TM HYZMAT BILMELI
Ilkinji söýgim 3


Ilkinji söýgim - 3 bölüm

《Durmuşdan alynan》

---NÄ Bileýin Aýjeren ilki öýe giremde sende göremsoň.
---Men ýatamsoň alypdyrlar da Kakageldi. Şo wagt sagat agşamara 8 di az salym güreşip goýdun telefony ýöne hiç zat aýdyp bilmedim. Aýtmamsoň ýüregim hiç takat tapanokdy sagat agşamara 10 boldy. Men ýene Aýjerene jaň etdim
---Alo
---Alo Aýjeren ýene men bimaza eden dällirinä.
---Ýokla kakageldi näme boldy eýgilikmi
---Howwala Aýjeren saňa bir zat aýtjakdym.
---Aýdyber Kakageldi arkyn näme boldy. Men Aýjerene öz gowy görýänimi aýtdym. Aýjeren bolsa sesini çykarmady. Soňra Aýjerene
---Aýjeren şumada çenli zordan takat etdim nähili aýtjagimi bilmän diňe kalbymda seniň pikiriň gürleşesim göresim gelip dur.Aýjerenden ses çykmady ýene de men
---Aýjeren men seni gowy görýän şonda Aýjeren
---Kakageldi gowy görýäňmi diýip täzeden sorady Aýjereniň bu gürrüňine düşündim.
---Aýjeren söýýän seni ýöne şol sözümi eýýämi diýersiň öýdip gorkdym.Şeýle Aýjeren aýtjak zatlarym şumat ikinji gezek jaň etdim ýaňam aýtjakdymam welin birhili çekinip aýdyp bilmedim.Seniň hem berjek jogabyňa garaşýan.
---Kakageldi men saňa eýýäm jogap berip bilmen.
---Bolýa Aýjeren men garaşaryn ýöne saňa jaň etsem bolýamy.
---Bolýa Ýöne Ejem doganlam bilseler elimden alarlar telefony bumadam öýdäkiler ýatansoň öz otagymda işimi edip otyryn.Aýjeren şu ýyl mekdebi tamamlaýady ejesi hem işe gidensoň öýde gyz dogany bilen oglan jigsi bolýady.
---Aýjeren seresap bolaweri telefony bir allyrytma bolmasa hiçkimiň ýok wagty jaň et welin
---Bolýa kakageldi
---Aýjeren seniň jogabyňa garaşýan
---Bolýa pikirlelenirin
---Bolýa Aýjeren sagaman ýatyp tur
---bolýa kakageldi senem sagbol. Şeýdip telefony goýdyk men az salym gümenip öz otagyma geçip ýatdym
Ýary gije birzada oýandym az salym daşaryk çykdym soň ýene öýe ýerime geçidim sagada seredeýin diýip telefonyma seretsem sagat 02:14 eken we birem sms gelipdir. Men öz ýanymdan bäh bu näme diýip okasam.Kakageldi menem seni gowy görýän diýip ýazykly belgisine seretsem Aýjeren men bäh ukymykam diýip täzeden okadym hakykatdan hem Aýjerenden gelipdir.Men begenjimden uçaýjak bolýadym. Şo gije gözüme hiçhili uky gelmedi diňe şol sms i gaýta gaýta okap otyrdym.
Daňa golaý ymyzganypdyryn bir tursam sagat7 bolupdyr. Derrew ýuwynyp ardynym ertirligimi edinip mekdebe gitdim. Mekdepde diňe kellämde şo smsdäki sözler gaýtalanyp durdy. Gaýdyşyn dereew öýe geldim.Telefony alyp Aýjerene jaň etdim
---Alo
---Alo Salam Aýjeren gowmy ýagdaýlaň
---Howwa kakageldi gowmy senem
---Howwa menem gowyla Aýjeren agşamky sms-im meni şeýle begendirdi. Nädip aýtjagimi bilemok
---Kakageldi men bu söýgüden gorkýan.
---Wiii Aýjeren näme üçin gorkýaň
---Soňundan Kakageldi
---Aýjeren bu söýgüň soňy hökman bolar eger sen mydam ýanymda bolsaň
---Kakageldi seniň ýanyňda boljak bolaryn .
---Onda hiç gama batma
---Bolýa Kakageldi seniň bu sözleriň maňa teselli bolly
---Sen bu wagt nirede Aýjeren
---Öýde gyz doganym tikinçä gitdi ejemem işde oglan jigim bilen öýde
---Hä bolýala olar ýaly bolsa..
Şeýdip telefony goýdyk.Mekdebiňem soňky günleridi meňä ýene bir ýylym bardy.Aýjerenem okuwy tamamlaýady.Günler geçip dur. Biz her gün diýen ýaly gürleşýädik Aýjeren bilen men şeýle göresim gelýädi. Söýgü diýlen zat şeýle gudratly güýçli zat ekeni. 17ýaşymam dolyp barýady. Her gün dos ýarlar bilen üýşip gürleşip soň bolsa Söýgüli ýarym bilen gürleşýadim şeýle
süýji aýajyp günler aýlanyp durdy.
Bir gözeli janym berip söýüpdim,
Ýañy on ýedimi dolduran wagtym,
Aýda bilmän söýgim gizläp goýupdym, Ýañy on ýedimi dolduran wagtym.

Arzuw-umyt bilen ak daña ýetip,
Her gün görsem diýip arzuwlar edip,
Hanha gelýär saçyn egnine atyp,
Ýañy on ýedimi dolduran wagtym.

Göz gytagy bilen näzlije bakar,
Her bakanda ýürek-bagrymy ýakar, Gabak asty bilen gözlerin bukar,
Ýañy on ýedimi dolduran wagtym.

Agşam düşse deñi-duşlar üýşüşip,
Söýgi hakda söhbet etýäs gülüşip,
Ýary gije ýarym bilen gürleşip,
Ýañy on ýedimi dolduran wagtym.

Bir gün meniň belgime Aýjerneden jaň geldi.
--Salam gowmy
---Salam gowyla özüň gowmy Aýjeren diýsem güldi gürleýşi sesi birhili üýtgeşikdi soňra maňa jaň etme diýde de goýdy yzyna aýlasamam öçük berdi . Men öz ýanymdan bäh eýgilikmikä diýdim.Soňra daşarlarda gümenip ýördim birdenem ýene el telefonyma jaň geldi ýene Aýjerendi men aldym
---Alo
---Alo salam kakageldi
---Aýjerenn gowmy ýaňy näme boldy goýdyňla
---Ýaňky men däl de doganym seň bn gürleşen meniň gürleşýanimi bildi we ejeme aýtjak diýýä özem şunat daşarda saňa aýdaýyn diýdim.
---Aýjeren sen doganyň bn men gürleşip göräýin ejeňe aýtsa telefonam alar eliňden
---Howwa kakageldi alar bolýa diýip doganyna berdi. Men doganyna Aýjereni halaýadygymy we çynlakaýdygymy aýtdym dogany bolsa kän garşylyk görjezdi men kän ýalbardym emma diňlär ýaly däldi.
Soňra Aýjerene
---Aýjeren menä diýsemem diňlemedi näme edeýin indi
---Bolýa kakageldi menem gürleşip göreýin agşam habar tutup bilsem tutaryn ejeme aýtsa alar telefony saňa birzat edip habar ederin
---Bolýa Aýjeren. Agşamara boldy hiçhili habar ýokdy.Men telefonymy agşam ýatamda sesizde goýýadym ony hem etmedim birden gijiräk jaň gelsede gürleşer ýaly diýip. Şeýdip uklap galypdyryn. Ýary gije telefonyň sesine ziňkildäp turypdyryn seretsem Aýjereniň belgidi men derrew aldym
---Alo
---Alo salam kakageldi
---Salam aýjeren gowmy ýagdaýlaň näme boldy aldylarmy telefony diýip howlykmaç gürledim.
--Ýokla doganym bn gürleşdim özimem aýtmady ejeme indi görsem özüm alaryn diýdi şumat saňa habar edeýin diýip ýatarlaryna garaşdym
--Wah aýlanaýyn senden diýenimi bilmän galdym.Men Aýjereni söýýänligimi şo gün has hem göz ýetirdim sebäbi sesini eşdenimden ýüregim takat tapýady şo gün şeýdip ýatdym. Ertesi hem dynç güni bolansoň gijiräk turdum .
Dowamy bar...

Awtory:Annagurban Annagurbanow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi)


Okaldy: 638. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(10)



  Karkara

Gyzykly.
13.05.19 15:47
 Melek

gowy hekaya
11.05.19 13:55
 aysa

gowy hekaya yzyny hacan goyyanyz
19.02.19 18:21
 Arzuw

👍👍👍👍👍
17.02.19 19:49
 Ahmedik

Full eken admin
16.02.19 10:05
 Aysenem

Gowy
05.02.19 16:23
 sodiona

hany nirde yzy bu hekayan ??? Yzyny okasaga gou bolardy ADMIN........
31.01.19 21:02
 Myhman

Hekayanyn ssylkasyny imoda zatda podelitsya edelin koprak adam okar yaly, bahymjak yzyny goyarlar yaly
31.01.19 12:00
 Mahrishka 01

Sps gaty gowy hekaya caltrak yzny gayayyn hekayany naca adam okanson yzny goyyanyz???
30.01.19 21:23
 Korpe 2001

Juda ajayyp hekaya yzyny hacan goyyanyz ini???
30.01.19 21:19

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak