TM HYZMAT BILMELI
Gyz haty


Gyz haty

Söýülmäge mynasyp ýüregiñ bardyr öýdüpdim...
Dünýämi özgerdip bermegiñe garaşypdym...
Iñ ýakynlarymyñ hatarynda ornuñ bardy...
Başga-da arzuw edip, bolar öýden zatlarymyñ hasaby ýokdy. Ýalñyşypdyryn...
Aslynda ýalñyşan men däl-de sendiñ. Sen ýalñyşypdyñ.
Nirede ýalñyşdym diýýärmiñ?
Bir sydyrgyn aýlanyp duran dört diwaryñ arasyndaky garañky durmuşyma, ýagtylyk berjek bolup gözlerimi we añymy hakykata ýakyn ýurekdeş sözleriñ bilen kör etmegiñ dogrumydy?!
Gije-gündiz durmuşumy öwrenip özüñi edil ýanymda ýaly duýdurmagyñ dogrumydy?! Remezan aýynda her selarlikde edilen ýagşy dilegler dogrumydy?!
Ýa-da hassahanynyñ 9-njy gatyndaky aýnadan ýoluña köp seretdirmegiñ dogrymy seniñ pikiriñçe?!
Iñ bärkijesi, meniñ ýazgylarymyñ daş töweregindäki mowzuklara goluñy goýup, hut maña göz etmegiñ dogrumydy?!
Dost bolaly diýýärsiñ... bolýa, indi men hem Nobatgulynyñ liriki gahrymanynyñ ornunda özümi goýup, saña ýüzlenip, ellermi kelemenledip buýsançly goşgy aýdyp duran ýaly begenip :
-" Baram bolsa,
ýogam bolsa
geçdim men Günäňi, dostum!
Sen meniň serimiň dumany, dostum!
Bir dem bagtly boldum seniň yşkyňdan,
Indem dilemerin amany, dostum!
Seni gabanmaryn gyzdan-gelinden,
Goý, gözeller lezzet bersin janyňa!
Goý, seni söýsünler, ynanaýyn men
Seni söýüp, sende ýalňyşmanyma." diýeýinmi?! Ýa-da:
-" Da:ş ýaly doňduran ýüregmi meniň
Islän ýeriňe zyň, "wah" diýmen her hal.
Meň ýüregim saňa gerek bolmasa,
Düşün-ä, ol ýürek nämäme derkar?!" diýip ýenede tamamy diñe saña dañyp oturaýynmy? A belki-de men:
-"Säher çaglarynda saýgarmarsyň sen
Ýaşa dönüp daman sedamy, dostum!" diýip öz-özüm kinelere gaplanyp oturmagyñ deregine: -"Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma,
Ylaýym, duşma-da bela-betere!
Eger bagtyň ýatsa... Bir zaman da:şa
Öwrüp zyňan ýüregime büdüre!" diýip saña iñ gowy arzuwlary ederin h-ä?!
Hökman... Men mydamada seniñ üçin ýagşy dilegde bolaryn, ýöne şahyryñ gahryman gyzynyñ diyşi ýaly, bilip bolmaz birden seniñem bagtyñ ýataýsa, ýygşyrmagyn... Bu şäherde seniñ gussalarña gynanyp biljek ýumruk ýaly göwrümdäki aglak hem öýkelek gyzyñ barlygyny ýatlap dur.
Bilýäñmi?! Sadaja dünýämde boljak zatlary önünden ýazyp goýanlygy üçin Nobatguly agany nähili ýigrenýänimi. Bilgiçleri öñdenem ýigrenýänimden habarlysyñ...
... borla, gowsy men ýenede, ullakan gulaklygmy gulagma geýip, sen hakynda ýazylan ýüzläp aýdymlary, gözlerimi ýumup, hyýalymda daşymdan gygyryp sesli aýdýan kibi, içimden gaýtalap başlaýyn.
Wi saña soragym bara duraweri? "Birje gezek içiñden gygyryp aýdym aýdyp görüpmidiñ?" Hä-ä "ýok" diýýärmiñ. Şoñada şükür.

Awtor: Laçyn Öwezowa


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.5/5 (13 baha berildi berildi)


Okaldy: 714. Şü gün okaldy: 6


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(18)



 Masajyk

Durmusda ayralykdan erwet zat yok emma sen yagdayyna dusunmeyan soyygulinden soyen hem soyyguli bolarmy gynanma
13.05.19 13:22
 karkara

Duýgydaşlyk bildirýas Amaliýaň bir aýdymynda garaş synajak entäk diýşi ýaly gowy synlap,synag edip adamkärçiligini owrenip soýüň hemme gyzlar bagtly bolsun ozüni soýjegi Allajan taý hem ýar etsin.
13.05.19 08:40
 karkara

Duýgydaşlyk bildirýas Amaliýaň bir aýdymynda garaş synajak entäk diýşi ýaly gowy synlap,synag edip adamkärçiligini owrenip soýüň hemme gyzlar bagtly bolsun ozüni soýjegi Allajan taý hem ýar etsin.
13.05.19 08:38
 Meýrem

Işiñizde üstünlik! Örän gowy!!!
03.05.19 19:33
 Meýrem

Işiñizde üstünlik! Örän gowy!!!
03.05.19 19:31
 Jennet

Gaty gowy👍👍👍
18.04.19 09:55
 tumar

gowy hekaya eken gyzlar yalnysman durmusda menden maslahat
16.04.19 18:09
 dalijam

Gaty gowy yazylypdyr menem edil so duygylary basymdan geciryan yenede garasyas
10.04.19 16:31
 Gulshat

Gaty gowy saýt açypsyňyz. Işiňizde diňe üstinlik arzuw edýän!
04.04.19 11:11
 A A A

Onat yazylypdyr.
29.03.19 10:27
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 18-9

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak