TM HYZMAT BILMELI
Gaýyn enemiň ruhy 2


Gaýyn enemiň ruhy 2

Ikinji bölüm

Bir gün gije Ogulsuraý gygyryp turdy, zähresi ýarylan ýaly bolup zaňňa ýerinden turan Kakyş ony gujagyna gysdy we oýan näme boldy saňa?! Aýdaý maňa, gorkma men bar - diýip, köşeşdirip başlady. Şonda Ogulsuraý:

- Kakyş ejeň düýşüme girýär, eýýäm näçe gündir bir gaýtalanýan düýş.
- Düýşdirdä, ynanmasana janym!
- Nädip ynanmaýyn?! Ol maňa çetki jaýyň burçundaky üsti agyr ýorgan galdyrylan sandygy aç, sandygyň içinde mawy reňkli düwünçek bardyr, şony aç, şonuň içinde altyn-kümüş garylan gymmat bahaly gülýaka bardyr, şony al-da ilerki obanyň çeträginde burkaz böleginde Gurbangül eje diýen daýza bardyr, şony tap we onuň körpe gyzyna şu gülýakany ber, meni razy etjek bolsaň meniň haýyşymy et gelin, diýip meni günüme goýanok.

Kellämi goýsam ejeň ruhy daşymda aýlanyp dur, bitirmeseň seni öz ýanyma oglum bilen alyp giderin diýýär. Kakyş men gorkýan, hat-da şu wagt hem ejeň seniň kelläňi sypalap dur, gözi ýaşly, men gorkýan, men däldireýän bir alajyny edäýdä - diýip, Kakyşy gujaklap aglap başlady.
- Gülüm, men düýşe ynanamok, ejemiň belli günlerini bolsa birkemsiz edýän, nämeden beýle bolýarka?!
- Men bilemok, ýöne bu waka bir gün däl, iki gün däl, eýýäm näçe gün bäri meni biynjalyk edýär.
- Ogulsuraý ýör şol ýorgany agdaryp göreli, ejem bize bir zat duýdurjak bolýan bolaýmasyn - diýip, hasanaklap iki bolup çetki otaga gitdiler.
O jaýda dogrudan-da agyr ýorgan galdyrylan sandyk bardy. Kakyş ýorgany bir eli bilen çekende ýorgan agdaryldy, sandygy açyp mawy reňkli uly düwünçegiň gatyny açdy, görseler hakykatdan-da edil gaýyn enesiniň aýdyşy ýaly altyn çaýylan kümüş gülýaka bar, alty gyz doganynyňky ýaly ýene bir gülýaka. Ogulsuraý:
- Kakyş şol oba gideli tapaly, bir emmasy bar ýaly bolup durda maňa - diýip, aglamjyrap şol oba äkitmegini haýyş etdi. Göwnüne öýde birzatlar bolýan ýaly Kakyş derrew razy boldy we bular säher bilen niredesiň goňşy oba diýip, ýola düşdüler.

Bu oba uly obady, bir-iki öýden soradylar, tanaýan bolmady. Ahyr burkaz bölegine gitdiler, edil giren ýerinde ilkinji duşan adamdan hem soradylar:
- Salowmaleýkum agam!
- Waleýkum salam.
- Agam bize Gurbangül eje gerekdi tanaňzokmy?!
- Tanaýan.
- Tanaýan bolsaňyz salgy beräýiňdä
- Şu köçäni sypdyrman git, öňüňden göze ilip duran uly tut agajy çykar, ana şol tut agaçdan geç-de çepe öwrül, 4-nji jaýdyr, şol tut agajy tapsaň aňsatjakdyr, ýoluň gyrasynda ýaşaýarlar.

- Sagboluň agam, uly kömek etdiňiz! - diýip, Kakyş ol adam bilen hoşlaşyp, niredesiň tut agajy diýip ýoly yzarlap ýola düşdi. Hakykatdan-da bu tut agaç bar eken, ol agaç oba görk berip duran eken. Tut agaçdan geçip 4-nji jaýa baryp maşyny saklady. Bular iki bolup Gurbangül ejelere işigini kakyp girdiler.
- Salowmaleýkum Gurbangül eje!
- Gurgunmy guzym, geliň, geçiň.
- Gurbangül eje bizä geçip kän oturjakgä, işlije geldik.
- Işli gelen bolsaňyz aýdyp oturyň.
- Gurbangül eje biz gaýraky obadan, Oguljuma ejäniň ogly, bu-da meniň gelnim. - Oguljumanyň ýagdaýlary oňatmy, men ony gaty gowy tanaýan. Arkaýyn aýdyberiň, näme işiňiz bolsa.
- Ejem pahyr aýryldy, ýurduny täzelänine heniz kyrk günem bolanok.
- Wah waheý yzy ýarasyn, döwleti yzyndakylara ornasyn.
- Hawa, aýdanyňyz gelsin.
- Gurbangül eje, ejem aradan çykandan bäri gelnim bir zat tapyndy, günde ejemiň ruhy bilen gepleşip daňyny atarýar, şo bir gaýtalanýan waka gaýtalanyp durýar.
- Näme diýýär?
Ogulsuraý saklanyp bilmän özi ara goşuldy:

- Gaýnym maňa çetki otagdaky agyr ýorgan galdyrylan sandygyň içinde mawy reňkli ýaglyga düwülgi düwünçegiň içinden ine şu altyn çaýylan gymmatbaha kümüş gülýakany goňşy obanyň burkaz bölegindäki Gurbangül ejä ber diýip meni hiç günüme goýanok, ilki-ilkiler üns bermedim, ýöne ýagdaýym gün geldigiçe agyrlaşmasa gowylaşanok. Ölen adamlaryň ruhuny görýän, olar bilen gepleşýän - diýip, elindäki ýaglyga dolangy gülýakany Gurbangül ejäniň öňünde goýdy.
- Wah bu gep irde-giçde açyljagyny men duýýadym - diýip, Gurbangül eje aglap başlady?!............
Dowamy bar.

Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 5.0/5 (9 baha berildi berildi)


Okaldy: 535. Şü gün okaldy: 3


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(3)



 Elmira

gowy dowamyna garasyas
09.04.19 16:06
 Zarina

gowy.yzyna garasyas
19.03.19 21:17
 Olika

Tasin, gawy eken, begendim. Galamynyz yiti bolsun..Dowamyna garasyas.
18.03.19 10:34

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak