TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 9


Bagtym hem ýyldyzym 9

Powest.

Olar size bilim bererler. Sizi sylarlar. Siz bolsaňyz mugallymlary sylamalysyňyz. Olary siz hut ikinji ene-atalaryňyz ýaly görmelisiňiz. Düşündiňizmi?
- Düşündik! - diýip, çagalar gygyryşdylar.
- Indi bolsa biri-birimiziň atlarymyzdyr-familiýalarymyz bilen tanyşalyň. Ady familiýasy tutulan çaga elini galdyryp "Men" diýip jogap bermeli ýa-da ýerinden turmaly - diýip, Bibi mugallym stoluň başynda geçip oturdy hem-de stoluň üstünde ýatan klas žurnalyny barlamaga durdy.

-Kimiň ady familiýasy çykmasa hökmam aýtmaly.
"Hojamuhammedow Emirmuhammet bolanda meniň adym bolýa" - diýip, Emir içinden gaýtalap, öýde Ýazlynyň tabşyranlaryny ýatlady. Elini galdyrmaga taýýar bolup oturdy. Bibi mugallym žurnala seredip:
-Allamyradow Aýjemal diýdi-de, adyny tutan okuwçysynyň kimdigini, ýüzüni görmek üçin klasa göz aýlady.
-Men - diýip, Emiriň gapdalynda oturan gyzjagaz ýerinden turup, mugallyma jogap berdi.
-Otur - diýip, Bibi mugallym gyzjagaza rugsat berensoň, ýene çagalaryň atlaryny okamagy dowam etdi. -Annageldiýew Döwletmyrat!
Bu sapar "Men" diýip, Emir bilen sögüşmek islän oglanjyk gygyrdy.
Şeýdip Bibi mugallym ýeke-ýekeden çagalaryň adydyr-familiýalaryny okady. Çagalar bolsa biri-biriniň yzyndan ýerinden turup, özleriniň barlygyny aýan etdiler. On-on bäş okuwçynyň ady okalansoň, Emire tanyş at-familiýa klasy ýaňlandyrdy:

-Hojamuhammedow Emirmuhammet!
- Men! - diýip, Emir hem beýleki çagalar ýaly, ýerinden turdy, mugallyma özüni görkezdi. Ýerinde oturansoň bolsaderrew owadanja partadaşyna seretdi. Partadaşy oňa şol bir şadyýan ýylgyrşy bilen bakyp otyrdy. Gyzjagazyň ýylgyrşyny görende Emiriň kalby joşup heýjana gelýärdi. Partadaşyna seredip aňk bolýan Emiriň ünsüni Bibi mugallym özüne sowdy. Ol Emirden:
-Hojamuhammedow! Sen şu raýonyň başlygy Hojamuhammet Altyýewoçiň oglumy? - diýip sorady.

Emir kakasynyň şähere işe gidýänini bilýärdi. Ýöne heniz kiçijek bolansoň, onuň haýsy edarada, nähili işde işleýänine düşünenokdy. Şonuň üçinem ol mugallyma:
- Bilemok - diýip, jogap berdi.
Köp çagalar Emiriň jogabyna gülüşdiler.
- Wä-leý, samsyk-laý - diýip, Döwletmyrat diýip ady tutulan, garaýagyz oglanjyk sesini gataldyp, Emiriň üstünden has beter güldi.

Dowamy bar.

Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 5.0/5 (1 baha berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak