TM HYZMAT BILMELI
Iki ýaşly çaganyň ölümine sebäp bolan pişik urşy


Iki ýaşly çaganyň ölümine sebäp bolan pişik urşy

Ogulsuraý bu gün işinden dynç güni bolansoň 40-50 kg pomidory baňka ýapmak üçin daşyna geçdi. Onuň ýekeje gyzy bardy, ady Enebaýdy. Ol iki ýaşyndady. Ogulsuraý ýene agyraýakdy, 4-5 hepdelik göwrelidi. Öýde garry gaýyndan başga kömekçisi ýokdy. Gaýny — Ýeke özüňe kyn düşer gelinjan, az-azdan ýapaý — diýenine-de gulak asman pomidoryň daşyna geçdi. Gaýny dograşmaga kömek etdi, oturan ýerinde dogramaga kömek etse-de, gözüne degdi.

Enebaýjyk bolsa işige dökülen çägäniň üstünde kubik oýunjaklaryny, kakasynyň alyp beren ullakanja kamaz maşynjygyny, gurjagyny oýnap otyrdy. Kamaz ullakanja bolansoň, oňa aralygynda özi we gurjagyny hem mündirýärdi, ýeke özüniň biiiiiimp-biiiiiiiiimp-baaaaamp diýip garabaşagaý bolup oýnaýan sesi tutuş howlynyň içinde ýaňlanýardy. Ogulsuraý pomidor bilen başagaý bolup, Enebaýjyk aglamansoň öz işi bilendi. Ol pomidoryny dograp gazanda atardy, 4-5 banka ýanyndan soklap hem ýapaýyn — diýip, diri pomidor hem ýapmak üçin onuň ugruna çykany hem şoldy welin, Enebaýjygyň «waaaaa» diýen çirkin sesine zähresi ýarylyp daşaryk ylgady.

Gaýyn görgüli:
— Ogulsuraýjan, çägede içýan bir zat bar bolaýmasyn — diýip gygyrdy. Ogulsuraý ylgap barýarka Enebaýjygyň ýanynda özleriniň pişikleri bilen nätanyş pişigiň basalaşyp, seslerini howla ýaňlandyryp uruşýanyny görüp, eline sübse alyp pişiklere aýlap saldy. Şonda-da iki pişigiň elhenç çirkin ses bilen urşuşyny Ogulsuraý taýak bilen urup kowdy. Pişikler guduzlan ýaly hersi birýana ylgap gitdiler. Enebaýjygy eline alyp, onuň çäge basan ýüz-gözüni süpürişdirip, oňa suw içirdi. Elini-ýüzüni ýuwup emdirmäge durdy. Enebaýjyk bolsa enesinden haraý isleýän ýaly gysmyljyrady.

Ertirden bäri üns berilmedik çaga emmesini emip ýatyrka uklap galdy. Ogulsuraý ony ýuwaşjadan sallançaga salyp üwräp gaýtdy. Gaýyn görgüli:
— Sen işiňi ediber, oturan ýerimde özüm üwräp oturaryn — diýdi-de, sallançagyň başyna geçdi. Çaga aşa gorkandyr, gorky damarlaryny tutduraly ýa lukmana görkezeli - diýip, işiň başagaýlygy bilen ne ejesiniň, ne-de enesiniň ýadyna düşdi. Onsoňam Enebaýjyk emmesini emip rahat ýatansoň güman hem etmediler. O gün şeýleräk geçdi. Ertesi irden hem Enebaýjygyň ýagdaýy gowudy, kökejik iýip oýunjagyny oýnan hem boldy. Gün günortandan soň Enebaýjyk garnyny ýerden galdyrman arkan gaýşyp başlady.

Özüni arkanlykgan zyňdy, işdä ýok, diňe iňňildeýärdi. Tiz kömek çagyryp hassahana äkitdiler. Çagany göni agyr keselliler bölümine ýerleşdirdiler. Ogulsuraý çaganyň gapdalynda iki pişigiň guduzlan ýaly çirkin sesli gygyrşyp urşanda gaty erbet gorkandygy, çaga suw içip soňra ýatandygyny, bir sutkadan soň hem işdäsi kesilip ukusy pozulyp, arkan gaýyşyp, özüni yza zyňyp başlandan soň tiz kömegi çagyrdyk — diýip aýtdy. Lukmanlar çaganyň aşa gorka çydam etmedik ýüregi çat açyp ýürege howa ýetmezçilik edýändigini aýtdylar. Galany hem Alladyr welin, ýöne gijä galyp getiripsiňiz — diýip, çaganyň ýagdaýyny düşündirdi.

Gyz çaga ýürejigi ýuka bolýar, sähel zatdan hem gorkýar. Pişikleriň urşanlaryndaky elhenç sesi welin, uly adamy hem tisgindirmän duranok.
Daň sazy berende Enebaýjyk gözjagazyny şo ýumuşy bilen bu dünýeden bakyýete gitdi. Iki ýaşlyja gyz çaga iki pişigiň elhenç sesli urşy onuň ölmegine sebäp bolar diýip, otursa-tursa kellesine gelmedik Ogulsuraý balasyny bagryna basyp, ak arlyga dolap öýe alyp gaýtdy..........

Nowça şahsy döredijilik

Redaktordan: Hormatly adamlar, ene-atalar hem-de çagalara hossar bolýan we boljak eziz ildeşler! Çagalalary we çagalaryňyzy ünsden düşürmejek boluň! Ýönekeýje sebäpden ölümiň boljaklygyndan habardar boluň! «Boljak işe çäre ýok» diýip, arkaýynlyga ýol bermäň! Öteräk geçen bolsam bagyşlamagyňyzy haýyş edýärin!!! Üns berip okanyňyz üçin size köp minnetdar, hoş sagboluň!

Awtor: Nowça
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Hekaýa baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi berildi)


Okaldy: 902. Şü gün okaldy: 3


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(26)



 boss

Salam gowmy yagdaylañyz allajan beyle ajy yahdaylary hich kime gorkezmesin gaty gynandym
08.06.19 07:56
 Suray

Salam gaty gynandym
03.06.19 22:37
 milýa

Ýaşaýyşdan doýman gidenine gynandym
30.05.19 21:11
 dunya

gaty gynandym yone gowy hekaya ekn okan wagtym inim.titeneklap gitdi okap otyrkam birhillega boldym... cagalary unsden dusurmeli dal.olara elmydama uns berp durmaly
28.05.19 18:18
 Merŷem

Men şuny okanyma begendim sebãp meñem çagalam intãk kiçi hasam ünüsli bolaryn çagajyklamma sag boluñ
26.05.19 02:01
 Merŷem

Men şuny okanyma begendim sebãp meñem çagalam intãk kiçi hasam ünüsli bolaryn çagajyklamma sag boluñ
26.05.19 02:01
 Aynur

Gaty gynandym.
23.05.19 13:45
 Maşa

Salam gowy eken.Hic hacan hem husgarligi elden bermeli dal .Gowy Gynancly eken okap yuregim gyyyldy😓😓😓
23.05.19 13:23
 agosh

allam hic kime gorkezmesin perzent ajysyny
23.05.19 00:10
 Nazik

Waaah gaty gynanfyn.Cagajyg6n ejesinin nalasy gulagyma esidilen yaly boldy.Ynsan balam diymesin.
22.05.19 19:08
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 26-17

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak