TM HYZMAT BILMELI
Men seni hiç haçan taşlamaryn 4


Men seni hiç haçan taşlamaryn 4

(Durmuşda bolan waka)
(4-nji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


....Men egnimden agyr ýük aýrylan ýaly uludan dem aldym. O barmana "dzyn" edip telefonyma sms geldi:
-Salam Näzlim! Sag-aman gezip ýörmüñ? Menem gowy okuw bilen başagaý okuwda şu wagtam agşam jañ etjekdirin teliñi ýanyragyñda goýgun. Söýýän seni ezizim! Men begendim. " menem seni" diýip pyşyrdadym. Şol gün keýpim juda gowy boldy. Ýöne ýylgyrasym geldi durdy. Naharymy edinip, ejeme 8-nji martda sowgat bermek üçin alan köýnekligimi biçmäge oturdym. Gapy kakyldy:
-Gyzym kim geldikä gör hany?
-Bor eje.
Men hiñlenip gapyñ ýanyna bardym
-Salam gelneje...
Bu ýene Maýa gelnejedi. Ýanynda-da ýene iki sany zenan bardy.
-Salam Näzlijan. Gowumy gyzym, tüweleme, tüweleme - ol meni boýdan başa synlady -hany gyzym ejeñi çagyr.
Onýança ejem seslerinden tanan bolmaly. Gelip derrew myhmanlary törki jaýa geçirdi. Men " bee..bular Indi näme üçin geldilerkä?" diýip içimi gepletdim. Men öz otagyma geçip işim bilen boldum. Köýnegi ýaka taýýarlap, maşynymy işletdim. Gapy ýuwaşlyk bilen açyldy:
-Näzli? Gapyñ añyrsynda Maýa gelnejäñ gapdaly bilen gelen gelinler göründi. -Tüweleme ýaka edýäñmi?
Men "hawa" diýen manyda başymy ýaýkadym.
-Men Begenjiñ aýal dogany adym Gözel, ine bu-da gelnimiz Akgül tanyş bol. Men sesimi çykarmadym. Oturan ýerimde halyny dyrmalap, ýüzümi ýerden galdyrmadym. Gözel ýene meñ golaýragyma süýşüp:
-Nazlijan Begençjan gaty gowy oglandyr. Işleýän ýerindenem soraşdyryp görüñ. Häli seni görüp gaty halandygyny aýtdy. Utanjañ gyz eken diydi. Ejemem seni juda halaýa öñdenem göz öñünde tutup ýördi. Daýzañlar toý edende maşgala bolup seni synlamaga bardyk - diýip ýylgyrdy. - Onsoñam kakam size şäherden dört otagly jaý alyp goýdy, ýöne eger isleseñ Begenç seni Amerika äkitjek diýýä şo taýda ýaşaberjek diýýä...
Ol biraz meñ ýüzüme seredip otyrdy. Menden jogaba garaşan bolarly. Men bolsa "wahhh..ýok bolup özi gitse bolmaýamy, ýeri beýle ol oglanyñ ýüzi galyñdygyny şo zatlardan soñam düşünmädir dikdüşdi " diyip içimi gepletdim. Dymyşlygy onuñ gelnejesi bozdy:
-Men-ä eýýäm näçe ýyl bile ýaşap gaýnymdan ynjan ýerim ýok. Eliñi sowuk suwa batyrtmars. Saña deregem men işlärin.
Men halyny dyrmalamagymy dowam etdim.
- Näzli bor-la utanma, bir zatlar diýdä - Gözel ýene soragly seretdi.
-Hany meñ geljekki gelnime azar bermäñ- Maýa gelneje bilen ejemem bize goşuldylar. Ol gelip meni gujaklady, elindäki sumkasyny dörjeleşdirip ýaglyk çykardy.
-Hany gel gyzym.
-Maýa gelneje gerek däl- diýip men gapdala süýşdüm, ýüregim atygsap agzymdan çykara geldi.
-Wiý o näme gerek gyzym ine bularam 8-nji martyña.
Ol ýene sumkasyny açyp haltajygyñ içinden gulakhalka bilen ýüzügi çykardy. - Al gyzym ýaglygam dañyn. Nesip bolsa şu tomus törümizi bezärsiñ.... Meñ hykga damagym doldy. Aglamajak bolup gözlerimi ýummazlyga çalyşdym, ýumsam ýaşym paýyrdap gitjekdi. Men uzak saklanyp bilmän, çaltlyk bilen otagdan çykdym. "utandy öýdýän" diýip Maýa gelnejäñ gülküsini eşdip galdym. Daşary çykyp, aýal doganymyñ ýanyna ylgadym. [Ol goñşymyza gelin bolup barypdy] Meni görüp ör-gökden geldi:
-Waý Näzli näme boldy, näme aglaýañ?
Men esli wagt gürläp bilmän sojap-sojap agladym.
-Men durmuşa çykasym gelenok uýam, ejeme aýdaýda...
- Waý muny, durmuşa çykmaly borsuña jigim, gyz kişi maşgalasy bagtyñ açylsa çykmaly bolýa alada etme hemme zat gowy bolar.
- Ýöne men ony halamokda.
-Diñle jigimjan, menem toý edemde söýşüp durmuş gurmadym. Tanaýan oglanymam bolsa gaty erbet aglapdym, ýöne indi öwrenişdik senem öwrenişersiñ.
Men agladym. Uýam meni köşeşdirip, öýmüze alyp gaýtdy. Myhmanlar gidipdir, ejem gözüni tegeläp meni gözläp ýör eken:
-Asyl sen bärdemi? Ýüregimi ýardyñ? Aýdyp gitmeli ekeniñ seni gözläp halys boldum. Gel gyzym bärik beýdip aglap ýörme aýyp bor.
Biz tirkeşip öýe girdik. Men gözýaşymyñ yzy kesilmedi. Aglap kelläm agyryp gitdi.
-Eje bermäýdä meni şolara. Barasym gelenok hä?
-O näme üçin gyzym näme päsgel berýä ýa.......???
Ejem meñ ýüzüme dikanlap seretdi.
-Gyzym göwün bereniñ barmydy ýa?
Men möññürip goýberdim. Ejemiñ dyzyny gujaklap agladym. Ejem eli bilen agzyny tutup uýama seretdi.
-Gyzym kim ol? Hany aýt gizlemänjik?
-Sen ony tanañok eje...ol başga obadan ýöne men şony haladym, olam meni halaýa. Men şoña barjak..
-Nirede tanyşdyñyz?
-Internetde...
-Waý, girme diýmedimmi şol interkoma...
-Eje internet interkom däl - diýip uýam pyñkyrdy.
-Aý şomuşda hazan alan, ondan söýgi bolmaz gyzym biderek zatlara kelläñi agyrtma, ynanma...kim bilýä ol oglan nahili maşgalada ulaldy. Goý, gyzym ine görersiñ hemme zat gowy bolar.
- Ýöne eje....
-Gohuñyz näme, ýasa gelen ýaly näme bolupdyr şeýder ýaly kesiñ sesiñizi! - Men kakamy heniz beýle gaharly ýagdaýda görmändim. Sesimize suw sepilen ýaly boldy. - Hawa aýdyñ näme boldy? Ahyry birine barmalysyñ-a ýa her gezek şeýdip ala-zenzele boljak ýörjekmi? Menem gowsy bolsun diýýän geldi geçere gyzymy beresim gelenok...indem şu mesele gozgalmasyn şu öýde aždarha beremoga men seni...
Kakam şeý diýip çykyp gitdi.
-Kakañ dogry aýdýa gyzym, seni gowy ýere berip, gülüp gelmegiñi isleýäs ýamanlygymyz ýok.
Men bildirmejek bolup, sessiz aglap bokurdagym gysylyp gitdi. Ýassygym syrkybermeli boldy. " Indi men näme etsemkam" birden "dzyn" edip sms geldi. "Ataşdyr" diýip telefonyma ýapyşdym. Nätanyş nomer "Salam zaýkam gijäñ rahat bolsun!" bu Begenjiñ nomeri eken. Gaharyma " men señ zaýkañ däl" diýip jogap ugratdym. Men oña barasym gelmeýändigini, halaýan ýigdimiñ bardygyny aýdasym geldi. Kakama aýdar gorkusy bilenem hiç zat aýtmadym.
Telefonym jyññyrdady.
-Salam Näzlim!
-Salam -meñ sesim gaty haýal çykdy.
-Aglaýañmy? Ezizim, näme boldy?
Men ýassygy ýüzüme tutup agladym. Ataşyñ sesini eşdip hasam ejizledim.
-Näzlim kim göwnüñe degdi. Ýa meñ gündiz jañ etmedigim üçin öýkelediñmi?
-Meni durmuşa çykarýalar. Men zordan şu üç sözi diýip ýetişdim.
-Nääämeeee....?
Men agladym. Olam esli wagt sesini çykarmady. Ýöne dem alyşynyñ üýtgändigini añdym.
-Ezizim men oña barasym gelenok.
-Hany goý Näzlim! Sen men hakda ejeñe aýtdyñmy? Ataşyñ sesi sandyrap çykdy.
-Hawa ol diñlemegem islänok, ýalan zatlar bu diýýä...
-Gaýgy etme ezizim. Men seni hiç kime bermen eşidýäñmi? Sen diñe meñkisiñ!
Garaş men öýe jañ edeýin ejeme aýdaýyn hemme zady...
-Bor . Men telefony öçürdim. Ýarym sagatdan ýene Ataş jañ etdi:
-Näzlim men ejeme aýtdym, ol soraşdyryp göreýin diydi sen alada etme men señ ýanyñda bolýamy?
Men azajyk köşeşdim. Ýüregim çalaja giñedi. Hudaýdan hemme zadyñ düzelmegini diledim. Ýene biri-birine meñzeş günler geçdi durdy. Ejem maña Maýa gelnejeler hakda şondan soñ hiç zat aýtmady. Aradan üç gün geçdi. Öyde ýeke özümdim Ataş jañ etdi:
-Salam Näzlim.
Oñ sesi gaýgyly çykdy - men ejem bilen gürleşdim.
-Hawa näme diydi?
-Ol sorapdyr. Señ gözüñ haýal görýänligini, her alty aýdan leçenýa alýandygyñy aýdypdyrlar....
-Ýeri onsoñ?
- Ol seni alyp berjek däl diýýä...gözi haýal görýän bolsa çaga dogurmasam kyn bolýa, señ kösenmegiñi islämok diýýä...
Men bu sözleri eşdip gözýaşymy saklap bilmedim. Trubkany öçürdim. Özümi ýere goýberip, uly sesim.bilen ýüzümi tutup agladym. Hawa, meñ iki gözümem haýal görýädi, linza dakynýadym, leçenýa alýadym....bu hakda Ataşada şo bada aýdypdym ol " meni görseň bolar" diýýädi. Meñ beýle dogulmagyma men günäkärmi? Hudaýjan meni şeýle ýaradypdyr, meñ ýazygym nämede?!...Telefona gelýän jañlary gulagym eşdenokdy. Gulaklarym gapylyp, gözüm garañkyrady. Özümi nira urjagymy bilmedim. Aglap-aglap ýatyp galypdyryn...
Ejemiñ yralap:
-Gyzym ýadadyñmy biwagt ýatypsyñ? Hany ýör nahar iýeli -diýen sesine oýandym. Telefonyma 27 gezek jañ we şeýle mazmunly sms gelipdir: " Näzlim ezizim, ýekejäm meni bagyşla señ göwnüñe degmek islemedim ýöne ejemiñ diýen zatlaryny aýtdym sen meni diñlemän goýduñ. Men ejem bilen telefonda jedelleşip bilmedim, basym öýe barjak. Hemme zat gowy bolar men seni hiç wagt taşlamaryn!" Men ýene agladym. Ataşyñ geljek gününe garaşdym. Bir hepdeden ol öýlerine geldi, ýöne näme üçindir iki günläp maña jañ etmedi. Üçülenji gün diýlende nätanyş nomerden jañ geldi.
-Alo salam, men Ataşyñ dogany biz seni alamzok. Señ üçin ol ejemiñ ilkinji gezek ýüzüne geldi. Öýden çykyp gitdi şol gün agşamam awariýa düşüp sen zerarly bolnisada ýatyr Ejem mugallym gyz aljak diýýä, göz öñünde tutanymyz bar. Şoñ üçin gayrat et-de...
Men mundan artyk çydap bilmedim. Telefony öçürdim. Şeýle bir aglamak agladym welin, soñabaka gözümden gözýaşam akmady dälirän ýaly, gözlerimi bir nokada dikip näçe wagt oturanym belli däl.
-Jan gyzym näme bolýa? - ejem aglamjyrap meni yralady - wah, gyzym men guraýyn seni men kösedim, razy bolamsoñ bermen gyzym. Hany özüñe gelsene.
-Eje meni näme üçin dogurdyñ, kösenmek üçinmi? Näme üçin Hudaý meni beýle ýaratdyka?! Dogulmadyk bolsam gowy bordy...
- Beý diýme jan gyzym, kemsiz gözel bolmaz. Belki öñüñde gowy durmuş garaşsyn-da!
Ejem ikimiz aglaşyp kän oturdyk. Gijara Ataşdan sms geldi :" Salam Näzlim gowumy ýagdaýlar menem öýe geldim sag-aman, ertir saña seýilgähde garaşaryn. Gaty göresim geldi" Ertesi gün bellenilen ýere bardym. Ataş meni gülli garşy aldy. Biz skameýka geçip oturdyk.
-Näzlim...nähili ýagdaý bolsa-da bilgin, men señ mydama ýanyñda bolaryn. Ine seret bu-da biziñ söýgümiziñ nyşany bolar.
Ol jübüsinden kümüş zynjyry çykardy, hersiniñ ujundaky ýarty ýürejigi birikdirip:
- Ine bir gün biziñ ýüreklerimiz şeýdip biriger. Sen hiç zady alada etme men bir zat etjek bolaryn - diýdi-de zynjyryñ birini meñ boýnuma beýlekisi öz boýnuna dakdy.

Dowamy bar....


Okaldy: 1. Şü gün okaldy: 1


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(14)



 dürli

Benim için aşk diye bir şey yok artik o yüzden hiç bi fikrim yok
04.06.19 23:03
 Aybolek

Gowy yazylan eser
11.05.19 08:51
 Nesibe

🌸 1 njidena ufff cekme name bolsada jigim 2 njidenem soygu namedigini bizden sorama innikilen ozem gowy bilya bilmediksiremesenan....Hemra.we aymelek diyen bolyanyz gyz bolsam palan palan etmerin dp sizde name yurek yokmy barmakan tanamaly borsuna birek biregi herkim oz soygusune dussyn.Wakany dogrym aytsam kopsunden gowy gordum men yzyny okayyn hazir
03.05.19 15:32
 Arzuw

Gaty gowy yazylypdyr
29.04.19 15:50
 🌸

Uffff soygi nameka😞
24.04.19 14:33
 Gadam

Okadym
16.04.19 13:30
 S.G

Herkimede hayyrly soygu dusursunda Allajan
14.04.19 20:28
 Atash

Gowy yazlan.manysyna dushunmek ansat.
12.03.19 12:51
 Aymelek

Dogry Hemra sen aytyanynam menem gyz bolup hic kime soz berjekdal diyyan yone soyguda hacan gelenini bilmersin
04.03.19 10:11
 Ahmedik

Ýok, gowy hekaýa. Kime göwün berip, kime göwün bermejegiñ belli däl. Söýgi bilen oýun etmäñ, ol siz bilen oýun etse erbet oýun eder Hemra
18.02.19 03:09
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 14-5

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak