TM HYZMAT BILMELI
Bagtym hem ýyldyzym 1


Bagtym hem ýyldyzym 1

Powest.
Birinji bolum.
Emirjik bu gune juda sabyrsyz garashdy. Eyyam ol 3 ay bari tazeje hem durli suratlyja kitaplary satyn aldyryp, tertiplije yygnap goyupdy. Depderdir-galam, ruchkadyr-papka, garaz, mekdebe gitmek uchin gerek bolan okuw esbaplarynyn ahlisini ejesidir-kakasy Emire satyn alyp beripdi.

Akja koynek, garaja jalbar hem alyp beripdiler. Ozem birinem dal, chalshyryp geyer yaly ikisini alyp beripdiler. Olar biri-birinden owadandylar. Dan atdygy Emir ol owadan eshiklerini geyip, mekdebe gitmelidi. Emir kitapdyr depderlerini irgozinden papkasyna salyp tayyarlap goydy. Okuwyn ilkinji guni omrun yatdan chykmajak pursady bolmalydy. Ol Emir uchin nahili bashlanarka? Emir pikir-aladalar bilen ta dana chenli kirpigini-kirpigine gatyp bilman yatdy. Dandanlar uklap galdy.
Irden ony ejesi Ogulsadap oyardy:

- Emir jan, tur, oglum. Bu gun sen mekdebe gitmeli ahyry
"Mekdep" sozi gulaga ilenden, Emir chalt garysyna galdy. Hasanaklap yorgandan chykdy.
Sentyabryn saheri chigrek duyulyardy. Sowujak howa Emirin endamyny jumshuldetdi. - Elyuwara yyljajyk suw guyandyryn, oglum - diyip, ejesi Ogulsadap onun yzyndan gygyrdy.
Emir yuwunyp-ardynyp gelyancha ejesi onun uchin chay demledi. Chayy gulluje kasa guyup, ichine sheker atdy. Bir dowum chorege mesge chaldy.

Bir chetde Emirin gechen yyl dordunji klasy tamamlan gyz dogany Ayna sachyny darap, ozune timar beryardi. Ayna bu yyl bashinji synpa barmalydy. Bashinji klasdan yokary klaslar oylan okamalydy. Aynanyn timarlanyp durmasyndan Emir onun ozuni mekdebe alyp gitmekchi bolyandygyny andy.
Ayna bilen gitse bir zady kem bolayjak yalydy. Belki, ol Emiri gowy partada oturtmaz. Belki, utanyp, mugalluma dushundirmeli gepi aydyp bilman gaydar. Belki-de, yene-de namedir bir ters zatlaryn bolmagy mumkindi. Shonun uchin Emir mekdebe Ayna bilen gitmek islemedi.
- Men Ayna bilen gitjek-dalow, eje! Ozun akit - diyip, ol cheynap oturan choregini yuwdyp-yuwutman, ynnyldady.
Wiy, buy-a onaraydy - diyip, ejesi Ogulsadap aljyranlyga dushdi. - Men hamyr yugrup goyupdyma, oglum. Kim bilen gidende name. Ayna 4 yyl bari okap yor shol yerde. Mekdebe beled-a ol. Seni mekdebe men eltip gelyancham hamyrym chiship, turshap, kersenden chykyp gider.

- Hä-ä hä-ä, gitjekgä Aýna bilen - diýip, Emir siltenjiredi.
Aýna-da jedirdäp Emiriñ üstüne gygyrdy:
- Hemmelerem dogany äkidýär ejem ogly! Utanjakgämi ejeñi yzyña tirkäp ýörmäge. Iller Ýazly ýaly dogany bilenem gidýä.
Emir öz diýenini tutdy:
- Onda kakam äkitsin!
Aýna hezil edip güldi:
- Bu masgara serediñ. Utanman mekdebe kakasy bilen gitjekmiş. Hemmeler üstüñden gülerler, utançsyz! Menä birinji klasa gidemde hiç kimem äkitmändi, hä eje?! Goňşularyñ gyzlary bilen gidipdip.
Şeý diýip, Aýna ejesine seretdi.

Dowamy bar.

Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa
Ýazga geçiren: Gurbanmyradow Ahmet


Powesta baha ber:

Reýting: 4.6/5 (10 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(13)



 Ahmedik

Şu eseriň kitaby gerek adamlar +993 62976856; +993 62976826 belgi bilen imo arkaly habarlaşyň! Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet.
06.07.19 02:51
 Myhman

Salam hemma, şu eserin 2 tomuny nirden tapyp skaçat edip bolar. Link ugradayyn
26.06.19 20:13
 Ene...

Gaty gyzykly
10.06.19 15:23
 Maşa

Hakyt ozumin jigimi mekdebe alyp gidisim yaly bolupdyr😄😄
29.05.19 11:37
 Gozel

Salam. Eser oran gyzykly eken. Hayys edyan yzyny hem goyayyn.
04.05.19 08:05
 Melek

Kitabyň 2 bölümini nireden alyp bolar?Kömek edäýiň.
29.04.19 19:30
 Janana

Ahlinize salan eser gyzykly eken
29.03.19 18:13
 Gurban

Gyzykly eken
22.02.19 18:46
 Maral

Salam, Ogulsenem Tannyyewanyn eserinin dowamyna garasyas, yzyny goyayyn...
22.02.19 04:14
 Ahmedik

V7 privet hanymlar we jenaplar! Nesip edenden şu sahypamyzy diñe Ogulsenem Taññyýewanyñ gyzykly eserlei bilen doldurarys. Ýöne entek biraz wagt gerek. Teswirleriñiz üçin hem köp minnetdar, sagboluñ!
20.02.19 08:12
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 13-4

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak