TM HYZMAT BILMELI
Kabul edilmedik söýgi 2


《Kabul edilmedik söýgi》

《 Durmyşdan alynan 》
《Bolan waka》 Dowamy

Men birsalym daşaryk çykdym öz ýanymdan pikir etdim. Men Aýşagülü söýýädim ýönee ol indi ýok menden gitdi ahyryn, öz ýanymdan Aýşagüle ikilik etýän ýalydym ýöne bir tarabam ol menden gidipdä, men hem durmuş gurmaly ahyryn ömrümiň soňyna çenli Aýşagülüň gelmegine garaşyp bilmerinä garaşaryn geljegini bilsem ýöne ol hiç gelmez şo gün agşam şeýdip içimi gürledip geçdim. Ertir Merjene hemme zady aýtmagy ýüregime düwdim aýtmasam ýüregim rahatlyk tapmazdy.
Ertesi irden turup Merjene Salam diýip ýazdym ol hem birdalymdan soň salam diýip jogap berdi. Men oňa şu gün görüşüp bilerdmi diýip soradym ol hem sebäbini sorady men gürüüňimiň bardygyny aýtdym. Merjen hem razy boldy,.Agşam ara şo öňki ýere bararyn diýdim Merjenleriň golaýynda gezelenç edilýän seýil bagy bardy biz hem şotaýda gezelenç edýädik otyrýadyk. Ine agşamara boldy men şo seýil bagyna baryp merjene gelenligimi aýtdym ol hem uzak eglenmän geldi
---Salam Merjen
---Salam Kasym gowmy näme boldy eýgilikmi
---Howwa Merjen gowy eýgilikle
---Howwa Kasym aýdyber diňleýän. Men Merjene söýen gyzymyň bardygyny we ony söýendigimi we sebäp bolum aýra düşenimizi hemme zady aýdyp berdim we Merjene
---Merjen şu zatlary saňa aýtmagymyň sebäbi ýüregim ynç almady aýtmasam şo sebäbli hem aýtdym. Merjen bolsa maňa
---Kasym menem saňa aýtjak zatlarym bar diýdi
---Aýt Merjen diňleýän
---Kasym menem birini söýdüm epesli wagt gürleşdim soňra biderek bahana üçin aýra düşdik dogry men ol oglany söýdüm ýöne ol meni söýdümi söýmedimi bilemok men Merjenden näme bahana bolanyny soradym. Olarym Maşgalasy diňe öz garyndaşaryndan gyz alýalar eken ýat ýerden gyz alanokmyşlar. Men näme diýjegimi bilmän bähbit bolsun ýazylan däldir diýdim. Soňra Men Merjene gowy görýänimi aýtdym Merjen maňa
---Kasym sen meni söýme diýdi. Men bu sözleri eşidip birhili boldum
---Näme üçin Merjen beýle diýdiň
---Seňem ýüregiň söýgüden ýaralanan meňem ikimiz bir birimizi bagtly edip bilmeris meniň entäk ol ýadymdanam çykanok senem şeýlesiň. Herimiz aýry aýry adamy ýatlap bir birimzi söýüp bilmeris. Men näme diýjegimi bilmedim. Men merjene
---Merjen men seniň üçin ähli şertiňe kaýyl seni orta ýolda goýman diýsem
---Kasym özüň pikir et ikimi Söwuşen wagtymyz ýa da gaty görüşem ýagdaýmyzda sen maňa menem saňa ilki söýgümiz ýaly sözleri aýdyp bilmeris ilki söýgümiz ýaly duýgy bolmaz ikimizde de men seni bagtly edip bilmerin seni gowy göremsoň aýtýan şu sözleri eşidip bar halym gaçypdy. Men näme diýsemem Merjen diňe şol sözüni aýtjakdy sebäbi onyň gözlerinde diňe hakykat bardy. Ilki söýenim menden gitdi. Ikinji halanymam sözüm kabul etmedi

《Bile bolaly》

Oglan
Saňa gözüm düşüp aşyk boldum men
Gel ikimiz mydam bile bolaly
Erkimi alyp meniň elimden sen
Gel ikimiz mydam bile bolaly

Gyz
Birin söýdüm seni söýüp bilmerin
Diri ýandym indi ýana bilmerin
Seni men bagtly ede bilmerin
Şoň üçin ikimiz bile bolmaly

Oglan
Seň üçin taýyn men bermäne janym
Ezizläp söýerin meni seni aýym
Bu Bagtyň ýolynda bolaýda taýym
Gel ikimiz mydam bile bolaly

Gyz
Aý oglan düşünäý dä meniň halyma
Ýene ýanaýynmy söýgü oduna
Söýüp bilermi ýürek bu halyna
Şoň üçin ikimiz bile bolmaly

Oglan
Eliň ber bagtly ederin seni
Alaçsyz goýmagyn gözel ýar meni
Ýara güldür sen ýa da öldür meni
Ýalbarýan ikimiz bile bolaly

Gyz
Görme gaty berip bilmen elimi
Alaçsyz galma diňle sen sözümi
Nesip taparsyň özüň deý söýeni
Ýöne biz ikimiz bile bolmaly

Şeýle sözlerden soň ýuwaş ýuwaşdan Merjen bilen aramyz açyldy sebäbi men näme ýalbarsamam boljak däldi

Allahym bu neneň synag bollygy
Hiç maňa gülüp bakmady Ykbalym
Şumyka durmuşyň ýazan synagy
Hiç ýüzümi güllürmediň Ykbalym

Belki Allajan indi ýolymy açyk etsin

Bellik:Bile bolaly goşgy oglan bilen gyzyň sözleşen sözlerini goşga geçirildi.

Soňy

Awtory:Annagurban Annagurbanow


Hekaýa baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi berildi)


Okaldy: 174. Şü gün okaldy: 3


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(3)



 nurymyrat

gowy hekaya 1-njiň bagtyn bagtyňdyr 2-njiň görgutdir
10.01.19 16:53
 Aysa

Gaty gowy hekaya
09.01.19 19:32
 GÜLÖWSER

Şonuň ýaly söýeninden soň näme sebäden beýle diydikä ?!...1-njisinde aldansam , 2-njisi belki gowy bolardy...
06.01.19 21:02

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!