TM HYZMAT BILMELI
Enesiniň gyzy


Enesiniň gyzy

Ogulgeldi eje gyz agtygy Miwäniň gulagyna, ogrynça pyşyrdady:
-Ertir ilerki oba toýa gitjekdirin.Senem alyp gitjek. Irdenjik, taýýar bolgunyň. Alty gelinli, otuz agtykly Ogulgeldi ejäniň bu gepini pynhan tutmagynyň, özüne ýetesi sebäbi bardy.Onyň gyz agtyklarynyň ählisem özlerini Miweden artyk saýmasa, kem saýanokdy.Olaryň ählisiniň hem enesiniň gyzy bolasy gelýärdi.Eger, olar eneleriniň toýa diňe Miwäni alyp gidýändigini biläýdikleri, onda, bu toparda diňa agtyklaryň däl, gelinleriň arasynda hem öýke –kinäniň tutaşaýmagynyň ujy iki däldi.Sebäbi olaryň özleriniñ balalary Miweden artyk bolmasa, kem däldi...
Ertesi Ogulgeldi eje guşluk mahallary, agtygyny eşeginiň öňüne alyp, toý ýerine bakan ugrady.Heniz alty ýaşam dolmadyk Miwejik bir zada haýran galdy.Toý ýerinde onuň garryja enesini gören aýallar ylgaşyp gelip, garry aýalyň ellerinden ogşaýardylar.“Ogulgeldi mama janym!“diýişip, ony maňlaýlaryna sylýardylar.
Toý ýerinde has hem täsin boldy.Toý ýerinde oturan aýallar ýerlerinden turuşyp, garry enäni eşekden göterip düşürip, göterip, töre geçirdiler.Öňüne çaý, nahar, dürli-dürli näzy-nygmatlar goýdular. Misli, göwnüňe bolmasa bu toý Ogulgeldi eje şu ýere geleni üçin tutulýan ýalydy.
Emma kiçijik Miwäniňki kyn boldy.Ol bu toýa kakasynyň ýakynda satyn alyp gelen, täzeje köwşüni geýip gelipdi.Enesi onuň köwşüni gören badyna:“Köwşüňden häzir bolgunyň. Ony ýitirip, soň meni heläk edäýmeginiň.“ Diýip berk tabşyrypdy. Miwejik enesiniň sözüni belläp alypdy, şonuň üçin toýda aýallaryň oturan tamynyň aýagujyragynda köwşüni garawullap oturyberipdi.
Toý sag-aman sowuldy. Ogulgeldi ejäni uly hormat bilen serpaýlap, sylaglap, tutuş toý bolup, ýola saldylar.Eşek göni ýola düşdi.
Ogulgeldi eje başyny ýaýkady.
-Sen näme diýip, aýaguçda, köwüşleriň arasynda oturdyň?-diýip gaharlyrak äheň bilen Miweden sorady.
-Ene, men köwşüme seretdim-ä.
Ogulgeldi eje başyny ýaýkady.
— Häk, çaga bolýaň-da.Seniň kakaň haram çörek iýen ogul däldir.Ol öz çagalaryna-da haram çörek beren däldir. Ol ynsabynyň guludyr, balam.Goý, ogrynyň, orramsynyň, bidöwletiň çagasy aýaguçda otursyn. Sen Ogulgeldiniň agtygysyň.Meniň kowmumda bidöwleti ýokdur, sen şony hiç haçan ýadyňdan çykarmagyn. Türkmeniň toýy-ýasy şol häsiýetleri aýyl-saýyl edýän keramatly ýerdir.Sen meniň mertebämi peseltdiň-dä, bala.
Miwe her näçe tolgunsa-da, ep-esli wagtlap sesini çykarmady.
-Ene jan, gelenleriň biri köwşümi göterip gidiberse, soň gözläp, ili azara goýup ýörsek, şonda mertebämiz hes peselerdi ahyryn.Men seniň tazeje köwşüňi gorap oturdym — diýdi.
Ogulgeldi eje minnetdarlyk bilen ýylgyrdy.

Öwezdurdy Nepesow
10-sentýabr 1999.


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.9/5 (7 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 Maşa

Terbiyecilik ahmiyeti oran gowy.Mana gaty yarady yene garasyan tazelerine
23.05.19 13:29
 bagdagul

Ogulgeldi diyibembir at bormy
28.04.19 13:15
 Maral

Gyzykly
31.03.19 21:49
 jem_l

Caga eziz edebi ondan hem eziz"diyp yone yere aytmandyrlar...👧👍👧
31.03.19 18:10
 Syrlygül

Tüýs häzirki çagalarda ýumruk ýalagnam ýeňip bolmaz. Edep terbiýe hakda gowy hekaýa...
31.03.19 06:19

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak