TM HYZMAT BILMELI
Ilkinji söýgim 4


Ilkinji söýgim - 4 bölüm

《Durmuşdan alynan》

4-nji bölüm

Soňra ýuwynyp işlerime gümra bolup otyrkam jaň geldi Aýjerenden.
---Alo salam kakageldi gowmy
---Howwa senem gowmy
--- howwa menem gowy şumat işlerim azaldyp saňa jaň edäýin diýdim.
---Oňarypsyňda Aýjeren biz birsalym gürleşdik. Soňra ejem bn öýde çaý içip otyrdyk.. Ejem
---kakageldi bu gürleşýän gyzyň kim kimlerden. Men ejeme bolşi ýaly edip aýdyp berdim.soňra ejem
---Oglum saňa ol gyzy bererlermikä
---Bererlerle eje.näme bermän.
---Hany entäk okuwyňy bir tamamla nesibäňde bolsa hiç ýerigem gitmez.Şeýdip okuw hem tamamlandy 3aýlyk tomusky dynç alyş.
Men bir gün öýde otyrkam kakam şu zatlary oraz kakamlara äkitmelidigini aýtdy.men hem ertir äkiderin diýdim. Agşam Aýjeren bn gürleşip otyrkam men oraz kakamlara gitýänimi aýtdym ol hem şolara barýan eken daýzalary bolansoň bir iş bn men öýmizdäkilere bir iki gün oraz kakamlarda ýatjagymy aýtdym. Ertesi Oraz kakamlara bardym salamlaşdyk gowy garşy aldylar.Entäk Aýjeren gelmädir. Oraz kakamyň uly ogly Merdanam täze öýlenensoň biziň ýanymyzda kän otyranokdy.Maýsa bn Gurbanam geldi üýşip çaýladyk günem aşaklady. Gurbanam
---Kakageldi bizde ýatarsyňa
---Howwa bir iki gün galaryn sizde
---Çyndanam ýanyma ýollaş ýok diýip ýördüm Merdanam öňki ýaly meň ýanyma gelňänsoň ýürek gysýady bolaýdy bula.Agşamara düşüpdi Oraz kakamyň aýaly Dürli gelnejemem işden gelipdi.Gurban ikimizem oba gezelenç edeli diýip çykypdyk.Epesli oba aýladyk Gurbanyň doslary bn tanyşdyk.Öýe gelseň nahar alman bize garaşyp otyran ekenler.
Oraz kakam
---Nirä alyp gitdiň Gurban kakageldini
---Oba geziň etdik Kaka.
---Irräk yzyňyza gelmelä how gijä galman
---Bor kaka indikide.
---Hany geçiň çöregiňizi iýiň. Dürli gelnejem
---Wiii saçagy almandyryn diýip Aýjeren şo stoluň üstindäki saçagy al diýip seslendi. Men birhilek bolup şol otaga seretsem Aýjeren gelipdir. Ýüregim çalt urup ugrady öz ýaryňy görmek gör nähili ajaýyp duýgy özem bir saçakda.Gurban maňa
----kakageldi öňüme seret diýdi. öňüme seretsem üç dört bölek çöregi döwüp goýupdyryn özüm bilmändirin şony. Bu söýginiň oýnyny söýgide jady bar diýilýäni çyn eken. Soňra Gurban ikimizä daşaryk çykdyk. Aýjeren bn Maýsada daşardaky tapjanyň üstinde el işlerini etmäne çykdylar.
Dürli gelnejem hem ýanlarynda.Ýöne Aýjereniň el telefonyny göremokdym öz ýanymdan öýündäkiler alyp galaýdymyka diýip pikir etdim.Gijiräk boldy biz Gurban ikimiz daşarda ýatjakdygymyzy aýtdyk.Ikimiz gijiräge çenli gürleşip otyrdyk Gurban ýatyp galdy men hem az salymdan ýatyp galypdyryn. Ertesi gün asmana galypdyr.Bizi oraz kakam
---Bulara seredä how entägem ýatyrlar Gurban kakageldi turuňa how diýip turyzdy.Biz ertirligimizi edindik. Soňra Gurban ikimiz Mal gara ot ýygaly diýip meýdana gitdik.El teledonyma jaň geldi seretsem Aýjeren
--Alo
---Alo salam kakageldi gowmy ýagdaýlaň
---howwa aýjeren özüň gowmy
---Howwa kakageldi menem gowy
---Nirede buwagt sen
---Öýde Maýsa kömekleşýän Maýsa ol otaglary arassalap ýör
---Hä bolýa bizem häzie bararys
---bolýa kakageldi men goýaýayn beýdip gürleşip durmaýyn. Sagbollaşyp goýdyk. Bizem Gurban ikimiz işlerimizi dynyp öýe gaýtdyk . Günortanlyk edinip ikimiz hem ýatyp galypdyrys. soňra tursak günem aşaklapdyr. Turup ýuwunduk soňra Aýjerene sms ýazdym. Şu gün agşam duşuşaýaly diýip jogabynda kakageldi men bärde gorkýan ikimizem görseler halamazlar. Men soňra hiçkim görmezle diýsem. Hany agşama bir ýeteli göreris. Ine agşamam boldy öňkiler ýaly Gurban ikimiz daşarda ýatdyk wagt gijiräk bolupdy.
Men Aýjerene sms ýazyp ýatyp ýatmanyny soradym. ol hem ýatmandyr.Şol ýerde köp ir iýmişli baglyk bardy men şol ýerde garaşjagymy aýtdym. Birsalymdan özi hem geldi
---Kakageldi bärde beýdip durmaly ikimizede gowy däl
---Aýjeren men seni şeýle göresim geldi meni gün günden özüňe çekýän ýaly sen
---Edil beýle dällirle kakageldi
---Aýjeren bize haçan gelin bolup geljek
---Wii kakageldi seň entäk bir ýyl okuwyň bara.
---Olaň hä diýmän geçer nesip bolsa
---kakageldi men indi gideýin
---Bolýa aýjeren sagbol diýip ugratdym ola öýe girdi menem tapjanyň üstine geçip nädip uklap galanimi bilemok. Ertesi irden turdyk gurban ikimiz oba gezelenç etmäne gitdik soňra aýjerenden jaň geldi
---Alo kakageldi men şu gün gaýtýan
---Wii eýýäm gaýtýaňmy aýjeren
---Howwa Ejem geldiýýä gaýtmasam bolmaz
---haçan gaýtjak
---häzir birsalymdan ýörejek
---Bolýa ýola çykaňda habar etsene men ugratjak seni.Men aýjereni ugratmak üçin ýola çykdym. We az salym duralgada durdyk. Men şol Aýjereniň gözüne bakyp söýýänligimi aýtdym edil şol wagt hem ýoldam Dürli gelnejemiň erkej dogany aýjereniňem daýysy öz ulagynda bizi görse nätjek. Men şol duralgadan derrew gaýtdym Gurbanym ýanyna geldim.Aýjerenem öýüne gaýdypdy meniň bar aladam aýjereniň daýysy aýjereniň ejesine aýdar diýip pikir etdim. Oraz kakamlardan menem şo gün gaýtdym. We öýe gelip Aýjereniň el telefonyna jaň etsem öçükdi. bul meni hasam gama batyrdy..
Agşamara öýde otyrdyk. we öý telefonymyza jaň geldi. Ejem alsa Dürli gelnejem bizi duralgada görendilerini aýtdy we aýjereniň bizi.
Dowamy bar...

Awtory:Annagurban Annagurbanow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi)


Okaldy: 155. Şü gün okaldy: 3


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Ahmedik

Hakyky durmushda bolan waka bolmagy mumkin, okanda gaty tasirli
16.02.19 10:24
 Ahmedik

Hakyky durmushda bolan waka bolmagy mumkin, okanda gaty tasirli
16.02.19 10:24
 Semsat

Bu zamanymyzda gosulanok ene ata. Onler enen atan yuzune gelmek hem kyn ekeni. Gowy eline saglyk.
11.02.19 22:11
 Mahrishka 01

hao so tire dip oz cagasa cagasy dasyndan basga birninem cagasyny yakyanyny bilmedimika eje bolsada bir samsyk ekeni ozem durmusda soylup gorendirlera hayran galaymaly ene ata gosulmasa gowy cagasynym durmusyna....???
08.02.19 21:54
 Keza

Da dogry aydyanyz, bir birin gowy gorseler tire taypa diyilyan zat bolmaly dal, esasy adama seretmeli, biri birin gowy gorup, birine seredip dursalar basga name gerek, sodami durmus gurmagyn esasy maksady
02.02.19 21:48
 Mahrishka 01

bah durmusda tire nama gerek soyse ene ata cagasynyn durmusyna gosulmaly dal
02.02.19 20:53

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak