TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 6


Bagtym hem ýyldyzym 6

Powest.

- Edil gurjagyñky ýaly.
Ogulsadap oglunyñ gepine ýylgyrdy. Ýöne onuñ diýýän gyzjagazyny synlajak bolup, töwerege ýaltyldabam durmady. Sebäbi ol howlugýardy. Goñşusy bişirmegi söz berenem bolsa, yzynda goýup gaýdan hamyry alada goýýardy. Şeýle bolansoñ, ol hem töwerekdäkiler eşidäýmez ýaly, ogluna ýuwaş ses bilen jogap gaýtardy:
- Gyzlaryñ gözüne öwelip ýörme. Mugallymyñy diñle. Özüñem öýe gaýdanyñda Ýazly bilen baraý. Men indi gaýdybereýinmi? Hamyrymam goýup gaýtdym.

Owadan gözlüje gyzjagazy görmedik bolsa, Emir tä sapaklar gutarýança ejesini sypdyrmazdy. Çaýkanjyrap onuñ gitmesine razy bolmazdy. Bu wagt ol başga pikir ýöretdi. Ejesiniñ elinden aslyşyp ýörse, ol owadan gözlüje gyzjagaz näme diýer? "Ejem ogly" diýmezmi? Şu zatlary ýatlap, Emir ejesine rugsat berdi:
- Bolýa, Ýazly bilen baraýaryn. Sen gaýdaý.
Ogly şeý diýen soñ Ogulsadap yzyna dolandy. Emir dagy bolsa mugallymyñ uzyna düşüp, klasa girdiler.
Ýagty hem remont edilen, tämizlenen klaslar täzeje, üsti gara, başga ýerleri goýy gyzyl reñk bilen reñklenen partalar ilkinji sapar mekdebe baran çagalaryñ ünsüni çekýärdi.
Ýöne Emiriñ klas bilen-de işi ýokdy, parta bilen-de. Ol diñe şol gyzjagaza seredip oturşydy.
- Çagalar - diýip, hemmelerden soñ klasa giren Bibi mugallym çagalaryñ gowruny basmak üçin gygyryp gepledi. - Islän partañyza geçiñ-de, ornaşyñ. Ýöne bir oglan bir gyz bolup oturmaly. Mekdepde düzgün şeýle.
Emiri añk eden gyzjagazda-da Emiriñki ýaly papka bardy. Ejesi gürrüñleşen pursaty ol gyzjagaza papkany kimiñ berenini görmän galypdy. Indi gyzjagaz bir elinde güli, bir elinde bolsa papkany saklaýardy.

Iki elem zatly bolansoñ ýadadymy, nämemi, gyzjagaz klasa soñ girdi. Şeýle-de bolsa, çalt hereket edip, hemmelerden öñe geçdi-de, aýnalaryñ gapdalyndaky hataryñ birinji partasyna geçip oturdy. Emir hem özüni duýmazdan, baryp, gyzjagazyñ gapdalynda çökdi. Misli, kimdir biri onuñ boýnuna göze ilmeýän ýüpi dañyp, ony owadan gözlüje gyzjagazyñ ýanyna çekip barýan ýalydy.
Gyzjagaz papkasyny partanyñ gözüne salyp bukdy. Gülleri bolsa partanyñ ýokarsynda goýdy.

Soñ iki elini biri-biriniñ üstüne gowşuryp, tertiplije bolup oturdy. Emir hem gyzjagazdan görelde aldy. Papkasyny partanyñ gözüne salyp, tertiplije bolup oturdy. Şol pursat onuñ ýanyna agajetli, garaýagyz oglan gelip durdy. Gara ýanyk ýüzünde tegmil-tegmil bolup duran, agaran sudurlar onuñ uzakly gün kölege görmän, kañkap geçýäninden habar berýärdi. Oglanjyk aldygyna-da burnuny çekýärdi. Burnuny aram-aram ýeñine çalyp göýberýärdi.
- Tur-eý bu partadan - diýip, ol oglanjyk Emiriñ üstüne herreldi.

Dowamy bar.

Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 5.0/5 (7 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Ene...

Gaty gyzykly
10.06.19 15:46
 Айжемал

Наме учин ызын язанзок айдында билензокми мен билйан хайш язын
08.04.19 08:55
 Ayka

Örân gyzykly povest
28.03.19 07:24
 Айжемал

Курссешлер шуны долы окадым китабыны гоглдада бар гынанчлы гаты агламан окамак. мумкин дал .
15.03.19 13:18
 Rejepmammet

Hekaýany okap yzky bolumlerine garaşýas ýöne gynansakda wagtynda dowamy gelenok öñi ýadyñdan çykýar
14.03.19 15:44
 Maral

Hakykat dogamyna garasyas
06.03.19 18:09

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak