TM HYZMAT BILMELI
Gyzyl kürtäň aşagyndaky ýanan gelin


Gyzyl kürtäň aşagyndaky ýanan gelin

Nurjahan orta mekdebi tamamlap weleýatdaky mygallymçylyk mekdebinde okuwyn dowam etýar Aý gün geçip durdy. Nurjahan okuwyn tamamlap obalaryndaky mekdepde işe başlaýar. Ýaşy kämillik ýaşdan geçsede söýýan yigdi bolmansoň durmyşa çykman otyrýar.
Mekdep işdeşleriniň biri
-Nurjahan ýaşyň birçene barypdyr, indi otyrmada bar şuňa, saňa şu gün guda barýar diýdi -Bilmedim menä näme diýeýin, öýdäkiler göwnese
-öýdäkiler göwnese diýip durmada baryp goýber, 9-y düzüw oglan ýokdyr, sahel mähel kemçilikleri öziň düzeldipräk ýaşabermeli. Biziňkiler hem öwer ýaly däldirle, ýaşap ýörsä -göreli onda
Şol günden soň doga boldymy dil boldymy bilmedik welin, olar guda gelenden men razy diýip ýigdi görmän bolýa diýip göýberdi
Bolýa diýlenine mähetdel gelen ýer hem ara wagt salman toý sähedin bellap goýdylar Ýarawsyzmyz bar bahasy bilen derrew toý etdiler
Gyz ýeriniň toýy asuda ýagdaýda geçdi, ýöne Nurjahanyň erkek doganlary, kakasy ýigdi gyz toýa çagyrmady. Asyl o döwürler kän halanokdy, geljekki körekeniň, köreken çakylyk edilmezden gelmeklerni
Bar zat hem oglan ýeriň toý güni ýüze çykyp başlady. Oglan ýerde Nurjahan täze gelin halyna stolyň başynda köp ýeke goýyldy. Ýanyndaky Atamyrat zol zol turyp bir ýerik baryp gelýar, turýar, otyrýar, bir belli neotyrandan nede turandan bolýardy. Şol wagt ýuregiňe garalyk gelen Nurjahan tolgynyp başlady.
Atamyrat ýene ýerinden turyp giden dessine, gelin bolyp barjak öýüniň özi bilen deň duş goňşy gelni Enebaý
-Nurjahan meni seniň ýanyňa hiç ýakynlaşmaga goýmadylar, bular seni doga tommyk bilen alyp otyrlar, öýňizdakiler bilen edilen, bu gelen ýigdiň narkaman, wagtyň barka toýy sakla, bu ýigitden saňa bagt ýokdyr, ömrüň kül bolar, ynan maňa
-men nädip saklaýyn, indi, eýýam häli gelinalyjy gelen dessine nikamy gyýdyrdylar ahyry -entek nika döwlet tarapyn geçeňoga, galanyny hem öziň gör, anha Atamyrat hem gelýar, eýýam hajathanada tütäp gelendir, bor onda
Diýdide Nurjahanyň ýanyndan gitdi
Nurjahan sesini çykarmaly. Balkyldap duran gözlerine bolsa gorky alamatlary çaýyldy Toýy sagaman soglyp soňky gyzgalaňly däp dessurlara eýerip oglan saldy boldy. Şagalaňly bolan oglan saldydan soň, Atamyrat bilen ýeke galan Nurjahan galpyldap gorkyp başlady, içinden bolsa öz özine sögünýardi, 30 golaý ýaşap toý edeňsoňbir bir söýşüp bir barda, ýene söýgiň gerek ýeri nirede eken, şu wagt tanyşça söýşen ýigdim bolsa beýle gorkmasam gorkmazdymam diýip öz özine käýindi
Atamyrat bolsa Nurjahan bilen işi ýokdy, ol barsyňam diýenokdy, haýdap şo günki toýda düşen pullary sanaýardy.
Birden hem
-A gyz saňada berlen pul bar bolsa ber hany, goşaýyn diýdi
Nurjahan äm-säm bolyp
-mendä pul yok diýdi
-gizläňok dälmi
-yok
Nurjahan ilkinji gijede pul barada gürrüň edilýandir öýdüp ýatsa tursa pikir etmeýardi Soň Atamyrat men häzir geljek diýip daş çykyp gitdi
Nurjahan kürtesini hem aýyrman bir burçda, burça ýaplanyp pikir ummanyna çümdi. Oglan duýeniň bir dogumly bolaýsa, ýa ýaňky gelniň aýdany çynmyka, pullary sorady welin, ýa pullary alyp şony almaga gitdimikä, ýa gaýnym daga aýdaýsamukam, täze gelin bolyp oglyňyza pul baryn alyp bir ýerigä gitdi diýseňemä bolmaz, halalyň bolaýyn ýeke biri hem gapydan geleňokla, bolman kim girsin oglan saldy edilensoň, çaý çorek äberlensoň, seniň ýanyňa girip çykyp otyrmazlara, her kimem toýdan soň ýadowdyr, ýatandyr, diýip her hili pikir edip, naçe güniň ukusyzlygy basmarlap, Nurjahan hem kürtesini hem aýyrman burça bir gysym bolyp dykyljyrap uklap galdy
Daň atyp atmaňka işik kakyldy. Hasur husur ýerinden galyp işigi açdy, görse elti boljagy -sagaman ýatyp turdyňmy Nurjahan
-salam, howwa
-Atamyrat eýýam gitdimi
Nurjahan bolsa başyny atdy, içinden bolsa, gelmese nirä gitsin diýdi
-gowlykmy bir
-oňat
-siziň düşegiňiz agşamky meniň getirşim ýaly dur, eýgilikmi bir, hany gizlemän ayt, Atamyrat ýanyňda bir boldymy
-yok bolmady, toýda düşen pullary alyp, häzir geljek diýip, gidişi, bilemok men -waý sen bize aýtmala
-mena täze gelin bolyp oglyňyz pul baryn alyp, häzir geljek diýip çykyp gidişi diýip aýtmaga utanýan
-häzir gaýyneneme aýdaýyn, meýit bir ýerde içip çekip ýatyp galandyr, diýip birden dilinden sypdy
Nurjahan bolsa
-saklan dur maňa dogryňyzy aýt, meni aldap dogalanyp alan ýaly görýan, özümi
Eltisi bolsa sesini çykarman, baryn gaýyn enem saňa düşündürer diýip, daş çykmak bilen boldy we yuwaşjadan çykyp gitdi......!?
Dowamy bar

Awtory Nowça


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.6/5 (8 baha berildi berildi)


Okaldy: 782. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(10)



 GPB

Ajaýyp
16.04.19 11:00
 Maral

Çok güzel olmuş.Ellerinize saglyk.
14.03.19 07:41
 Ahmet

Gaty gowy
01.03.19 08:29
 Zarina

gowy hekaya.yzyna garasyas
28.02.19 23:46
 Maral

elinize saglyk
28.02.19 18:50
 A.A

Gyzykly..
28.02.19 13:09
 s

Ajayyp gyzykly
27.02.19 20:57
 Ahmedik

Gaty gowy, yzyna garaşýas. Gyssagyňyz özüňiz bilen!
27.02.19 19:37
 Nurmuhammet

Gaty gowy
27.02.19 18:45
 Arzuw

Molades
27.02.19 18:21

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak