TM HYZMAT BILMELI
Bu-da geçer


Bu-da geçer

Hekaýat. Bir gün bir patyşa wezir-wekillerini daşyna jemläp, olara bitmesi kyn ýumuş buýrupdyr: — Meniň gamly günüm gussamy egser ýaly, şat günümde-de gaýgy-endişäni ýada salar ýaly bir zat tapyň! — diýipdir.
Hiç kim patyşanyň göwnüne ýaraýjak zady tapyp bilmändir. Ahyry şanyň sypaýylarynyň biri uzak oýlanmalardan soň hökümdara bir ýüzügi eltip beripdir.
— Eý patyşahy älem! Şu ýüzügi dakynyň we gamly günde-de, şatlykly günde-de oňa bir gezek seretseňiz bolany. Gaýgyly wagtyňyz şatlandyrar, şatlykly wagtyňyz bolsa az-kem gama batarsyňyz — diýipdir.

Patyşa seredip görse, ýüzügiň gaşynda «BU-DA GEÇER!!!» diýen ýazgy bar eken. Ol sypaýy adam ýurduň patyşasyna ýüzügi bermesine berdi welin, onuň näme netije çykarjagyndan diýseň gorkdy. Sebäbi ol patyşady, ýekeje aýdan sözi üçin zyndana taşlanmagy hem mümkin, kellesinden dynmagam. Hökümdar sypaýynyň bu ýüzügi üçin hoşallyk bildiripdir we oňa ummasyz köp baýlyk beripdir, serpaý ýapypdyr.
Biziň barmagymyzda olar ýaly ýazgyly ýüzük ýok. Ýöne gamly günümiz „Bu-da geçer” diýip, özümizi köşeşdirýäs. Bu iki söz başymyza düşen kynçylyga döz gelmäge bize tekge berýär.

Bu iki söz geljege umytly bakmaga sebäp bolýar. Ejizlemezlik üçin adam bu iki sözi oýlap tapypdyr.
Ýöne bu iki söz bize diňe kyn günümizde däl-de, eýsem, işlerimiziň şowuna bolan günlerinde-de, bagtymyzyň daş ýaran pursatlarynda-da artykmaçlyk etmejek eken. Çünki her bir zadyň başlangyjynyň bolşy ýaly, onuň ahyry hem bolýar. Şeýle ýagdaýlarda umytdan düşmezlik we şükranalyk üçin bu iki sözüň jadysyny sözüň doly manysynda duýup bilmegimiz diňe biziň peýdamyza boljak eken.

Redaktordan: Hormatly okyjylarymyz! Eziz ildeşler! Biz bilmeli.tmhyzmat.com bölümimizde halkymyz üçin çeper eserleri, rowaýatlary, powestleri, hekaýalary, durmuşy wakalary, täsinlikleri, durmuşy goşgulary, täsin makalalary, we şm. maglumatlary işläp taýýarlaýarys. Bizden daşlaşmaň, tmhyzmat.com hemişe siz bilen! Biziň taýýarlaýan eserlerimizi halkymyzyň söýüp okamagy bizi diýseň begendirýär we işlemäge höwes döredýär. Başarsaňyz biziň salgymyzy öz dostlaryňyza salgy beriň! Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet. Üns berip okanyňyz üçin size köp minnetdar, hoş sagboluň!

Çeşme: www.ertir.com
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.6/5 (16 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(19)



 jem_l

dogry adamzat hemişe oz ozune gowunlik beryar.. adamy umyt yasadyar hemişe yagsy dılegde bolun.. we şeyle gyzykly hakayalary koprak.yazyn bizem her bolümini uly gyzyklanma bn okayarys we okarssmile smile
19.04.19 20:18
 Maral

Tuveleme
19.04.19 16:34
 KZ

Dogry aydyanyz, gyzykly eken, taryhdan alynan zatlaary gowy goryan) sagbolun redaktor
19.04.19 16:05
ilkinji teswirleri görkez  <<öňündäki sahypa 

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak