TM HYZMAT BILMELI
Gaýyn enemiň ruhy


Gaýyn enemiň ruhy

Birinji bölüm

Ogulsuraý bu öýe gelin bolup düşenine 5 ýyl boluberipdi. Ýoldaşynyň 6 gyz dogany bardy. Kakajan (Kakyş) bolsa körpeleridi. Ýeke ogul 6 gyzyň yzyndan bolansoň, gyzlar Kakyşy gaty gowy görýärdiler. Gaýyn atasy ýokdy, Ogulsuraý bu öýe gelin bolup düşmänkä aradan çykypdy. Ogulsuraýy gaýyn enesi gaty gowy görýärdi. Gaýyn enesi hem ýarowsyzdy. Onuň wagtal-wagtal gan basyşy beýgelip, aldym-berdime salýan wagtlary köpelmese azalanokdy.

Gaýyn enesi oňat wagty bazarda altyn-kümüş satyp, atly söwdegär bolup gidipdi. Gyzlaryny çykaryp, ogluny öýeren soň öz ýarowsyzlygy sebäpli söwda etmegini goýbolsun etmeli boldy. Özi altyn-kümüş aýlanşyk edensoň, gyzlarynyň altysyna hem birmeňzeş altyn çaýylan, kümüşden ýasalan çaklanja gymmat bahaly gülýakalary bardy. Ogulsuraý gelin bolup gelen güni gaýyn enesi: "Öýde gaýyn ata ýok, galan ömrüme sesiňi eşidip duraýyn" - diýip, gele-gelmäne altyn çaýylan, kümüş gülýakany "Ýaşmagyňy aç gelin" diýip sowgat berdi.

Bu gülýakanyň birini özi hem sypdyrman dakynýardy. Aý-gün tirkeş bolup geçip durdy. Maşgala hysyrdylary bilen öwrenişip gitdi. Kakyş Ogulsuraýyň işlemegine razy bolmady. Şu hojalygyň işini oňaryp otursaň boldy, mal-gara, towuk-jüýje hem saňa ýetik. Şolary azarsyz oňarsaň bolýar - diýip, Ogulsuraýy gyz wagtynda işlän dokma toplum kärhanasyndan hem işden çykardy. Bularyň agzybir maşgalasy bardy. Gyzlar atasy öýüne gezmäge gelende, jigileriniň gelninden göwni hoşdy. Ogulsuraý olardan birden-biri geläýse datly tagamly naharlar bişirip, öňlerinde goýýardy.......

Güýzüň ilkinji günleri gaýyn enesiniň ýagdaýy agyrlaşdy, hassahanadan ýagdaýy agyr bolansoň öýe äkidäýiň diýildi. Öýe getirilenden soň sanlyja sagadyň dowamynda ýiti ýürek dem alyş ýetmezçiligi, aterosklerozly kardioskleroz, arterial gipertoniýa keseli 3-nji dereje kesel kesgidi bilen dünýäsini täzeledi. Gaýny aradan çykanda gaýynyň ýedisini sagaman sowup, gyzlar dargamanka gaýnynyň zatlaryny deň-derman edip, 6 gyza paýlady. Eşiklerini isrip etmänjik geýiň, ejeňiziň geýen eşikleridir - diýip berk tabşyrdy.

Günler tirkeş bolup geçip durdy, gaýynyň o jumalygyndan bu jumalygy arasynda Ogulsuraý aşa gorkupdyrmy nämemi, ýa-da öň öli görmedigindenmi nämemi gijelerine tisginip turup başlady. Kakyş ony molla okatdy, öýe ýüzärlik tütetdirdi, goýun soýup goýunyň ýüregini ýüregine tutup ýürekletdi, aý garaz türkmen emleriniň edilmedigi galmady, hat-da gaýynyň köýneginiň ýakasyndan suw akydyp hem içirdiler. Şonda-da beterleşmese gowy bolaýanokdy. Indi gijelerine samyrdamany çykardy, gaýyny bilen gürleşýän ýaly ep-esli özüçe gürlemäni çykardy.......

Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (11 baha berildi berildi)


Okaldy: 561. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(7)



 Aybolek

Gyzykly
11.05.19 14:11
 Maral

🙋
21.03.19 22:40
 Jeren

haladym
18.03.19 19:14
 Love

Yzyna garashyas
17.03.19 22:23
 Olika

Gowy haladym
16.03.19 21:54
 Anonimus

ok
16.03.19 18:37
 Muhammedaly

Elinize saglyk mana yarady
16.03.19 12:10

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak