktorynyñ aýdýan her bir gepini bagtyýar ýylgyryp diñleýärdi. Elinde çemen bolansoñ ol el çarpmalara goşulyp bilenokdy. Ýöne gapdalynda duran deñ-duşlarynyñ el çarpyşlaryna hezil edip, ýylgyryp seredýärdi.

Onuñ mähirden doly okara gözlerine töweregindäkilere üns sowanda-da, gepleýän mugallymlara tarap bakanda-da mähir üstüne mähir guýulýan ýalydy.
Gutlag dabarasy tamam boldy. Her obadan gelen çagalar toparynyñ ýanyna, bir mugallym geldi. Emir dagynyñ ýanyna-da saryýagyzdan etli-ganly, 30-35 ýaşlar töweregindäki aýal mugallym geldi-de, çagalara ýüzlendi:
- Çagalar! Maña Bibi mugallym diýýäler - diýip, ol özüni çagalara tanatdy. - Men sizi okatmaly mugallym. Häzir hemmämiz okamaly klasymyza gidýäris.

Hataryñyzy bozman, tertip bilenjik ýöräñ-de, meniñ yzyma düşüñ.
Ýöremek üçin çepe dönen pursatlary Emir öwelmekden aýñaldy. Ýöne şonda-da onuñ her daýym yza bakyp, owadan goçak gözlüje gyzjagaza seredesi gelip durdy. Şol pursat Emiriñ ejesi ýanyna gelip, oña papkasyny gowşurdy:
- Nirä öwelýäñ, oglum, gönüje ýöresene - diýip, oglunyñ ýaltyldysyny duýan Ogulsadap Emire sargyt etdi. - Agyr dälmi papkañ?
Emir eline papkasyny aldy. Ýöne ejesiniñ sowalyna jogap bermedi.
- Eje, eje, eli güllüje gyza seretsene. Onuñ gözleri gaty ullakan-laý - diýip, Emir pyşyrdy bilen ejesine özüni geñ galdyran gyzjagaz hakda habar berdi.

Dowamy bar.
Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 4.3/5 (8 baha berildi berildi)


Okaldy: 280. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(8)



 tahyr

Gowy
14.06.19 00:12
 Ene...

Gaty gyzykly
10.06.19 15:30
 gowy ýazylan

👍
28.05.19 15:31
 Ruslan

Govy yazylypdyr soz yok
20.05.19 18:24
 Gocmyrat

Gaty gyzykly eken
24.04.19 22:22
 okyjy

gaty gowy yazylan
24.04.19 15:20
 Gulshat

dowamyny nadip okamaly. Basga sahypa nadip geçmelika
04.04.19 11:38
 Maral

Gyzykly
06.03.19 18:32

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak