TM HYZMAT BILMELI
Gysgajyk pursatlardan döreýär


Gysgajyk pursatlardan döreýär

Düýşunde ejesiniñ gujagynda ýatyrdy.
Özi bilen deñ çagalaryñ sesine oýandy.
Okady.
Notalary ýat tutyp bilmäni üçin uruldy.
Üstünden güldiler.
Nahar wagty naharynyñ etini aldylar.
Iýmedi.
Ýatdy.
Ajykdy.
Aglady.
"Ulalsam, çagalarymy ýatymlaýyn okuwa bermerin" diýip özüne maksat goýdy.

***

Toý boldy.
Bagşy gaýnady.
Diñledi oturdy.
Ýigrensede "Gaşly ýary" üç dört mertebe diñlemeli boldy.
"Balsaýada" garaşdy.
"Selbiniýaz"-yñ ahyrynda dutaryñ kirşi üzildi.
-"Söhbedi bar sazlary bilen." diýip heñlenjiräp öýüne tarap ýola düşdi.

***

Söýdi.
Söýenligne buýsanyp bag ekdi.
-"Söýgüm bilen boý alan bagyñ saýasynda saýalasynlar." diýdi.
Utandy.
Utanjyndan söýgüsi rüstem geldi.
Söýenini "söýenine" duýdurdy.
Söýeni kabul etmedi.
Aglady.
Ýyllar geçdi.
Gaýdyp söýmedi.
Ýadady.
Hoşlaşdy.
Saýasynda saýalanmaly baga ideg edilmedi.
Gurady.
Guran agajy, söýen gyzyñ mazaryna "mazar agajy"edip ulandylar.

Awtor: Laçyn Öwezowa


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.8/5 (5 baha berildi berildi)


Okaldy: 479. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(14)



 Bahargül

Laçyn Öwezowa sizde üýtge$ik talant bar. Indiki hekaýalaryñyza sabyrsyzlyk bilen gara$ýan
20.04.19 22:45
 SheydA...

Iñsoñky Söygä degislisine dushundim... Olam gynancly eken. Awtoryn eline güller bitsin
20.04.19 20:39
 ayka

Menem holugup okap gordum many almadym cintgelabem dushunip bilmedim onnada berekella yhlasynyza
11.04.19 13:42
 Orazmuhammet

Awtor sagboluň
08.04.19 19:10
 Solnyshka

Gynancly soygi gowy yazypsynyz ustunlikkkkkk
03.04.19 21:04
 Solnyshka

Gynancly soygi gowy yazypsynyz ustunlikkkkkk
03.04.19 21:04
 Gülsoltan

Durmushyñ kyncylyklaryndan ejizleyan ubicare ynsanyñ hekayasy😢😢😢
30.03.19 21:41
 Gülsoltan

Durmushyñ kyncylyklaryndan ejizleyan ubicare ynsanyñ hekayasy😢😢😢
30.03.19 21:41
 A A A

Biderek wagt yitirmek
29.03.19 15:46
  LOVE

Hiç hilli dü§ünmedim. Ýöne gynançlyrak öýtýän?
27.03.19 00:33
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 14-5

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak