TM HYZMAT BILMELI
Ilkinji söýgim


Ilkinji söýgim - 1 bölüm

《Durmuşdan alynan》

9njy klasa gadam basypdyk jahyllyk ýyllaryňam näme şeýle basym geçýärä mekdep wagtyňam tiz geçýä oglan gyzlar bn degişip näme o wagt hiçhili aladaň ýok, Her gün ir bn turup okuwa gidersiň gelip öýde az owlak işleriň edip agşamara bolanda da klasdaş dos ýarlaryň ýanyna otyrmana gidersiň.Meniň hem günlerim şeýdip aýlanyp durdy.Bir günem öýmize Oraz kakamlardan jaň geldi we indiki hepde uly oglyny öýerýanini toýdygyny aýtdy.
Kakam maňa iki üç gün öňünden gidip kömekleşmegimi aýtdy. Men öýden başga ýerde kän rahat ýatyp bilmämsoň toý güni gitjegimi aýtdym. Toýa bir iki gün galansoň Ejemem git ýogsam seniň öz toýyňada gelmezler diýdi.Meniň şol toýa aýagym çekenokdy, hiçhili gidesim gelenokdy.Ertir Toýyň gelnanjy günidi men öň ýanyndaky gün toýa gitdim. Baranymdan gowy garşyladylar, öýlenýän oraz kakamyň uly ogly gatam görjek boldy öňünden gelmänsiň diýip toýa gelenlere hyzmat etdim gazan ataryşdym öýländen soň işlerem azalypdy.şotaýda Kakamyň 4dogany bir ýerräkde ýaşaýady soňra men öýe girdim az salym dynjymy alaýyn diýip otyranymdan Oraz kakamyň ikinji ogly Gurban çaý nahar getirdi.
---Gel kakageldi çaý suw içeli diýip öýde nahar iýip otyrkak gapydan bir gyz girdi ýüzüne çalaja seretdim.Soňra ýene daşaryk çykdyk kömekleşeli diýip ýaňky gyz ýene gözüm düşdi ol hem gapyda gyzlara kömek edip ýördi.Men ol gyzy synlaýyn diýip aňkaryp galypdyryn.Özümem şol wagt suw alyp durdym, suw alýan gapym dolup gidipdir.
---Kakageldi doldy how suw gabyň diýip Gurban gygyrdy.Işlerem azalytdyk. Gapdalymda biri seredip duran ýaly seretsem ýaňky gyz hem maňa seredip dur eken meniň gözüm onyň gözüne kaknyşdy birhili endamym titirdäp gitdi. Ol gyz menden utanyp gözüni sowdy.Men işlere gümra bolup ýörsemem gözüm şol gyzdady.Birhili özümi gaty gowşak duýup ugradym.
Agşam düşüpdi öýlenýän ýigidiň klasdaşlary dos ýarlary gelipdi.Men nahar çekişip kömek edip ýördüm,nahar guýýançy (powur)gaýdansoň meň özüm nahar guýup bermeli boldum,ine ýaňky gyz gelýädi nahary guýup berdim ýöne birzada aljyraýdym. Öňler beýle bolamokdym özümem haýran galýadym. Myhmanlar azaldy menem bir iki agyz çöregimi iýeýin diýip otyranymdan ýaňky gyz bize nahar guýup beräýdä diýip geldi sesi şeýle ýakymlydy men bolýa diýip nahary guýup berdim.soňra giç bolupdy. herkim dynjyny almak üçin öňüne çaý alyp otyrdy. Biz hem boş otaga geçdik Gurban ikimiz. Ýaňky diýýän gyzym Oraz kakamyň gelniniň aýal doganyň gyzy eken toý edýän olaryňa daýzalary meňem Oraz kakamlar bolýa.Biz ýaňy öňünize çaý alyp otyrdyk başlanymyzdan ýaňky gyz we Oraz kakamyň gyzy biziň otyran otagymyza geldiler.Oraz kakamyň gyzy Maýsa meni edil öz jigsi ýaly gowy görýärdi.
Soňra Maýsa
---Bizem şutaýda dynç alaýsak bolmazmi diýdi.
Gurban hem
---Bolarla Maýsa gel ine çaýam bar içseňiz
---Ýokla Gurban arkyn içiber noş bolsun soňra Maýsa ýanyndaky daýzasynyň gyzyna
---Wii Aýjeren sen işjekmi çaý diýip sorady.Ol gyzyň ady Aýjeren eken. Ol otagda 4sany bolup otyryrdyk.Birhili Aýjeren maňa ýöne seredip duran ýalydy. Daşaryk çykdyk men Gurbana
---Gurban ýaňky Aýjeren nirede ýaşaýa diýip sorasam
---Şäherde hä näme boldy daýzamyň gyzyda
---Ýokla zat bolanok öňler sizde görmämsoň soraýdym.Aýjeren menden bir ýaş uly eken.
O gün şeýdip geçirdik ertesi gün hem gelnanjy günidi.Ir bilen turup kömekleşdim soňra Maýsa maňa
---Kakageldi şu gök önümleri hol otaga äkidip beräýdä. Men bolýa diýip ol otaga elitdim gapydan girsem.Şol otagda Aýjeren gök-önümleri dograp otyran eken men oňa
---Armada
---Barbol
---Neme siziň adyňyz näme diýip soradym. Ol hem
--Aýjeren seniň adyň näme
---Kakageldi adym men ýene aljyrap Aýjerene
---Aýjeren kömekleşeýinmi diýipdirin.Ol hem ýylgyrdyda şu zatlara kömek etjekmi. Men bolsa näme diýjegimi bilmän.
---Ýeke özüň işläp otyransoň diýäýdim
---Aý häzir gyzlar gelerle
---Hä olar ýaly bolsa bolýala diýip ol otagdan çykdym.Aýjereniň gürleýşi maňa şeýle ýaraýady şeýle mylaýymdy. Soňra öýlän golaýlady. Herkim gelnanja taýýarlyk gprýädiler.Soňra taýyn bolup ugrajak bolup durdyk.Ine aňyrdan gyzyl ketenili iki örülgü saçly Aýjeren gelýädi ol hasam owadan bolupdyr.
Söz bilen taryp eder ýaly däl. Ine gyzy almana gelnanjy ýola düşdi.Gyz tarapa bardyk soňra gyzy alyp Şähere surata düşmäne gitdikň Men bolsa Aýjeren gözüm aýyrasym gelenokdy.Gelnanjy geldi biz hem az salym myhmanlara kömek etdik soňra özümiz çöregimizi iýmäne otyrdyk. Men oraz kakamyň goňşylarynyň ogullary bilen doslaşypdyk soňra boş otaga üç oglan bolup geçdik.
Soňra maňa tanyş bolan oglanlarymyň biri
---Kakageldi hol otagda naharyň gapdaly bilen iýer ýaly işdäaçar(Salat) bar alyp geläý.
---Bolýa diýip men şol otaga barsam Aýjerenem işdäaçardan alyp duran eken men oňa
---Aýjeren owadan bolupsyň diýsem
---Çyndanam Kakageldi
---Howwa çynym
--- sagbol kakageldi. men ol otagdan işdäçäar alyp öz çörek iýýän otagymyza geçdim.Ýöne näme üçindir men Aýjeren ýöne seredesim gelip dur diňe gözüme gelip dur.Çöregim iýip daşarda kömek etmäne çykdym. Aýjeren hem kömek etmäne çykdy. Agşamam howlyda aýdymly sazlydy toýyň dowamy.Men öýleden soňra ýatyp dynjymy aldym. tursam sagat 5 bolupdyr.
Dowamy bar...

Awtory:Annagurban Annagurbanow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 5.0/5 (1 baha berildi)


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(18)



 aganur

Miltfilime menzeya
08.03.19 13:21
 Arzuw

Gowja hekaya elleriñe saglyk
22.02.19 20:29
 Ahmedik

Umuman gaty gyzykly
16.02.19 09:46
 Semsat

Gowy goty gowy galamyn yiti bolsun.
12.02.19 06:49
 Nazli

Gaty gowy
09.02.19 20:30
 Nazli

Gaty gowy
09.02.19 20:30
 Aysenem

Gowy eken
05.02.19 16:05
 Mahrishka 01

juda ajayyp hekaya bolupdyr yone kan yzaga cekilman yzam goyulsa has gowy baha berip boljakda uzlem sapalm bolsa manysy yityar yznam goyun ono Teswir dolup gitdi ya entak yetenokmy nace Teswir gerek bolor size...???
29.01.19 19:31
 Korpe 2001

Juda ajayyp hekaya ...
28.01.19 16:29
 Akpamyk

Dowamyna garashyarys.
27.01.19 09:45
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 18-9

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak