TM HYZMAT BILMELI
Demir ussa we şeýtan


Demir ussa we şeýtan

Şam (Damaskyň gadymy ady) şäherinde bir demirçi ussa bar eken. Ol sebäp bolsa-bolmasa, şeýtana söger eken. Şeýtanlar mundan ýokuş görüpdirler, olar öz aralarynda dil düwşüp, demirçi ussa duzak gurapdyrlar.
Şeýtanlaryň biri gojanyň sypatyna girip, onuň ýanyna barypdyr hem-de özi bilen bir ýaş ýigidi, öz ogluny hem getiripdir. Ol ussa ýigrimi sany gyzyl teňne berip:
—Oňa öz hünäriňi öwret — diýipdir. Ussa muňa begenipdir, ony ussahanasynda alyp galypdyr we oňa gowy tälim bermäge söz beripdir. Aradan iki aý geçensoň, şeýtan ýene gojanyň sypatyna girip, demirçi ussanyn ýanyna gidipdir. Oňa ýigrimi sany gyzyl tenňe beripdir-de:
—Men indi garrap, halys çagşadym, mejalym gutardy. Ine, saňa muzd. Şuny al-da, meni eredip, täzeden otuz ýaşly adam edip ýasap ber — diýipdir.
Demirçi ussa sögünçli söz bilen şeýtanyň adyny tutdy. Soňra:
—Eýsem, şonuň ýaly işi adam ogly başaryp bilermi? — diýip sorapdyr.
Şonda onuň şägirdi dillenipdir:
—Puly al! Men galaýy eredýäniň ogly. Şonuň üçin ony nädip eretmelidigini men bilýärin. Şeýtan—ähli şeýtan işleriniň ussady. Olar gojanyň el-aýagyny towlaşdyryp daňýarlar. Körüge kömür guýup ýel berýärler. Goja güýjünde baryny edip, gygyryp başlapdyr: —Oý, ah, wah, ýanýan-eý, ýakmaň meni beýle!
Ýöne olar körüge ýel bermegi has-da güýçlendiripdirler. Heý, şeýtany otda ýakyp bolarmy? Aradan ýene birnäçe wagt geçensoň, otdan otuz ýaşlaryndaky bir adam çykypdyr. Muňa hemmeler geň galypdyrlar.
Şondan soň:
—Bu demirçi ussa şeýle işine ökde welin, iki ýüz ýaşly gojany ýigrimi ýaşly ýaş ýigide öwrüp bilýar — diýip myş-myş ýaýrapdyr. Bu habary Şamyň kazysy hem eşidipdir, ol gaty garran adam eken. Ol ussa iki ýüz tylla teňňe getirip beripdir-de:
—Meni-de eredip, täzeden ýasa! Ussa boýun alypdyr, çünki ol, hakykatdanam, şeýle hili işleri-de
başarýandyryn öýdüpdir. Gojany üç epläp daňypdyrlar-da, oda dykypdyrlar we körüge ýel berip başlapdyrlar. Közden galan küli agtaryp görenlerinde, hiç zat tapmandyrlar: kazy görgüli küle öwrülipdir. Bu etmişi üçin demirçi ussany tutpdyrlar-da, eden günäsini boýnuna goýup, dardan asypdyrlar. Ine, şeýdip, şeýtanlar ondan mekirlik bilen ar alypdyrlar.


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (11 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(7)



 Miss Moon

Good or bad. I think it's good.
18.05.19 17:43
 ..

Hakyky şeytan bilen hic oyun etmeli dal. Gyzykly hekaya
17.05.19 07:27
 Kakageldi

Govy mysal şeytaniň hilesi kan
09.05.19 14:05
 Crazy

Gaty gyzykly ähli dostlaryma salam
26.04.19 13:55
 Dina

😔😔😥
23.04.19 21:01
 jem_l

smilesadsmile
23.04.19 11:16
 Ahmedik

Dogry aýdýaňyz. Şeýtan bilen oýun etmeli däl. Gowy eser👍
23.04.19 02:58

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak