TM HYZMAT BILMELI
Etmişe iteklemek


Etmişe iteklemek

"ELIÑIZI WYŽDANYÑYZA, ÖZÜÑIZI MENIÑ ÝERIME GOÝUŃ" / ETMIŞE ITEKLEMEK (satiriki hekaýa)

Hormatly kazy jenaplary! Günäkärdigimi ýa-da däldigimi bilmegiñiz üçin wakany bolşy-bolşy ýaly dykgatyñyza ýetirmegim gerek. Men görgüli altmyş sekiz ýaşymda, çagaly-çugaly adam. Giýewlerim, gelinlerim, agtyklarym bar. Heý, bu ýaşdaky adam ýolda duşan her öñýeten aýala lak atarmy? Ýöne, men bu aýallara lak atandygymy boýnuma alýaryn. Özem gündiziñ günortany Beýogly köçesiniñ ugrunda ýöräp barýan bu iki hanyma lak atdym.
Eliñizi wyždanyñyza, özüñizi meniñ ýerime goýup görüñ. Size, ähli bolan zady bolşy-bolşy aýdyp bereýin. Siz meniñ ýerimde bolsañyz näme ederdiñiz?
Bu Fakyrhana Kanlyjada bolan zat. Men indi gojalşamsoñ, iş-güýçden galdym. Pensiýa çykanyma esli ýyl boldy. Wagtal-wagtal Stambula gelip-gidäýmäm bar. Şu gün irden 8:30-da ýolagçy daşaýan gämä mündüm. Howa petiş bolansoñ, gäminiñ aşakky gatyna düşdüm. Dik garşymda iki zenan otyrdy. Ilkibaşda olaryñ sypaty o diýen ünsümi çekibem durmady. Ýöne, saryýagyz aýal uly ses bilen:
- Waý, howanyñ dymykdygyny! - diýip, ýakasynyñ iliklerini ýazdyryp, Aý ýaly göwsüni ýaldyradyp açdy welin, gözümi ondan aýryp bilmedim. Hormatly başlyk aga! Ynsabyñyza ýüzlenmäge rugsat ediñ. Siz meniñ ýerimde bolsañyz seretmän oturardyñyzmy? Munuñam üstesine onuñ ýanyndaky sadap tenli aýal:
- Waý, menem bişdim-le - diýip, hem-ä gülýakasyny aýryp göwsüni ýalañaçlady, hemem žemperini çykaryp, ýarym-ýalañaç ýagdaýda oturyberdi. Bulam az bolýan ýaly, meniñ ýokarymdaky odur-budur goýulýan tekjä sumkasyny goýanda, merhemetiñize sygynyp aýdýaryn: açykdan-açyk akjaryp duran goltugynyñ hoşboý ysy burnuma urdy. Maýyl ediji hoştap ysdan ýaña serhoş bolan ýaly boldum. Hormatly, başlyk ependi, özüñiz meniñ ýerimde bolsañyz nähili hereket ederdiñiz?
Bu gezek saryýagyz aýal:
- Podwýazkalarym gysyp öldürdi-le - diýip, çaltlyk bilen ýubkasynyñ çermegini doly aşak etdi-de, çulkisini sypyrdy. Äýnegimiñ aşagyndan höwes edijilik bilen olara tomaşa eýlemegi dowam etdirdim.
Hormatly başlyk ependi, özüñizi men görgüliniñ ýerine goýup görüñ. Siz bolsañyz näme etjegiñizi bilemok, men pahyr ýene ümsümje öz oturan ýerimden gymşaman tomaşa ediberdim.
Bu gezek süýt ýaly ak tenli aýal çulkisiniñ baldyrlaryny gysýar bahanasy bilen, baýramçylykda baýdak parladýan kapitanlara meñzäp, reñbe-reñ ýüpekden edilen seçekli içki eşiklerini ýokaryk galdyrdy-da, çulkisini sypyrdy.
Ondan soñ iki jora birsyhly gorsanyp ýadandyklaryndanmy näme, eginlerindäki ähli şakyr-şukurlary çykardylar. Bu edýän zatlarynam maña az görýän ýaly, saryýagyz aýal: - Gäminiñ ters tarapynda oturypdyrys, başymyz aýlanýar! - diýdi-de, iki sany apat melek meniñ oturan tarapyma, biri sagyma, biri çepime geçdi. Gämi borram-boş ýagdaýda duranam bolsa, başga ýer gapyşan ýaly, men pahyry orta alyp myçgalamaga başladylar. Ýigrimi ýyllap uklap, gatap giden giden damarlarymda ot çabrap, ganym ikiýana jöwlan atyp başlady. Hormatlymyzyñ özi bolsa nähili hereket ederdikä?
Iki joranyñ ikisem ýere bir zat gaçyran bolup, onam almak bahanasy bilen egilip, ýumşajyk tenleriniñ heniz maña görünmän galan ýerlerini güjeñleýärdiler. Hatda gaýmakpisint hanym ýere gaçyran žurnalyny galdyrandan soñ, öz ýerinde oturýan ýaly edip, ýalñyşansyran boldu-da, gujagymda oturdy we şol oturşyna birsellem meýmiräp gidiberdi.
Biraz wagt geçensoñ olar özara gürrüñe başladylar:
- Uly erkekler meniñ göwnüme hasam ýaraýar.
- Menem şeýle. Aýala diñe ýaşy ulalşan erkekler gowy düşünýär...
- Käbir erkekler dilini ýuwdan pişik ýaly geplemelidirem öýdenok. Aýu-u-uww, adam diýeniñ iki agyz gep eder…
Birnäçe gezek geplemäge synanşanam bolsam, dilim tutuldy, agzymdan ýeke keleme söz çykmady. Bu sapar ak tenli mylaýym jenan şeýle diýen boldy:
- Häzirem geplänok... Dünýäde sylanşyk, terbiýe diýen zat galmandyr. Biz adam iýemzog-a...
Olar göz-görtele men pahyry masgaralap otyrdylar. Onýança Köprä-de geldik. Gämiden düşensoñ, yzlaryna öwrülip, men pahyra näz edip, bir nazar aýladylar welin, şol pursatda ýyldyrym uran ýaly boldum.
Merhemetiñize sygynýaryn, hormatly başlyk aga... Meniñ ýerimde bolsañyz nähili hereket ederdiñiz? Meniñ gidip barýan ugrum şol iki aýalyñ barýan ugry bilen ugurdaş bolup çykdy. Şol barşymyza Beýogly köçesine çykdyk. Men şonda-da edepsizlik etmejek bolup, dil ýarman gelýärdim.
Olar öñde, men pahyr yzda gidip barýarys. Gañrylyp-gañrylyp yza bakyp, perişdepisint gülümsiremeleri ve çagyryjy näz-kereşmeleri bilen men pahyry perişan hala salýardylar. Saryýagyz aýal:
— Bu erkek ependi, biziñ bilen öýüñ içinde gürleşäýjek öýdýän - diýdi.
Edebimi saklap, ýene-de ýeke keleme söz aýtmajak boldum. Ýöne olar dikgirdäp, serçe deýin jikirdeşip bir barýardylar welin, bu mytdyldap barşyma olaryñ yzlaryndan garanjaklap gitmek maña juda kyn düşýärdi. Durkum bilen dert-azara goýdular. Men mundan artyk çydap bilmejegimi duýdum. Ýüregagyrymyñ barlygyny bildirmek üçin aralaryna girip:
- Merhemetiñize sygynýaryn, hormatly hanymlar, her niçik garry bolsamam mende-de ýürek bar, menem Hudaýyñ bendesi, ynsap ediñ, beýtmäñ! - diýdim. Çuññur hormatlanýan başlyk ependi! İne, gyzyl kyýamat şol wagt turdy. Ýañky başymy-gözümi aýlap, meni tükenmez derde goýan iki jora birden köçäniñ ortasynda sesleriniñ ýetdiginden gygyrmaga başladylar:
– Kömek edi-i-i-ñ! Polisi-i-ya-a-aa! Garry makaç ýaşyndan utanman bize lak atýar!!.. Ol iki aýal sumkalaryndan jürlewük çykaryp jürletmäge durdular. Polisiýa hem öñden taýýarja duran bolsa näme. Dessine gelip men pahyry güpbasdy etdiler. Hormatly başlyk ependi. Ynha, bolup geçen waka şundan ybarat. Eger bir etmiş eden bolsam, onda bu aýallar meni şol etmişe iteklemekde meniñ bilen deñ derejede günäkärdirler. Soñ görüp otursam, bu iki jora polisiýanyñ özüne işleýän kemçinler bolup çykdy. Köçelerde gelin-gyzlara süýkenip ýören heleýbazlary gözleýärlermiş. Şol gün ýaglyja iş tapmansoñlar, eli boş gaýtmajak bolup men pahyryñ başyny-gözüni aýlapdyrlar. Wyždanyñyza ýüzlenmäge rugsat ediñ: Özüñiz meniñ ýerimde bolsañyz näme ederdiñiz?

Eziz NESIN, türk ýazyjysy.


Hekaýa baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(29)



 mmm

Men oz pikirimde galyan .Sen islesen islemesen haysy asyrda yasasagam gelin gyzlaryn sol sanda oglanlaram o dostlyk hakda yalnys pikir edip biler
16.05.19 09:58
 Hally

Dostluk durmu$ gurmaga päsgel berip bilmez hormatly mmm. Münkin käbir dü$ünjesi dar adamlar dostluga ýalñy$ dü$ünip biler. Ýöne beýle dü$ünjesi dar adam bilen durmu$ gurmagy kim islär? Ýok dü$ünjesi dar adamlar bilen durmu$ gurmak özüñi kapasa salmak bilen des-deñ.Onsañam biz X1 asyrda ýa$aýas. Bu döwürde dostluga dü$ünýän adamlar kän.
16.05.19 06:38
 Ahmedik

Salam hormatly Harper, hökman aýdarys. Ýöne eger mümkin bolsa biraz garaşaýsaňyz, menem merkezden onuň awtorynyň kimligini bilsem, onsaň size anyk maglumat aýdyp bilerin... Biz barada başga-da imo arkaly sorag-jogap alyşmak üçin telefon belgilerimiz: +99362249151 TM HYZMAT Administrasiýa (Merkez); +99362976856 redaktor Gurbanmyradow Ahmet. Islendik soraglar ýüze çykan halatynda ýüz tutup bilersiňiz, bildigimizden hemem ýetişdigimizden hökman jogap bereris. Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet.
15.05.19 22:35
 mmm

Oglan bn gyz dost bolup bilmegiiii .?mumkin yone ikisininem durmus gurmagyna o dosluk mysayt edip biler hormatly Hally
15.05.19 16:20
 Harper

Hormatly redaktor Gurbanmyradow Ahmet men sizden bir zady haýy$ edip bilermi. Siziñ saýtyñyzda ýazylan "Aýjeren eje" hekaýasynyñ awtorynyñ kimdigi bilesim gelýär. Kömek edäýiñ
15.05.19 13:44
 Hally

Hawa gynansagam $eýle bet niýetli adamlar hakynda azda-kände e$idilýär... Ýöne meñ pikirimçe olary tanamak gaty añsat. Eger bir adam ( oglan ýa gyz tapawudy ýok) size ýuwan göz bilen seretdimi $ol bada gaç ondan. Alymlar aýtýara göz ýalan sözlemeýär diýip. $eýle bir sorag bar oglan bilen gyz dost bolup bilermi? Men $u soraga "elbetde bolup biler" diýip jogap berýän. Sebäbi men durmu$da öñ nätany$ bolsalar hem soñra tany$yp biri-birini uýasy agasy hökmünde görüp biri birlerine kömek etýän oglan gyzlara kän gabat geldim. Ýöne ýüregi gara oglan gyzlaryñ arasynda dostluk hiç wagtam bolup bilmez.
15.05.19 07:54
 Anonimus

Bet
14.05.19 06:41
 Ahmedik

Onsaňam ýene bir zat, size käbir eserleri okamagy, görmegi maslahat berýärin: “Şatlygymdan gussalarym ar alýar eje (awtor: Ýagşy Goşunow)”, “Ejem aglar (awtor: Kerim Hally)”, “Ýazmasy agyr düşen goşgy (awtor: Kerim Gurbannepesow)”, “Ýazmasy has agyr düşen goşgy (awtor: Kerim Gurbannepesow)”, "8-nji mart degişmeleri (awtor: Ýagşy Goşunow). Eserleri sanasaň sogaby bar. Gaty köp. Siz şulary okasaňyz hem görseňiz ýeterlik. Elbet-de bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly künti, jelebem arasynda bar. Bu barada Ogulsenem Taňňyýewanyň «Bagtym hem ýyldyzym» powestinde giňişleýin bellenilip geçilýär. Süri agsaksyz bolmaz. Edil zenanlaryň arasynda bozuklaryň bolşy ýaly erkekleriň arasynda hem bozuklary bar. Gaýtam, zenanlaryň bozuklaryndan erkekleriň bozuklary köpmikä diýýän. Şonuň üçin hemmäni bir aýakdan sürmek bolmaz. Günäliň oduna bigünani ýakma! Indem gaýrat edip durmuşyňda hiç haçan «GANJYK» sözüni zenan adamlara diýmäň, ulanmaň. Bu edýän işiňiz jenaýat bolýar. Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň «Adamyň mertebesini peseltmek, oňa şek ýetirmek» barada maddalaryň bardygyny unutmaň! Sizi şu sözüňiz üçin islendik zenan maşgala jenaýata çekip biljekdigini 100 däl, 1000% kepil geçýärin. Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet.
14.05.19 06:34
 Ahmedik

Hormatly okyjylar! Biz durmuşda bolup geçýän wakalar esasynda hekaýalary, rowaýatlary, gysga dilde „Çeper eserleri” siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Ýöne gynansakda okyjylarymyzyň arasynda durmuşa doly akyl ýetirmän gürleýän ýaly ters jogap berýänlerem bar. Mysal üçin Azady alyp göreliň. Onuň pikiriçe: “Bu döwüriň zenanlaryny we gyzlaryny öldürip çykmaly. Şol döwüri üýdgetýän ganjyklar bolmaly. Ýaşasyn erkekler!” — diýip, öz pikirini belläp geçipdir. Aýdýan zatlarym Azada degişli: √ Seniň bäş barmagyň deňmi? √ Dünýämiziň bezegi eziz enelerimiz, owadan zenanlar, gözel gyzlar dälmi? √ Durmuşy zenan maşgalasyz göz öňüne getirip gördüňmi? √ Öýüňizde nahary kim bişirýär? Kim kirli eşikleriňi ýuwýar? Kim fiziki lezzet, ruhy lezzet berýär? √ Zenanlary bir-birden öldürip çyksaň adamzat ýaşamagyny dowam edermi? √ Zenanlary bir-birden öldürip çykmaga saňa kim rugsat berer? Meniň pikirimçe erkek adamlaryň 95%-i muňa garşy çykar. Azat, ýat, tur, pikirlenip gör, zenansyz durmuşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Onsaňam, «GANJYK» diýip, dünýämiziň bezegi bolan zenanlarymyza ýüzlenmäň! Siz olaryň mertebesini peseltmän, eýsem, tutuşlygyna gömdüňiz... Duşmanyň bolanda-da şol sözi diýjek adamyň zenan bolsa, ilki öz uýalaryňy, gyzlaryňy, eziz eneňi, ejeňi, galyberse-de zenan hossarlaryňy ýadyňa sal!
14.05.19 06:04
 A

Azat senin ejen yokmy nm senin ejenem zenana. Bey diyip zenanlara at dakma hemme yerde erbedem bolyar gowam bas barmak den bolanoga
13.05.19 20:32
başyna  <<öňe yza>> 
görkezilen teswirler 15-6

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak