TM HYZMAT BILMELI
Hajy we Jöhit


Hajy we Jöhit

Bir Gurban baýramy güni ýakynlaberende, dul bir aýal ýanyna çagasyny hem alyp baý bir hajyň dükanyna baryp, Allahyň razylygy üçin ondan ýardam bermegini isläpdir. Hajy pakyr zenana kömek etmek ýerine:
— Sizden halys boldum. Näme men siz üçin işleýänmi bärde? Bar güm bolsaňyzlaňaý bärden — diýip, kowup goýberipdir.
Hajydan hiç garaşmadygy jogaby alyp, keýpsiz çykyp gaýdan aýal goňşy jöhüdiň (ýewreý) ýanyna gelende, jöhit oňa garap:

— Hanym size näme boldy? Hajy size näme üçin gygyrdy? — diýipdir.
Imanly zenan bolansoň hajyny ýamanlaman gaýtam onuň özüne:
— Ol biziň ulymyzdyr, sökse-de, ursa-da haky bar, saňa näme kapyr diýsänim — diýip jogap beripdir.
Emma jöhit bolan zatlary gören soň, onuň ýagdaýyny aňypdy. Ol hoşamaýlyk bilen, zenany dükanyna çagyryp, näme islese alyp biljekdigini aýdypdyr. «Özüňe-de, çagaňa-da islän zadyňy al, hajyň dükanyndaky zatlardan hem has gowusyny al özem» diýip, ýalbaryp diýen ýaly dükanyna salypdyr.

Dul zenan we ýetim çaga jöhidiň dükanyndan halan eşiklerini alyp geýipdirler, bezenipdirler, soňra jöhide garap:
— Allah saňa iman nesip etsin! Seniň bizi begendirşiň ýaly Allah-da seni begendirip, saňa Jennetde köşkler berip, Jennet lybaslaryny geýdirsin! — diýip, ýürekden doga edipdir, ýanyndaky ýetim çaga-da enesiniň dogasyna „AMIN” diýipdir. Şeýdip olar begenişip, öýlerine gidipdirler.

Dul we ýetim çagany dükanyndan kowan hajy ol gije bir düýş görüpdir. Düýşünde kyýamat gopup, özi hem Jennete düşüpdir eken. Jennetde aýlanyp ýörkä görse ajaýyp bir göz gamaşdyrýan köşk bar, seretse daşynda öz ady ýazylgy dur. Ol begenip köşge girjek bolsa agzyndaky sakçy perişdeler:
— Ýok girmersiň hajy — diýipdirler.
Hajy durup:
— Näme üçin girmäýin?! Bu köşk meňki dälmi näme?
Perişdeler oňa:
— Düýne çenli seňkidi. Ýöne ony düýn başga birine bermeli etdiler. Entek daşyndaky ýazgyny hem çalşamzok — diýipdirler.

Hajy muňa örän birhili bolupdyr. Ol örän gynanyp oýanypdyr. Ol irden jöhit Abram ependiň ýanyna, onuň dükanyna barypdyr. Salam, hal-ahwaldan soň oňa aýdypdyr: — Abram ependi, düýnki dul zenan bilen çagasy senden näçe manatlyk egin-eşik aldylar? Näçe alan bolsalar, bahasyny berjek diýip, gapjygyny çykardy.
Jöhit olaryň 1500 (bir müň bäş ýüz) manatlyk zat alandyklaryny aýtdy. Hajy içinden: “1500 manat 7,5 (ýedi ýarym) million bolýa, men onuň iki essesini bereýin” diýip, oýlanýar-da oňa ýüzlenýär:

— Beýle bolsa ine saňa onuň iki essesi 3000 manat. On bäş million pul bolýar — diýýär. Ýöne Abram bolmaz diýýär. Hajy ýene berjek puluny köpeltdi. Hajy näçe köpeltse-de, jöhit “Bolmaz” diýdi durdy. Hajy 100 000 manat, 500 000 manat diýdi, 1 000 0000 manada çenli köpeltdi ýöne ahyr Abram oma garap:
— Bolmaz hajy, bolmaz. Ol köşk 500 000 manada, 1 000 000 manada satylmaz... Ol seniň gören düýşüňi men-de gördüm we indi musulman boldum.
Ol köşk düýne çenli seňkidi, sen öň eden haýyr-sahabatyň bilen ony gazanypdyň. Ýöne ony düýn maňa satdyň. Men ony indi ýene saňa satmak niýetim ýok.

Sen hem mundan soňra gapyňa geleni boş göýberme-de Jennetde özüňe başga köşk saldyryber. Allahyň mülki giňişdir — diýipdir.
Jöhitden bu jogaby alan hajy:
— Indi gaýdyp gapymdan geleni boş gaýtarman — diýip, özüne söz berip, ol ýerden gaýdypdyr.

Çeşme: www.ertir.com
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.9/5 (16 baha berildi berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(13)



Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak