TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 8


Bagtym hem ýyldyzym 8

Powest.

- Ine, sen şujagaz ýerde oturaý. Goňşyňa bolsa, bile oturmanam kömek edip bolar. Öýüňize gideňizde bileje gidiň. Öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetireniňizde biri-biriňize kömekleşiň. Okuwa gaýdanyňyzda bileje gaýdyň. Klasda bolsa kim haýsy partada otursa-da, siziň ähliňiz bir ýerde, bir jaýyň içinde. Siziň baryňyz bir öýüň, bir maşgalaň çagalary ýaly. Ähliňiz mundan beýläk biri-biriňizi dogan saýmaly siz. Indi siz klasdaşlar bolduňyz. Klasdaşlar bolsa hiç wagt biri-birleri bilen sögüşmeli däl, uruşmaly däl. Biri-biriňize diňe kömek etmeli.

Hut doganlar ýaly, kyn günüňizde biri-biriňize hemaýat etmeli, şat günüňizde bileje şatlanmaly, eşitdiňizmi çagalar?
- Eşitdik - diýip, çagalar Bibi mugallyma jogap berdiler.
Bibi mugallym klasyň içinde aýlanyp ýörşüne, her bir çaganyň ýanyna baryp, hersiniň başyny sypap, nesihatlaryny öwran-öwran nygtady. Iň soňunda Emir dagynyň ýanyna gelip, badyny saklady:
- Çagalar, bu iki klasdaşyňyz şu gün hemmelerden üýtgeşik bolup gelipdir. Serediň bulara. Bularyň biri akja öňlüklije. Biri akja köýneklije. Misli, akja kepderiler ýaly.

Goý, bular bile oturmak isleýän bolsalar, bile otursynlar. Göwünlerine degmäň. Asla hiç biriňiz biri-biriňiziň göwnüňize degmäň.
Mugallymyň özüniň-de syny oturan gyzjagazy bilen oturmagyny makullamagy Emiri begendirdi. Ol içinden: "Eger mugallym bu ýerden meni tuzuryp, meniň ýerimde-de dawa salýan oglany oturdaýsa men näderdim?" diýip, gaýgy edip otyrdy. Emir gyzjagaz bilen oturmaly bolanyna begenip, ýyrş-ýyrş etdi. Gyzjagaza seretdi. Gyzjagaz hem ýylgyrýardy.

Emir onuň ýylgyrmasyna-da özi bilen oturmaga mugallymyň rugsat bermegi sebäplidir diýip düşündi.
Gyzjagaz partasynyň üstünde goýan gül çemeni ellerine alyp, Bibi mugallymyň ýanyna bardy:
- Bu size, daýza!
Bibi mugallym ondan çemeni aldy.
- Köp sagbol - diýip, gyzjagaza minnetdarlyk bildirdi. Soňra klasa ýüzlenip, ýene gyzjagazyň tarypyny ýetirdi. - Görüň, çagalar, nähili akyllyja gyz. Mugallymyna gülden çemen baglap gelipdir.

Bibi mugallym çemeni lezzet bilen ysgady-da, stoluň üstündäki aýna gaba salyp goýdy. Mugallymyň stolunyň üstünde gülüň goýulmagy, klasyň owadanlygyna ýene owadanlyk goşdy. - Çagalar! - diýip, Bibi mugallym stoluna ellerini diräp duran ýerinden ýene hemmelere bile ýüzlenip gepledi - häli birnäçe çagalar bilen gepleşenimizde, olar maňa "daýza" diýip ýüzlendiler. Mugallymlaryň hiç birine "daýy, daýza, gelneje, ene" diýip, ýüzlenmek bolmaýar. Siz şuny berk belläň. Mugallymlara mydama "mugallym" diýip ýüzlenmeli. Mugallymlar size ikinji ene-ataňyz kimin hossar bolarlar.

Dowamy bar.
Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi berildi)


Okaldy: 43. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak