TM HYZMAT BILMELI
Etmişe iteklemek


Etmişe iteklemek

"ELIÑIZI WYŽDANYÑYZA, ÖZÜÑIZI MENIÑ ÝERIME GOÝUŃ" / ETMIŞE ITEKLEMEK (satiriki hekaýa)

Hormatly kazy jenaplary! Günäkärdigimi ýa-da däldigimi bilmegiñiz üçin wakany bolşy-bolşy ýaly dykgatyñyza ýetirmegim gerek. Men görgüli altmyş sekiz ýaşymda, çagaly-çugaly adam. Giýewlerim, gelinlerim, agtyklarym bar. Heý, bu ýaşdaky adam ýolda duşan her öñýeten aýala lak atarmy? Ýöne, men bu aýallara lak atandygymy boýnuma alýaryn. Özem gündiziñ günortany Beýogly köçesiniñ ugrunda ýöräp barýan bu iki hanyma lak atdym.
Eliñizi wyždanyñyza, özüñizi meniñ ýerime goýup görüñ. Size, ähli bolan zady bolşy-bolşy aýdyp bereýin. Siz meniñ ýerimde bolsañyz näme ederdiñiz?
Bu Fakyrhana Kanlyjada bolan zat. Men indi gojalşamsoñ, iş-güýçden galdym. Pensiýa çykanyma esli ýyl boldy. Wagtal-wagtal Stambula gelip-gidäýmäm bar. Şu gün irden 8:30-da ýolagçy daşaýan gämä mündüm. Howa petiş bolansoñ, gäminiñ aşakky gatyna düşdüm. Dik garşymda iki zenan otyrdy. Ilkibaşda olaryñ sypaty o diýen ünsümi çekibem durmady. Ýöne, saryýagyz aýal uly ses bilen:
- Waý, howanyñ dymykdygyny! - diýip, ýakasynyñ iliklerini ýazdyryp, Aý ýaly göwsüni ýaldyradyp açdy welin, gözümi ondan aýryp bilmedim. Hormatly başlyk aga! Ynsabyñyza ýüzlenmäge rugsat ediñ. Siz meniñ ýerimde bolsañyz seretmän oturardyñyzmy? Munuñam üstesine onuñ ýanyndaky sadap tenli aýal:
- Waý, menem bişdim-le - diýip, hem-ä gülýakasyny aýryp göwsüni ýalañaçlady, hemem žemperini çykaryp, ýarym-ýalañaç ýagdaýda oturyberdi. Bulam az bolýan ýaly, meniñ ýokarymdaky odur-budur goýulýan tekjä sumkasyny goýanda, merhemetiñize sygynyp aýdýaryn: açykdan-açyk akjaryp duran goltugynyñ hoşboý ysy burnuma urdy. Maýyl ediji hoştap ysdan ýaña serhoş bolan ýaly boldum. Hormatly, başlyk ependi, özüñiz meniñ ýerimde bolsañyz nähili hereket ederdiñiz?
Bu gezek saryýagyz aýal:
- Podwýazkalarym gysyp öldürdi-le - diýip, çaltlyk bilen ýubkasynyñ çermegini doly aşak etdi-de, çulkisini sypyrdy. Äýnegimiñ aşagyndan höwes edijilik bilen olara tomaşa eýlemegi dowam etdirdim.
Hormatly başlyk ependi, özüñizi men görgüliniñ ýerine goýup görüñ. Siz bolsañyz näme etjegiñizi bilemok, men pahyr ýene ümsümje öz oturan ýerimden gymşaman tomaşa ediberdim.
Bu gezek süýt ýaly ak tenli aýal çulkisiniñ baldyrlaryny gysýar bahanasy bilen, baýramçylykda baýdak parladýan kapitanlara meñzäp, reñbe-reñ ýüpekden edilen seçekli içki eşiklerini ýokaryk galdyrdy-da, çulkisini sypyrdy.
Ondan soñ iki jora birsyhly gorsanyp ýadandyklaryndanmy näme, eginlerindäki ähli şakyr-şukurlary çykardylar. Bu edýän zatlarynam maña az görýän ýaly, saryýagyz aýal: - Gäminiñ ters tarapynda oturypdyrys, başymyz aýlanýar! - diýdi-de, iki sany apat melek meniñ oturan tarapyma, biri sagyma, biri çepime geçdi. Gämi borram-boş ýagdaýda duranam bolsa, başga ýer gapyşan ýaly, men pahyry orta alyp myçgalamaga başladylar. Ýigrimi ýyllap uklap, gatap giden giden damarlarymda ot çabrap, ganym ikiýana jöwlan atyp başlady. Hormatlymyzyñ özi bolsa nähili hereket ederdikä?
Iki joranyñ ikisem ýere bir zat gaçyran bolup, onam almak bahanasy bilen egilip, ýumşajyk tenleriniñ heniz maña görünmän galan ýerlerini güjeñleýärdiler. Hatda gaýmakpisint hanym ýere gaçyran žurnalyny galdyrandan soñ, öz ýerinde oturýan ýaly edip, ýalñyşansyran boldu-da, gujagymda oturdy we şol oturşyna birsellem meýmiräp gidiberdi.
Biraz wagt geçensoñ olar özara gürrüñe başladylar:
- Uly erkekler meniñ göwnüme hasam ýaraýar.
- Menem şeýle. Aýala diñe ýaşy ulalşan erkekler gowy düşünýär...
- Käbir erkekler dilini ýuwdan pişik ýaly geplemelidirem öýdenok. Aýu-u-uww, adam diýeniñ iki agyz gep eder…
Birnäçe gezek geplemäge synanşanam bolsam, dilim tutuldy, agzymdan ýeke keleme söz çykmady. Bu sapar ak tenli mylaýym jenan şeýle diýen boldy:
- Häzirem geplänok... Dünýäde sylanşyk, terbiýe diýen zat galmandyr. Biz adam iýemzog-a...
Olar göz-görtele men pahyry masgaralap otyrdylar. Onýança Köprä-de geldik. Gämiden düşensoñ, yzlaryna öwrülip, men pahyra näz edip, bir nazar aýladylar welin, şol pursatda ýyldyrym uran ýaly boldum.
Merhemetiñize sygynýaryn, hormatly başlyk aga... Meniñ ýerimde bolsañyz nähili hereket ederdiñiz? Meniñ gidip barýan ugrum şol iki aýalyñ barýan ugry bilen ugurdaş bolup çykdy. Şol barşymyza Beýogly köçesine çykdyk. Men şonda-da edepsizlik etmejek bolup, dil ýarman gelýärdim.
Olar öñde, men pahyr yzda gidip barýarys. Gañrylyp-gañrylyp yza bakyp, perişdepisint gülümsiremeleri ve çagyryjy näz-kereşmeleri bilen men pahyry perişan hala salýardylar. Saryýagyz aýal:
— Bu erkek ependi, biziñ bilen öýüñ içinde gürleşäýjek öýdýän - diýdi.
Edebimi saklap, ýene-de ýeke keleme söz aýtmajak boldum. Ýöne olar dikgirdäp, serçe deýin jikirdeşip bir barýardylar welin, bu mytdyldap barşyma olaryñ yzlaryndan garanjaklap gitmek maña juda kyn düşýärdi. Durkum bilen dert-azara goýdular. Men mundan artyk çydap bilmejegimi duýdum. Ýüregagyrymyñ barlygyny bildirmek üçin aralaryna girip:
- Merhemetiñize sygynýaryn, hormatly hanymlar, her niçik garry bolsamam mende-de ýürek bar, menem Hudaýyñ bendesi, ynsap ediñ, beýtmäñ! - diýdim. Çuññur hormatlanýan başlyk ependi! İne, gyzyl kyýamat şol wagt turdy. Ýañky başymy-gözümi aýlap, meni tükenmez derde goýan iki jora birden köçäniñ ortasynda sesleriniñ ýetdiginden gygyrmaga başladylar:
– Kömek edi-i-i-ñ! Polisi-i-ya-a-aa! Garry makaç ýaşyndan utanman bize lak atýar!!.. Ol iki aýal sumkalaryndan jürlewük çykaryp jürletmäge durdular. Polisiýa hem öñden taýýarja duran bolsa näme. Dessine gelip men pahyry güpbasdy etdiler. Hormatly başlyk ependi. Ynha, bolup geçen waka şundan ybarat. Eger bir etmiş eden bolsam, onda bu aýallar meni şol etmişe iteklemekde meniñ bilen deñ derejede günäkärdirler. Soñ görüp otursam, bu iki jora polisiýanyñ özüne işleýän kemçinler bolup çykdy. Köçelerde gelin-gyzlara süýkenip ýören heleýbazlary gözleýärlermiş. Şol gün ýaglyja iş tapmansoñlar, eli boş gaýtmajak bolup men pahyryñ başyny-gözüni aýlapdyrlar. Wyždanyñyza ýüzlenmäge rugsat ediñ: Özüñiz meniñ ýerimde bolsañyz näme ederdiñiz?

Eziz NESIN, türk ýazyjysy.


Hekaýa baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi berildi)


Okaldy: 1069. Şü gün okaldy: 10


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(37)



 Maşa

Salam Atsyz Atlyyew gowy adynyza nar eken Atsyz😄😄
09.07.19 21:12
 awçy

Gowy
04.07.19 03:25
 #SheyDa

"mmm" Dusundim
27.06.19 18:04
 Atsyz Atlyýew

Dogrysyny aýtsama gowy jedel okap hezil etdim gaty görmän...
24.06.19 20:14
 Atsyz Atlyýew

Dogrysyny aýtsama gowy jedel okap hezil etdim gaty görmän...
24.06.19 20:14
 Atsyz Atlyýew

Dogrysyny aýtsama gowy jedel okap hezil etdim gaty görmän...
24.06.19 20:14
 mmm

Men yene dolandym su mesela bagslan ka biriniz mana yalnys dusunyaniz haysy teswirimde bar gul yaly durmusy bozyan ayal dp solar yalylar dp hekaya hakda yazdym onsanam hekayanyn asagynda " hekaya hakda pikirinizi paylas" diyilipdir zenanlary mahriban kabelermizi wasp edin diyilmandir her kim islan zadyny yazsyn diyilen bolsa menem gormeyan bolsam onda bagslan
24.06.19 08:19
 #SheyDa

Ahmedik. Dogry aytyanyz dunyani zenansyz goz onune getirip bolmayar. Azat sizem gowja pikirleniñ. Hemme gyz bir menzes dal. Bagyslan ýöne kabir erkekler zenanlan (ejelerimizin) adyny sowunclerde tutyalar. Name ucin? Size sul sozleri diymek gelishyarmi? Basgasy siziň ejenize ya da uyanyza serve diyse nähili bolardynyz? "mmm"-a degisli Gul ýaly durmusy bozyanam ayaldyr belki, ýöne ýene Sol Gul ýaly mashgalany duzeldyanem ayaldyr...
19.06.19 12:06
 muhammetali

Dusinmedim
26.05.19 20:33
 Olika

gowy hekaya.taze hekayalara garasyaryssmile
21.05.19 21:06
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 37-28

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak