TM HYZMAT BILMELI
Ilkinji söýgim 5


Ilkinji söýgim - 5 bölüm

《Durmuşdan alynan》

Bizi gören daýysy hem aýjereniň ejesi gygyranyny el telefonyny alanyny aýdyp otyrdy. Şol wagt menem ejemiň ýanynda otyrdym Soňra ejem gürleşip boldy.Men ejeme ýenede şol gyzy gowy görýänimi aýtdym.Ejem maňa
---Oglum olar entäk gyzy çukarjak däl diýýäler. onsaňam bererlermikä olaň tiredemä biziň tirämize gabat gelenok. biz barsagam şeýdiýäýmeseler.
---Aý ejemjan tire näme biri birimizi halasak boladyda..
---Bolýa oglumjan okuwyňy gutar onsaň bellini ederis..Şeýdip gçnler aýlanyp dur. Tomusky dynç alyş soňlanýady. Meniň şeýle ýüregim gysýady Aýjerensiz. Ne ýazan smsni ne de sesini eşdip bilýän.Bir günem howlyda işlerime gümra bolup ýörkäm.
El telefonyma ýat belgiden jaň geldi.
---Alo gowmy kakageldi bu sed aýjereniň sesidi
---Howwa Aýjeren özüň gowmy
---Howwa menem gowy özä
---Näme bolanyny bilýän Aýjeren eşitdim Dürli gelnejemden.
---Howwa kakageldi öýdenem çykaranoklar el telefonymam aldylar. bulam gyz doganymyň telefony indi gürleşip bilmeýän kakageldi .
---Aýjeren sen bir beýdiýmedä şu çaka ýüregim kynlyk bn takat etdi.
---kakageldi bu söýgü bolmaz
---Bolar Aýjeren meniň sözlerimi diňle sen sagaman okuwymy tamamlaýyn ugratjak ejemi
--- bolýa kakageldi seniň bu sözleriňe ýüregim az hem bolsa ýüregim ynç aldy.Men telefony goýaýym doganym geläýmesen.
---Bolýa aýjeren jaň edip bilen wagtyň habar tut garaşýan
---Bolýa kakageldi . Şo gün azajygam bolsa göwnüm göterilipdi sebäbi ýarymyň sesini eşitdim.
Okuwy hem başlapdy günler tirkeş gurap geçip durdy. Arasynd a Aýjeren bn habarlaşýadym. Soňra epedli wagt jaň gelmedi aýjerenden alada edip ugradym näme bollyka diýip. Soňra Gurbana jaň etdim. We aýjeren gezmäne gelýämi habar alyp bilmeýänimi aýtdym. Ol hem geçen hepde ejesi bn Gurbanlar gelnini we bize aýjereni bermejegini aýtdy . aýjeren hem şol kakageldini gowy görýänini Ejesine aýdypdyr.Gurban maňa şeýdip gürrüň berdi. Men has hem howsala düşüp ugradym bu näme bollygyka diýip ondan soň epesli gün geçdi.hiçhili habar ýokdy. Soňra ahyr gyz doganynyň eline jaň etdim. Dogany aldy men aýjereni soradym olam Aýjereni başga bir ýere berýändiklerini meňem jaň etmezligimi aýtdy. Men agşamara bolansoň Ejem bn gürleşdim.
Ejem bn gürleşdim.
---Oglum entäk okuwyňy tamamla onsoň alarys
---Eje gyzy başga bir ýere berýän ýalylarla. Ejem ynç alman dürli gelnejemlere jaň etdi.Aýjereniň ene atasy bize gyz bermejegini we tiresiiniň başgadygyny aýtdy. Näme etjegimi bilemokdym. aýjereniň özi jaň ederime garaşyp ýörün. Şeýdip her günüm hasrat bilen geçýädi.Hiçhili habar ýok. meniň aýlaýan belgilem hem öçürlipdir.
Başgada näme etjegimi bilemokdym. We soňra öňimizdäki aý Oraz kakamyň kiçi ogly Gurban öýlenýändigini aýtdy. Men muňa begendim aýjeren hem şo toýa geler diýip hem görerin hem gürleşerim diýip toýa çenli günleri sanap geçirýädim. Ine toýam gelip ýetdi.. Öň ýanyndaky gün toýa bardym aýjeren ýok eken.içimden ertir gelerle diýip hyzmat edip ýprdüm o gün şeýdip geçdi. Ertesi gyz taraba gidilýän gün agşamara bolupdy.
Garyndaşlarymyz gyz taraba gitdiler men ýüregim gysyp darygyp ugradym. Köçä golaý çykdym ine gyz taraba gidenler hem geldi. Birhili nämedir birzada ýüregim çalt uryp ugrady. Birdenem Aýjerene gözüm düşdi. ýöne başy öýmelidi doňup galdym näme gürlejegimi bilmedim.. Gözüme ynanyp bilemok ýa düýş görýämikäm. Eýläk beýläk ýöräp gördüm hiçhili ynanasym gelenokdy..Eý Allam bu näme bollygy Ýanyma Gurban geldi kakageldi menden gaty görme ýöne aýjerenim durmuşa çynýanyny saňa aýtmazlygymy Ejem isläpdi.
Aýereniň ejesi hem şol oglana ýagny saňa jaň etseň gürleşseň meniň gyzym däl ýa şol oglan ýa da ejeň diýdim bagyşla kakageldi ortada meniň ejemiň sözü bar . Bokurdagym dolup durdy. Aýjerende günä ýokdygyny bilýän onyň hem ejesi ejesinden geçip bilmezdi. Men şodurşuma ol toýdam öýe gaýtdym. Elimden gelýäm hiç zat ýok. Bu ykbalyň oýnyny. Eý Allam özüň gowysym et. Uzyn gije gözümden ýaş egsilmedi.

ILKI SÖÝEN GÜLÜM ÖZGÄŇ GÜLI BOLDY.
Toýa baryp gördüm ilki söýenim
Başynda öýmesi gelin bolupdyr.
Mähir berip jandan artyk görenim
Özgäniň töründe gelin bolupdyr.

Gijeler ýatmadym arzuwlap gyzy
Derek boýly dodagy hem gyrmyzy
Ýöne bolmady da söýgimiň yzy
Söýen ýarym özgä gelin bolupdyr.

Gyzyň doganlary garşy çykdylar
Meniň päk söýgime böwet boldylar
Şeýdip ikimizi aýra saldylar
Söýen gülüm özgä gelin bolupdyr.

Ugryna ylgadym ýöne bolmady
Eneň ataň biziň sözmiz almady
Söýen gyzym nesibämde bolmady
Söýen ýarym özgä gelin bolupdyr.

Mähribanym senden aýra saldylar
Seni bolsa ýat ýerlere dözdüler
Şeýdip biziň ykbalymyz üzdiler
Ilki bagtym özgä gelin bolypdyr.

Soňy

Awtory:Annagurban Annagurbanow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi)


Okaldy: 530. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(16)



 KZ

Bular yaly ene ata gaty kan, buwagt yone tire hiclay, pul diydi masyn diydi so zatlar ucinem bir birinden ayyryalar soyyanleri(((
19.04.19 15:54
 ayjeren

Ayjerenin ejesi bn gurbanyn ejesi dogana ayjerenin kaksynyn tiresi bashgadyrda bolup bilera yone sonuna gynandym soyenine barmasan durmush biderek. Allajan soyenimden ayyrmaa...
18.04.19 20:28
 Olika

Ene - Ata cagalary bagytly bolsa bolyara tire diyip cagasyny bagytsyz edipdirler gaty gynandymsad
04.03.19 23:16
 S. D. n.

Ene ata gulak asmaly olaryn oz cagasyna yamanlygy yokmyka diyip pikir etyan mena. Oz bagtymyzy ozumiz cozyas hazirki zaman. Oz soygim ucin garsy bolsalarda biraz hem bolsa soweserdim bagtym ucin.
03.03.19 19:29
 Anonimus

Ene ata gulak asmaly cagasynyn yamanlygyny islemez
22.02.19 12:33
 Palwan

Gaty gynandym sonuny okap!
19.02.19 17:03
 Arzuw

Tire ayra bolsa garyndas bolmaza olar
19.02.19 16:08
 s

Tire taypa seljerlip durulmaya bu zaman herkim soyenine gowusya. Ene Ata cagalarynyn bagty bolsalar bolya diyalermika diyan mena. Kane pikirly adam azdyrla bu zaman.
16.02.19 20:54
 Ahmedik

Menin pikirim turkmenchilikde shu yzagalak dushunje bar: " tire bashga, taypa bashga, maddy yagdayy pes, ara dash" we bashgalar. Yone gorup otursam agzalarymyzyn kopusi ol kone dushunjede dal yaly, nesip edenden geljekde bu dushunjeler yitip yok bolup gider?! Meselem menin toyumda, men entek oylenemok, shona chenli yitera?! Soyenimden ayyrma jan Allam...
16.02.19 10:37
 Semsat

Tire taypada bahana Ayjerenin ejesi bn Gurbanlar tiresi bir dalmy nadip senin tiran ayra taypasy ayra bolsa garyndas nadip bolyalar olar.
12.02.19 09:50
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 16-7

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak