TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 7


Bagtym hem ýyldyzym 7

Powest.

Soñ iki elini biri-biriniñ üstüne gowşuryp, tertiplije bolup oturdy.
Emir hem gyzjagazdan görelde aldy. Papkasyny partanyñ gözüne salyp, tertiplije bolup oturdy. Şol pursat onuñ ýanyna agajetli, garaýagyz oglan gelip durdy. Gara ýanyk ýüzünde tegmil-tegmil bolup duran, agaran sudurlar onuñ uzakly gün kölege görmän, kañkap geçýäninden habar berýärdi. Oglanjyk aldygyna-da burnuny çekýärdi. Burnuny aram-aram ýeñine çalyp göýberýärdi.
- Tur-eý bu partadan - diýip, ol oglanjyk Emiriñ üstüne herreldi.

- Bu ýerde sen oturmaly däl, men oturmaly. Aýjemal biziñ goñşymyz. Onuñ ejesi-de, kakasy-da oña seretmegi maña tabşyrdy. Olar bize "Bileje oturyñ, bileje-de öýe geliñ, bileje-de oýnañ" diýdiler. Emire şeý diýensoñ, oglanjyk Emiriñ gapdalynda oturan gyzjagaza ýüzlendi. - Şeýle dälmi, Aýjemal, häli doganyñ Şirmyradam tabşyr-da, " Biri-birinizden aýrylmañ" diýip.
Emiri gaýgy basdy. Onuñ owadanja hem mähirlije, tämizje gyzjagazyñ gapdalyndan hiç turasy gelmedi. Klasyñ içindäki ähli gyzlara nazar aýlap çykdy.

"Olaryñ haýsy biriniñ ýanyna baryp bolar?" - diýip, içini gepletdi. Ýöne beýleki gyzjagazlaryñ hijisi Emiri özüne çekmedi. Birdenem Emiriñ kellesine "Näme üçin men saýlan partamy başga kişä bermeli?" diýen pikir geldi. Onýança-da, owadan gözlüje gyzjagazyñ özi garaýagyz oglana jogap berdi:
- Ejem-kakam näme diýende näme, oturjakgä seniñ bilen. Sen hapysa. Ýöne burnuñy çekip dursyñ. Burnuny çekýänleri men halamok.
Garaýagyz oglanjyk gyzjagazyñ üstüne herreldi:
- Häzir daşaryk çyksak, doganyñ Şirmyrada aýdaryn.
- Aýdyp geç - diýip, gyzjagaz oña ýene dogumly jogap berdi.

Gyzjagaza gepini diňledip bilmänsoň, garaýagyz oglanjyk Emiriň üstüne süründi: - Saňa diýilýär-ow, tur-eý şu ýerden.
- Turmaýa şol - diýip, Emiriň ýerine ýene gyzjagazyň özi jogap berdi. - Bar, ýok bol. Men kim bilen otursam-da, seniň bilen oturman. Gaýdyp öýe-de baraýmagyn.
Gyzjagazyň öz tarapyny tutmasy Emiri ekezlendirdi. Garaýagyz oglan bolsa gepi diňlenmese-de, kesirlik bilen öz diýenini gögertmek isläp, Emiriň elinden tutup, çekip ugrady:

- Tur diýilýä saňa!
Emir ondan elini çekip aldy. Soň bolsa oglanjygyň döşünden itip göýwerdi. Şol wagt bularyň dawasy mugallymyň gözüne ildi.
- Nämä uruşýaňyz?! Ýaňy okuwa gelen çagalaram bir urşarmy? - diýip, Bibi mugallym Emir dagyň ýanyna geldi.
Emir oňa nädip gep düşündirjegini bilmän, ýaýdandy. Onýança gyzjagaz jedirdäp, mugallyma meseläni çöp döwen ýaly edip berdi:
- Daýza, ol oglan mydama sümügini çekip ýör. Beýle oglan bilen oturjakgä men. Men sümügini çekýän oglanlary halamok. Ol bolsa meniň bilen oturjak bolýa.

Garaýagyz oglan hem özüni aklamak üçin gygyryp gep tekrarlady:
- Daýza, daýza, bu gyz biziň goňşymyz. Onuň ejesi-de, kakasy-da, muňa göz-gulak bolmagy maňa tabşyrdy. Hana, daşarda dogany Şirmyrat dur, ynanmasaňyz şondan sorap göräýiň. Meň ejem dagam, bu gyzyň ejesem bize "Bileje oturyň, bileje oýnaň, bileje-de öýe gaýdyň" diýdiler.
Bibi mugallym dawalaşýan çagalaryň hemmesini ýeke-ýekeden sypap çykdy. Olaryň gepine ýylgyrdy. Dawa edýän garaýagyz oglanjygyň eginlerinden tutup, ony yzda, eýelenmän galan partalaryň birinde ýeke özi oturan gyzjagazyň ýanyna eltip oturtdy.

Dowamy bar.

Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 5.0/5 (1 baha berildi)


Okaldy: 45. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak