TM HYZMAT BILMELI
Iň gysga hekaýalar


Iň gysga hekaýalar

Hemingueý her kimi duýgylandyrjak 6 söz bilen hekaýa ýazaryn diýip jedel edipdir we utupdyr. Onuň hekaýasy:«Çaga aýakgaplary satylýar. Geýilmedik» («For sale: baby shoes, never used»)

* *
Frederik Braun-yň gysga hekaýasy:

«Ýerde galan iň soňky adam otagynda oty:rdy. Birden gapy kakyldy...»

* * *
Amerikan ýazyjysy O.Genri-niň gysga hekaýasynyň başlangyjy, kulminasiýasy we soňlamasy ýerbe-ýer:
«Sürüji çilim otlandy we benzinini barlamak üçin benzobaka egildi. Merhumyň ýaşy ýigrimi ikidi».

* * *

Makedon patyşasy Filip-II spartalylara ýazan haty (biraz uzynrak):
«Size derrew boýun bolmagy maslahat berýärin, sebäbi eger-de meniň goşunym siziň ýerleriňize girse, men siziň baglaryňyzy ýok ederin, ilaty gul ederin, şäheriňizi kül ederin».
Spartalylaryň jogaby gysga:
«Eger-de».

* * *

Biktor Gýugo «Отверженные» romanynyň golýazmasyny neşirýada şeýle hatjagaz bilen iberýär: «?»
Hata görä jogap gelýär: «!»

* * *

Iň gysga awtobiografiýa ýazmak konkursynyň ýeňijisi fransuz garry aýalyň awtobiografiýasy şeýle:
«Ozal meniň endamym ýylmanakdy we ýygyrt eşigim bardy, indi bolsa – tersine»


Hekaýa baha ber:

Reýting: 5.0/5 (2 baha berildi berildi)


Okaldy: 217. Şü gün okaldy: 6


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(9)



 zarina

oylandyryjy
15.02.19 21:19
 Nurana

Haladym
11.02.19 13:54
 Mahrishka 01

many yokkk
08.02.19 21:56
 Garaja

Täsir galdyrjy
08.02.19 16:39
 Keza

Yo dogry, sebaap barde gysgaca hekayalar yazyga
02.02.19 21:56
 Ahmedik

Showlulyk yaranyn bolsun!!!
02.02.19 04:44
 Ahmedik

Atajan, dowam ediber, gowy ishleri alyp baryan...
02.02.19 04:43
 Ahmedik

Hich nenen dal, gowy👍
02.02.19 04:41
 Korpe 2001

hekaya yoa maglumatada hekaya diyyanmi ???
31.01.19 21:04

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak