TM HYZMAT BILMELI
Köýen süýt


Köýen süýt

Ol gapy-gapy aýlanyp zat satardy. Şol gün ol hiç zat satyp bilmändi. Aşgazanyny açlygyň gemirişi ýaly, umytsyzlyk hem onuň ruhuny gemrip barýardy. Ol indi kakjak ilkinji gapysyndan iýer ýaly bir zatlar soramagy ýüregine düwdi. Ýöne kakan gapysyny mähirli hem-de ýaşajyk bir gelin açanda birbada utanypdy. Iýer ýaly zat sorap bilmän: - Bagyşlaň, içer ýaly suw berip bilmezmisiňiz?- diýdi. Ýaş gelin oglanjyga bir käse süýt hödür etdi. Oglanjyk süýdi heziller edip içeninden soň käsäni ýaş gelne uzadyp: - Size örän minnetdar. Size näçe tölemeli? –diýip sorady. Ýaş gelin ýylgyryp: - Pul gerek däl. Ejem maňa birine ýagşylyk edeniňde, ondan hiç zat hantama bolmazlygy öwretdi- diýdi. Oglanjyk oňa köp-köp sagbolsun aýdyp, yzyna dolandy. Onuň bedenine-de ruhuna-de güýç gelen ýalydy. Ýyllar geçdi. Ýaňky ýaş gelin juda seýrek duş gelýän kesele duçar boldy. Obadaky lukmanlar çäre tapman, ony şähere iberdiler. Şäher hassahanasynyň lukmany täze gelen hassanyň haýsy obadan gelenini eşidip, tisginip gitdi. Ol hassanyň ýanyna barýarka has hem tolgundy. Ol indi ýaş däldi, ýöne Lukman welin ony gören badyna tanapdy. Bu, ençeme ýyllar mundan ozal özüne mähir bilen ýüzlenen aýaldy. Lukman ol aýalyň janyny halas etmek üçin elinden gelenini gaýgyrmandy. Bir hepde soň ol aýal keselden doly saplandy. Lukman öňünde goýulan hasap kagyzyna göz aýlady-da, aşagyna bir zatlar ýazyp, ony aýalyň otagyna iberdi. Ol aýal gutulanyna begense-de, özüne çykan çykdajynyň mukdaryny görkezýän kagyza seretmäge gorkýardy. Ol indi galan ömrüne şol bergini üzmek için işlemeli boljakdygyny bilýärdi. Ahyry ol hasap kagyzyna seretdi. Kagyzda: “ Siziň bar çykdajyňyz bir käse süýt bilen bireýýam üzlüşipdiňiz.” diýen sözler ýazylgydy.


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.7/5 (13 baha berildi berildi)


Okaldy: 454. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(7)



 Mass

Gaty gowy s bu dunyade sun yaly adamlar yuregi pak ynsanlar kop bolsun
15.05.19 16:02
 Jennet

Gaty gowy onem okapdym sps
22.04.19 21:24
 Melek

Ozalam bir yerde okapdym. Öran gowy hekaya mena haladym. Yöne A A A nyn aydysy yaly ady gowy dal. Men gechen gezek okamda bu hekayan ady üytgeshikdi. Yenede sag bolun. Yazyp durun.
14.04.19 20:53
 A A A

Esere soz yok, ady welin gowy dal.
29.03.19 10:18
 Айжемал

Саг бол админ говы вака
27.03.19 14:49
 Maral

Gaty govy hakykat kime komek etsen garsylyksyz galmajagy belli Kim yazan bolsa isinde uly ustunluk yene gyzykly gen zatlara garasyas
27.03.19 11:24
 Ahmedik

Gaty gowy, düşnükli, manyly, ýürekden aýak ýalaňaç ýöreýän, täsirli, gyzykly diýseň gowy eser. Wiýýý, ýogsa-da, bu eseriň awtory, redaktory ýokmy? Ýok bolsa diýmek, redaksiýamyzdan bolsa gerek... Admin işiňizde üstünlik arzuw edýän! Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet!
26.03.19 07:17

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak