TM HYZMAT BILMELI
Bu-da geçer


Bu-da geçer

Hekaýat. Bir gün bir patyşa wezir-wekillerini daşyna jemläp, olara bitmesi kyn ýumuş buýrupdyr: — Meniň gamly günüm gussamy egser ýaly, şat günümde-de gaýgy-endişäni ýada salar ýaly bir zat tapyň! — diýipdir.
Hiç kim patyşanyň göwnüne ýaraýjak zady tapyp bilmändir. Ahyry şanyň sypaýylarynyň biri uzak oýlanmalardan soň hökümdara bir ýüzügi eltip beripdir.
— Eý patyşahy älem! Şu ýüzügi dakynyň we gamly günde-de, şatlykly günde-de oňa bir gezek seretseňiz bolany. Gaýgyly wagtyňyz şatlandyrar, şatlykly wagtyňyz bolsa az-kem gama batarsyňyz — diýipdir.

Patyşa seredip görse, ýüzügiň gaşynda «BU-DA GEÇER!!!» diýen ýazgy bar eken. Ol sypaýy adam ýurduň patyşasyna ýüzügi bermesine berdi welin, onuň näme netije çykarjagyndan diýseň gorkdy. Sebäbi ol patyşady, ýekeje aýdan sözi üçin zyndana taşlanmagy hem mümkin, kellesinden dynmagam. Hökümdar sypaýynyň bu ýüzügi üçin hoşallyk bildiripdir we oňa ummasyz köp baýlyk beripdir, serpaý ýapypdyr.
Biziň barmagymyzda olar ýaly ýazgyly ýüzük ýok. Ýöne gamly günümiz „Bu-da geçer” diýip, özümizi köşeşdirýäs. Bu iki söz başymyza düşen kynçylyga döz gelmäge bize tekge berýär.

Bu iki söz geljege umytly bakmaga sebäp bolýar. Ejizlemezlik üçin adam bu iki sözi oýlap tapypdyr.
Ýöne bu iki söz bize diňe kyn günümizde däl-de, eýsem, işlerimiziň şowuna bolan günlerinde-de, bagtymyzyň daş ýaran pursatlarynda-da artykmaçlyk etmejek eken. Çünki her bir zadyň başlangyjynyň bolşy ýaly, onuň ahyry hem bolýar. Şeýle ýagdaýlarda umytdan düşmezlik we şükranalyk üçin bu iki sözüň jadysyny sözüň doly manysynda duýup bilmegimiz diňe biziň peýdamyza boljak eken.

Redaktordan: Hormatly okyjylarymyz! Eziz ildeşler! Biz bilmeli.tmhyzmat.com bölümimizde halkymyz üçin çeper eserleri, rowaýatlary, powestleri, hekaýalary, durmuşy wakalary, täsinlikleri, durmuşy goşgulary, täsin makalalary, we şm. maglumatlary işläp taýýarlaýarys. Bizden daşlaşmaň, tmhyzmat.com hemişe siz bilen! Biziň taýýarlaýan eserlerimizi halkymyzyň söýüp okamagy bizi diýseň begendirýär we işlemäge höwes döredýär. Başarsaňyz biziň salgymyzy öz dostlaryňyza salgy beriň! Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet. Üns berip okanyňyz üçin size köp minnetdar, hoş sagboluň!

Çeşme: www.ertir.com
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (10 baha berildi berildi)


Okaldy: 373. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(13)



 Serwi

Gyzyklyja hekaya.Sizden yene seyle hekayalara garasyas
15.05.19 22:01
 Muhammed Aysoltan

Menem durmusum gecer onda satlykly gunleme yakynlasyan sagbolun hekayanyza meni satlandyrdynyz
14.05.19 15:17
 durdyhan obadan

Hormatly redaktor ýazýan gyzykly eserleriniz üçin sag bolun indiki ýazjak rowaýatlaryňyza nuh pygamberiň ýylan bilen bagly rowaýatyny hem goşaýynda şol rowaýatda ýylan çakmazlygy üçin okalýan bir doga bardy şol dogany okan adamy ýylan çakmaýar diýýar bu doga gaty kop adamy goramaga komek eder sizden haýyşt edýas.
12.05.19 09:16
 Ayka

Hekaya gyzykly 👍👍👍👍👍
24.04.19 12:10
 B.O.

Govy hekaya eken
22.04.19 18:05
 Maýa

Gaty gyzykly eken 👍👍👍👍👍👍
22.04.19 05:48
 §atlyk

Gaty gowy yatdan cykmajak waka
20.04.19 22:28
 Sheyda

👏g👏y👏z👏y👏k👏l👏y🤗🤗🤗
20.04.19 19:55
 Bahargül

Diýseñ oýlandyrýan hem-de nesihatly hekaýa köp sag boluñ
20.04.19 18:09
 Azat

Gowy yazylypdyr berekella dost . Yene seyle hekayatlara garasyarys...
20.04.19 07:14
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 13-4

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak