TM HYZMAT BILMELI
Erem bagy ýa-da Jennet bagy ýok ýaly welin şola bar, ýöne göze görnenok


Erem bagy ýa-da Jennet bagy ýok ýaly welin şola bar, ýöne göze görnenok

Işe täze gelen döwrümdi. Reanimasiýada işleýän kursdaşym işi çykyp öz ornuna işe durup bermegimi haýyş etdi. Gijeki smen, sagadam takmynan, 3-4 töweregi, 4 aýlyk bir çagajyk demini sanap ýatyr, hamana birine garaşýan ýaly diňe iňňildeýän sesi bardy. Men iň soňky asmasyny goýdum we ejesine:
—Çaga agyr, adam boljagy gümana, göýä birine garaşýan ýaly jan berip bilmän ýatyr — diýdim.

Ejesi çagasyny görmäge rugsat sorady, men hem çagasynyň ýanyna saldym. Ejesi reanimasiýada agyr ýagdaýda ýatan balasyny görüp çirkin gygyrdy we Allajan maňa beren almaňy al, men gaýtararyn diýdi, ine almany al, çagany kösemesene — diýip aglady. Az salymdan çaga jan berdi, yzyndan hossarlary gelýänçä ony gujaklap otyrkam ol maňa bir zat gürrüň berdi. Aýdyşyna görä:
— Gelin bolup gelemde düýş gördüm, düýşümde gaýyn atam maňa putýowka berýär. Aý gelin gidýän ýeriň ýok. Şu 12 günlik putýowkany al-da sen gidäý — diýdi. Menem alyp okap görsem Jennete Erem bagy diýip ýazylan.

— Wiýýý, Jennet bagy nähilikä?! — diýip, asmana uçdum. Ol bag şeýlebir owadan, şeýlebir gözel. Ir-iýmişler, guşlaryň sesi meni haýrana goýdy. Men bagda aýlanyp ýörkäm, bir alma agajyna gözüm düşdi. Men şol almadan birini ýerde ýaşaýanlara görkezäýeýin - diýip soradym, maňa ses eşdildi:
— Al birini ýöne 4 aýdan yzyna getir — diýdi. Men ylalaşdym we bir almany alyp gaýtdym. Ertesi men ýerde däl howada gezýän ýaly, şeýlebir ýeňil gopýardym, men göwreli ekenim. O düýş ýuwaş-ýuwaşdan ýatdan çykdy. Men düýşi gowy zada ýordum, ine-de gyzym boldy, alma ýaly ýaňajygynda çukanajyk bar, gözjagazam gökje.

Ne ärim yzynda, ne-de meň yzymda, çekgesi çukanajyk, gökje gözli, hiç kim ýok, nesil yzarlaýandyr — diýip goýdum. Ine ýaňky jan berip bilmän ýatan çagamy gören wagtym gulagyma ses geldi:
— Alyp giden almaňy getir — diýip, men tisginip agladym we gygyrdym, hemem rugsat berdim, bu çaga owadanja nurlyja çaga, derrew göz degýä, bu çaga wagtlaýyn bizi begendirmek üçin berilen çaga. Bu çaga Jennet bagynyň almasy, men ýöne sebäpkär — diýip, meni gujaklap aglady.

Bolan waka men gynandym. Ýene Alla berer taýly. Başyň dik bolsun, nesip bolsa ýyla galman ýene bäbejik alarsyň — diýip köşeşdirdim. Men pikir edýän Jennet Bagy barmyka?!. Hakykatdan-da ol bar, ýöne bize görnenok.........

Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.6/5 (16 baha berildi berildi)


Okaldy: 480. Şü gün okaldy: 3


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(9)



 Maşa

Gowy.Menem haladym.Salam Gulnaz pikrimce okayan hekayalarymyz menzesrak.Siz haysy ayda dunya indiniz
23.05.19 13:05
 Gülnaz

Gowy hekaya eken haladym ..........
22.05.19 09:55
  GÖZEL

Juda gynançly waka okap yuregime iñle sançdy😭😭😭
24.04.19 04:51
 SheydA...

Gyzykly eser eken☺
20.04.19 20:33
 ....

gowy yazylan manyly
18.04.19 14:15
 A A A

Onat eser
11.04.19 11:53
 Oraz

Diÿseñ tasirli, kop sag bol!
08.04.19 23:55
 Aygul

GYNANCLY
08.04.19 20:27
 Syrlygül

Elbetde bar jennetdäki erem bagy arman ol hemmä görmek nesip edenokda. Ony diňe Allanyň halan bendeleri gorip biler.. BU DÜNÝÄDE RAHAT BAR DIÝP OÝLAMA, JENNETDE BAR RAHATY GÖRMEÝÄNÇÄŇ, BU DÜNÝÄDE AZAP BAR DIÝP OÝLAMA KYÝAMATYŇ AZABYNY GÖRMEÝÄNÇÄŇ... gynançly waka okamak agyr gelýä...
08.04.19 11:14

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak