TM HYZMAT BILMELI
Men seni hiç haçan taşlamaryn 2


Men seni hiç haçan taşlamaryn 2

(Durmuşda bolan waka)
(2-nji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


-Men bilemok ,men seni göremok, tanamok ýöne señ bilen gürleşmek meñ üçin ýakymly galanynam wagt görkezerda...
-Bolmana menem saña söýýán diýemok şu wagt, gowy gördüm diýýän nesip bolsa kanikula baramda görüşerisda hä?
Ol sözüniñ şu ýerinde dyngy berdi, meñ jogabyma garaşdy. Menden ses çykmansoñ ýagdaýyma düşündimi nämemi, gürrüñi başga ýana sowdy.
-Onda sen ýat-da dynjyñy al, men saña ertir jañ ederin.
Men trubkany öçürdim. Eýläme-beýläme öwrülip hiç ýatyp bilmedim. Ataşyñ diýen sözleri gulagymda ýañlandy durdy.
" Allajanlarym hakyt gowy görýän diýáýdi, oýun etdimika ýa? O nädip ýekeje gezek suratda gören gyzyny gowy görüp bildikä, ysnyşmak, öwrenişmek bir zat, gowy görmek bir zat."
Men kellämde at salýan pikirleri tertipleşdirmäkäm uklapdyryn. Irden oýansam sms gelipdir:
"Salam atowjyk (: /men mydama irden gijiräk turamsoñ ol maña şeýle ýüzlenerdi/ ertiriñ haýyr, säher bilen tutjak işleñ şowly hümmetli bolsun! Men soñurak univera gidip gelemsoñ jañ ederin."
Men sms okap gaty begendim ir bilen ýakyn adamyñdan beýle sözleri eştmek meñ üçin diýseñ ýakymly boldy. Öýlän sagat 4-lerde Ataş maña jañ etdi. Biz ýarym sagatdan hem gowrak gürleşipdiris. Men biraz dymmarak bolamsoñ, diñe Ataş gürläp geçýär diýen ýalydy. Özem diýseñ degişgendi, kä wagt güldürip içiñi gyrýa. Bir sagatlap eñegine jañ dakylan ýaly uzak gün başyndan geçiren zatlaryny gürrüñ berýä, meñ näme işlänligim bilen gyzyklanýar, umuman biz özümize "şadyýanja leopartjyklar" diýen lakamy goýduk. Mydama hikirdeşip ýöremizsoñ.
Gyş sowulyp, ýaz düşdi. Aprelda oñ doglan güni ýetip gelýänligi sebäpli men ýörüte gutlag ýazyp surata düşüp taýýarlap goýdum we şol gün gije sagat 12-de ugratdym. Jogap bolmansoñ ýatandyr diýip menem düşegime geçdim. Gije ikiler töweregi telefonymyñ sazyna oýandym :
-Salam Näzli biynjalyk edenim üçin bagyşla...ilkinji bolup gutlanyñ üçin sag bol!
-Bolýa zyýany ýok.
-Suratyñam ýörüte meñ üçin düşdüñmi? :-P
-Ýok-la öñüräk düşüpdim.
-Şeý diýsene, interneda girjekmi?
-Ýok meñ ukym tutýa, ýataýmasam...
-Atowjyk...bolýa sag aman ýatyp tur!
Ertesi gün uzak gün içim gysyp geçdi, sebäbi Ataş doglan gününe taýýarlyk görüp, interneda girmäge eli degmedi. Menem buýrulan ýakamy dynamsoñ o diýen işim ýokdy. Gelnejeme kömekleşeýin diýsem, eýýäm öý işlerini özi edipdir. Onsoñ jigimi elime aldym-da joramyñ ýanyna oturmaga gaýtdym. Gijiräk öýe gelip naharymy edindim, biraz ejem bilen gümür-ýamyr etdim. Ejem goñşymyzyñ iki sany ýaka buýrup gidendigini, gyssagly toýa ýetişdirmelidigini aýtdy. Men çaýymy gapdalyma alyp tikin maşynymy işletdim. Çaýymy owurtlap, internetimi açsam eýýäm Ataşdan bir topar surat gelipdir.
Ullakan klýonka ýazyp üstüni başardyklaryndan bezäpdirler. Obşagada ýaşaýan oglanlar bilen saçagyñ başynda surata düşüpdirler. "Häli magazine gidemde saña aldym, onam özüm iýdim :-P " diýip morožennany surata düşürip ugradypdyr. Aý, garaz telefonynda puly gutaryp jañ edip bilmändir.
Basym ekzamenler başlady. Ataş indi öñküsi ýaly internetde otyrmaga eli degenok, ýöne şonda-da günde wagt tapyp birje gezegem bolsa maña jañ edýärdi. Şeýle günleriñ birinde ol maña doglan günüme gelip ýetişjekdigini, meniñ bilen duşuşmak isleýändigini magtady. Men diñe ýüregim däl, tutuş süññüm bilen muña razydym. Ýöne edil şol wagt razylaşmagy özüme uslyp bilmän biraz pikirlenjekdigimi söz berdim.
Ine, garaşylan gün hem gelip ýetdi. Doglan günümden bir gün öñ ol maña birtopar sms ugratdy, gowy arzuwlar etdi. Ertesi doglan günüm samolýotda bolara çemeli gündiz jañ etmedi. Öýlän sagat 8-lerde nätanyş nomerden jañ geldi. -Salam Näzli bagyşla, men bu gün mara baryp bilemok. Men aşgabatda şu wagtjyk gelip doganymyñ telefonyndan jañ edip durşum...doglan günüñ gutly bolsun! -Salam tüweleme geldiñmi sag-aman...
Men gaty begendim aşgabatda bolsa-da edil ýanymda ýaly duýuldy. Men şol gün ýatyp bilmedim. Ertir duşuşmalydygym ýadyma düşüp, giñ otagyñ içinde özüme ýer tapmadym.
Ir bilen el-ýüzümi ýuwup, gelýänçäm eýýäm telefonyma eýýäm telefonyma 7 gezek jañ gelipdir. Nomer nätanyş bolansoñ yzyna aýlap hem durmadym , ol barmana sms geldi " salam Näzli men Ataş. Şu meñ nomerim indi. Jogap bermediñ weli ýatan bolaýmasañ. Men eýýam maryda agşam taksili gaýtdym. Onda men saña sagat o:nda pylan ýerde garaşjakdyryn."
Sagada seretdim sagat dokuz. Derrew eşiklerimi geýdim, saçymy bulaşdyryp ýarym sagat eglendim. Barýançam sagat 11 bolupdyr.
Men ýöräp barşyma özümde bolup geçýän duýgulara düşünjek boldum. Ýüregim çalt urup bütin durkum bilen saññyldap ugradym. Dem almam kynlaşdy, bolsa-da uludan dem alyp biraz özümi dürsedim.
Birdenem.....men hasam tolgunyp ugradym. Ol göni öñümde ak maşynyñ gapdalynda ellerini arkasyna tutup, ýylgyryp durdy. Men aljyradym. Golaýladygymça aýagym diýen etmeýän ýalydy.
Ol maşynyñ yzky gapysyny açyp ondan ullakan bägül çemenini uzatdy:
- Doglan günüñ bilen!
-Sag bol.
-Gowymy ýagdaýlañ, kösenmänjik geldiñmi?
-Gowy Hudaýa şükür, senem geldiñmi sag aman?
-Menem seni görelim bäri gowulaşdym, ýadawlygym ýitirim bolaýdy- diýip ol ýylgyrdy. - Hany ýör onda gideli.
Men maşyna mündim. Gapdalymda duran ulurak sumkadan çykyp duran nämedir bir zadyñ gulagy meñ ünsümi çekdi. Ol aýnadan seredip oturan bolmaga çemeli: -Näzli, ýañy sen hakda biri gaty gyzyklandy, menem ony torba salyp alyp gaýtdym, hany barlap gör kim barka?
Men gulaklary tutup ýokary çekdim.
-Görsene muny towşanjyk- diýip men çaga ýaly begenjimi daşyma çykardym. Soñam öz bolşuma utanyp aşak bakdym:
-Sag bol!
-Saña meñzeş eken weli alaýdym.
Ol barmana biz barmaly ýerimize ýetdik. Garbanyşhana girip Ataş käbir zatlary getirmegi ofisianta haýyşt etdi. Ol iýer-içer ýaly zatlardan başga-da bir gutujygy getirip meñ öñümde goýdy. Men birbada hiç zada düşünmedim.
-Bu näme mañamy?
-Hawa açyp gör hany?
Men gutujygy açyp, gözlerime ynanmadym.
-Ýüzük? Ýöne men...neme....
Men diýere söz , "bu nämäñ alamaty" diýen manyda Ataşa seretdim. Ol ýüzügi alyp meñ barmagyma dakdy:
-Näzlim, men seni söýýän! Hawa men saña bu sözi gaty ynamly aýdýan, señ ilki telefonda sesiñi eşdenimden şu duýgynyñ peýda bolanyny añdym. Biz mydama bile bolarys nesip bolsa...sen garşy däl gerek?
Men duýdansyzlykdanmy, nämemi birhili özümi oñaýsyz duýdum. Ataşyñ gözlerine dogry seredip bilmän aşak bakdym. Utandym.
-Näzlim....?
-Bagyşla, ýöne men bu gymmatbaha sowgady kabul edip bilmen.
-O näme üçin? Men muny ýörüte señ doglan günüñ üçin getirdim ahyry. Sen meñ göwnüme degýäñ, haýyşt edýän beý diýme! Onsoñam sen indi meñ söýgili gyzym şeýle gerek?
Men dymdym.
-"Молчание знак согласия"- diýip orsçalaşdyrdy.
Men ýylgyrdym. Ine şeýdibem biziñ "söýgi" atly taryhymyzyñ ilkinji sahypasy açyldy.

Dowamy bar...


Okaldy: 4609. Şü gün okaldy: 23


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(37)



 Anonimus

Bah gen gallym bun yalylaram bar durmusda tuweleme durmus.owadan
18.06.19 17:05
 Owadanja

Allajan bizede sonun yaly oglan nesip etsin
17.06.19 23:38
 Milashka

Gaty gowy Allajan bizede seye soygi nesip etsin admina kop kop sag bolsun
17.06.19 21:39
 Eneş

Hic haçan soyenleriñiZden ayyrmasyn allajan.gaty begendim 👍
17.06.19 17:38
 dunya

onda ol hekaya nahili ekeni sen aydaysan ol hekayan nailidigini bzem bilayeli eziz??mena su hekayan nailidigine gyzyklanyan
08.06.19 21:23
 Eziz

Ol hekaya. Hakykatda beyle dal.
31.05.19 21:32
 dunya

eyjejik bagtly bolun allajan sizin bagtynyza goz degmesin soyginiz miwesem edil soyginiz yaly suyji bolsun..))))))
28.05.19 13:21
 Aibolek

Okey . Gaty gowy
19.05.19 20:11
 eyjejik

A men welin soyga ynanyan.durmusda soygi ba ine biz sower yarym bn 5 yyl halasdymam arzuwymyzdaky yaly toyam etdik indi soygumizin miwesine garasyas huday berse. yazyjymyzada mahriban okyjylarada su muwarek ayda yurek soyen yarynyza gowusmagynyzy arzuw etyan
17.05.19 18:58
 Masajyk

Ok .Gaty gowy
16.05.19 04:47
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 37-28

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak