TM HYZMAT BILMELI
"Ene dünýäň ýaraşygy" oýlanma


"Ene dünýäň ýaraşygy" oýlanma

ENE - Seni ýagty jahana indirip bu owadan dünýä getiren ynsan,iñ mähriban adamdyr.Bu ajaýyp dünýäniñ gowylyklarny saña nagyşeden bir melekdir.Gije-gündiz seniñ bagtly bolmagyñy Alladan dilän ejeñ mährinden, didaryndan zyýada zat ýokdur. Yssy gujagynda meýmiräp ýaý- nap,mähri siñen ojagynda hiç bir zadyñ pikirini etmän gamyny iý-män ýaşan günleriñ iñ eziz iñ süýji günleriñ bolsa gerek.
Ilkinji gezek eline alyp seniñ possujak bägüliñ ysy gelip duran näzijek ýañagyña ýüzüni goýup şeýle bir süýjilik bilen bagryna basan enäniñ gursagyna inýän mähir-muhabbet, tükeniksiz derýany göz öñüne getirýär.Sen enäniñ ýüregine täsin bir gudurat bilen inýän gyzgynlyk mähir söýgi bilen ulalansyñ.Enäniñ ýüregindäki şol mähir seniñ kalbyñy çoýup on iki süññüñe ýaýrandyr.
Sen şol yssylygy,mähremligi ýüregine siñdirip kemala gelensiñ.
Ejeñ seniñ üçin dünýäde iñ owadan iñ mähriban zenandyr.
Onuñ saña mähribanlyk bilen bakýan gözleriniñ suraty seniñ gozlerinde,ýüregiñde ömürlik çekilendir.Sen ol mähriban keşbi ol diýdeleri nirede bolsañam unudyp bilmersiñ.Seniñ keşbiñi, oturyp-turşuñy hereketlerini ejeñe meñzedenlerinde bolsa, öz ýanyñdan monça bolup begenersiniz."Ejeme meñzäp bilsem armanym näne "diyip oña bolan söýgüñi,guwanjyñy bildirersiñ.Bu dünýäde ejeli hem kakaly ýaşamagyñ nähili bagtlydygyny,mertebedigine sen ýaşajyk çaga wagtyñ doly düşünmese ñem ol bagtyñ hiç bir zat bilen deñäp bolmajakdygyna aýlar-günler geçdigiçe göz ýetirersiñ.Eje bilen dünýäniñ şeýle owadandygyny tebigata görk berip duran hiç mahal sowulmajak,könelmejek,yitmejek,reñkleriñ sazlasygyny görersiñ,ýaşaýşyñ elýetmez süýjülügini duýarsyñ.Kakañ bilen arkalydygyñy illi-günli,dostly-ýarly deñli-derejelidigiñi bilersiñ.Çünki ejeli,kakaly dünýäniñ mährinden gözelliginden süýjülüginden hiç ganyp bolmaz.

Awtor: Gurbansähet Aşyrow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.4/5 (5 baha berildi berildi)


Okaldy: 176. Şü gün okaldy: 6


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 TM HYZMAT

Ahli hekayalan sanawynda yalnyslyk gidipdir, inni 6njysy acylya bassanyz
11.03.19 23:59
 OLIKA

gaty gowy gaty begendim... Size sorag bermekci NESIBEDE BOLMASA BOLMAJAK EKEN 6 so hekayany basamda 5 bolumini acya ne sebapden bolup biler sizdede boludymy hic taze yazylanlary acanok...jogaba garasyan kim sebabini bilse admin siz bilsenizem yazayyn....smile
11.03.19 18:29
 Semsat

Tuweleme Ata Enan bahasy bolmaz eline saglyk.
10.03.19 19:59
 Ahmedik

Tüweleme, hiç neneň däl. Gaty gowy. Arassa ýalňyşsyz ýazmaga-da ökde. Tekstiňiz 96.8% arassa. Bu dereje ha-as ýokary derejäni görkezýär. Onda näme, işiňiz şowly bolsun!
10.03.19 01:51
 Maral

Tuveleme one isin sovly dogamyna garasyas
10.03.19 01:39

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak