TM HYZMAT BILMELI
Gaýyn enemiň ruhy 3


Gaýyn enemiň ruhy 3

Üçünji bölüm

O döwür ikimiz hem ýaş gelindik. Çaga dogurylýan bölüme ejeň pahyr gelen güni ikimiz bir palatada ýatdyk.

Ol gelen güni diňe dileg edýärdi, Alla jan maňa ogul perzent beräý diýip. Menem:
- Allaň bereni bor-da, jany sagatja bolsa bolýala, ogul boldy, gyz boldy ikisem perzendiňdirdä.
- Ýok Gurbangül, 6 gyzym bar, ärim şu gezek ýene gyz bolaýsa, göni ataň öýüňe gidiber, öýe geljegem bolma - diýdi. Oňa hiç gep düşündirip bilmedim. Indi bolsa diňe dileg edýän, çagajyklarymyň maňlaýyna Alla jan şu gezek bir ogul perzent beräýedidä
- Belki Alla.
- Gurbangül seniň näçe çagaň bar?

- Meniň 7 oglum bar. Ärim bolsa maňa beýle diýenok, ogul bolsun gyz bolsun Allaň berenine şükür, nesibämizde bolsa gyzam bolar diýýär.
- Seniň ýoldaşyň düşünjeli eken, hemme zada düşünýär...
...Biz öz aramyzda durmuşumyzyň şatlykly, gynançly günlerimizi ýatlap derdinişdik. Gije 3-den soň ilki seniň ejeň ýene gyzy boldy, ol aglap ýerine geçende-de urunýardy, o çaga-da emjek bolup aglaýardy. Meňki bolsa 5-den işlände ýene bir oglum boldy, oglumy bir gujagyma, o gyzjagazy bir gujagyma gysyp ikisini hem emdirdim.

Ejeň pahyr:
- Şu gyzam sen alaý, çaga öli boldy diýenim gowudyr, 6 gyzymy taşlap atam öýüme baryp bilmen - diýip, o gyzjagazy maňa berdi. Men ilki ekiz bäbegim diýip begendim, ýöne ejeň agysy meniň ýüregimi elendirýärdi we oňa dözmän:
- Oguljuma, sen şu ogly al, syr syr bolup galsyn, meniň 7 oglum bar gyzym ýok, seniň hem 6 gyzyň bar ogluň ýok, Alla biz bilen wagtal-wagtal oýun gurýar, ýeňip geçmek özümize bagly. Bu syry adam ogly bilmesin, bu syr özümiz bilen gabyra girip gitsin. Ejeň ýüzi açyldy we meniň bilen ýüzüniň ugruna razylaşdy.

Kakyş zöwwe ýerinden galdy.
- Otur oglum, bu zatlaryň kyssasy uludyr, gör görgüli ölenden soň seni hak hossarlaryň biňen tanyşdyrmak, o gyzy bolsa öz uýalary bilen tanyşdyrmak isläpdir. Ol bu zatlary diri wagty hem edip bilerdi ýöne zandyýaman ýoldaşy zerarly dymmaly boldy-da — diýdi-de, öňündäki gök çaý guýulan käsäni başyna çekdi. Soňra bolsa agtyklarynyň biriniň adyny tutdy-da gygyrdy:
- Ezizjan balam, bar ylga-da Pamykejeňi çagyr!
- Bor ene! - diýip, körpeje ylgap gitdi.

Ýedi ogluň yzyndan boldy diýip, ýoldaşymyň gelen karary esasynda şo gyza Akpamyk goýduk, ýöne aňsatlaşdyryp Pamyk diýip ýörüs, gaty lälik ösdi, 7 erkek doganyň içinde şa gyzy ýalydy, iki jaý beýlämizde goňşymyzyň ogluny halady welin berdim, ýakynjak, ylgap gidip-gelip dur, arada iki jaý bolansoň delje nahar etseler agtyklar ylgap dadyryp gelýär, özi hem bişirse äkelip gidýär — diýip, sözüni soňlap-soňlamanka Akpamyk içeri girdi.
- Salam!
- Salam Akpamyk! Öz doganlary bilen bir almany iki bölen ýaly bolup duran Kakyşy görüp aljyrady.

Kakyş hem öz aýal doganlary bilen meňzeş bu gyzy görüp haýran galdy. Gurbangül eje gyzyna gysgaça wakany aýdyp berdi we hakyky seni doguran enäniň saňa goýan gülýakasy — diýip, getirilen gülýakany oňa uzatdy. Akpamyk aňk-taňk bolup durdy. Näme diýip, näme aýtjagyny bilmän diňe dymdy. Kakyş bilen Ogulsuraý uly agyr ýüki kebzesinden aýyran ýaly bolup, ejesiniň 40-y gününi olara aýdyp öýe gaýtdylar...
Ejesiniň kyrky güni uly märeke dargaberende 2 sany ulag janlyly, unly, saçakly, Gurbangül eje oglanlaryny yzyna tirkäp, Akpamygy hem alyp bulara geldi.

Kakyş özüne çalym edip duran 7 oglan doganlaryny görüp, olary gujak açyp garşylady. Akpamyk 6 gyz doganlaryny görüp gujaklaşyp, aglap tanyşlyk açdy. Bular birek-birekleri bilen tanyşyp, söhbet gurup, giç agşama çenli boldular, ejelerine doga okap, onuň ruhunyň şat bolmagyny dileg etdiler. Ogulsuraýyň bolsa indi ýagdaýy gowudy, gaýnynyň ruhy şondan soň düýşüne bir gezek hem girmedi....

Redaktordan: Eser sizde nähili täsir galdyrdy? Pikiriňizi açyk ýazyp bilersiňiz. Bizden daşlaşmaň, size durmuşy wakalary gyssagymyz bilen ýetirip durarys. Sagboluň!
Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (24 baha berildi berildi)


Okaldy: 615. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(18)



 Aýka

Örän gowy hekaýa ýenede şular ýaly hekaýalara garaşýarys
26.06.19 13:32
 Aýka

Örän gowy hekaýa ýenede şular ýaly hekaýalara garaşýarys
26.06.19 13:31
 Mekan

Gowy gyzykly yene sular yaly hekaya gazlrasyan
25.06.19 18:08
 karkara

Gaty gyzykly ,galamyň mundan beýlägem ýiti bolsun ýazan gowy eserleriň howri kop bolsun sag bol.
13.05.19 10:32
 Sirin

Hekaya gaty gowy,ellernize saglyk
19.04.19 11:36
 Jennet

Gaty gowy yene sular yaly hekaya garasyas sagbolun.
18.04.19 10:15
 ayka

Gaty gyzykly haladym sagbolun
11.04.19 12:30
 A A A

Onat hekaya berekella eline saglyk
01.04.19 07:00
 Gülsoltan

Eseriñ syužeti gaty gyzykly manyly. Durmushda bolup bilayjek wakalardan alnan. Awtora köp sag bolsunlarymy iberyan!
30.03.19 12:39
 Gülsoltan

Eseriñ syužeti gaty gyzykly manyly. Durmushda bolup bilayjek wakalardan alnan. Awtora köp sag bolsunlarymy iberyan!
30.03.19 12:35
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 18-9

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak