TM HYZMAT BILMELI
Men seni hiç haçan taşlamaryn 5


Men seni hiç haçan taşlamaryn 5

(Durmuşda bolan waka)
(5-nji jemleýji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


-Men düşünmedim?
-Näzlim, meni bagyşla! - Ol aşak bakdy, bokurdagy doldy. Gözleri ýaşdan dolandygyna garamazdan aglamady, agyr-agyr dem aldy.
-Men ejemi yryp bilmedim ezizim! Men seni okuwa biderek zatlara kelläñi bulaşdyr diýip ugradamok, okuwyñy oka diyip ugratdym, men okuwly gyz aljak diydi....men...men ýöne seni ýeke goýman hökman seni alaryn. Okuwymy dynyp geleýin. Men seni taşlamaryn ezizim!
-Ýöne kakam maña düşünmez, sen gelýänçäñ ol meni durmuşa çykarar. Onsoñam meni alasy gelmeýän maşgalada nädip gelin bolaýyn?
-Näzlim, men ejem aýtdym maña bolýa şol gyz men ýaşamala oñ bilen diydim. Men ejemi yraryn
-Zyýany ýok, kysmatdyr bu...bile bolmak nesibämizde ýokdur-da...sen gowusy meni unut menem seni....
Men ýerimden turup ylgaşlap gaýtdym.
-Näzlim dursana...maña hökman garaşgyn ezizim! - diýen sesini eşdip galdym.

Men öýe gelip, uzak gün otagymdan çykmadym. Sessiz aglap bokurdagym agyryp gitdi. Ataşyñ näçe gezek jañ edenini bilemok. Ýöne şondan soñ men oñ jañyny almadym, sms jogap ýazmadym. Telefon belgimi üýtgetdim. Meñ üçin bar zat gyzygyny ýitirdi. Ýaşasym gelmän başlady. Özüme birzatlar edesim geldi. Elime lezwiý alyp damaryma golaýlatdym. Elim titredi, bu hereketi etmek üçinem gaty ullakan ýürek gerek ekeni. Başarmadym. Ýöne lezwiñ degen ýeri gyzaryp gan çeşmeden akýan ýaly akyp ugrady. Seretsem damarym hakykatdanam kesilipdir. Men ýykylypdyryn. Gözümi açsam keselhanada maşgalam daşymy gallap otyr. Kakamyñ şonda birinji gezek aglanyny gördüm:
-Gyzym meni bagyşla!
Ol şeý diýip palatadan çykyp gitdi. Gudaçylygy ýatyrdy. Hemme zat öz ornuna geldi.
Iki ýyl geçdi. Men işe girdim. Ýöne aradan şunça wagt geçse-de Ataşy undup bilmedim. Bir gezegem işden çykyp taksi saklamak üçin köçä çykyp elimi galdyrdym. Beýlerägimde duran maşyn ýerinden gozganyp, meñ deñimde saklandy.
Salgymy aýtmak üçin gapysyny açdym:
-Salam meni....men doñup galdym.
-Salam Näzlim!
Gözlerime ynanmadym.
-Bu senmi? Meñ dodaklarym ýazyldy. Begenjime gözümiñ okarasy ýaşdan doldy.
Agladym.
-Waý, towşanjygym aglama, ine men señ ýanyñda. Indem hiç ýere gitmen söz berýän. Näme etseñem men seni taşlamaryn! Nomeriñi çalyşsañam...
Biz gülüşip, boýnumyzdaky ýürejiklere elimizi ýetirdik we söýgi derýasynda asuda ýüzüp, gaygy-aladalañ ustune atanak çekdik.

Soňy


Okaldy: 666. Şü gün okaldy: 4


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(23)



 dunya

tuweleme soygisine dusupdyrlar bagtly bolsnlar gowy hekaya bagtly bolmak gir nahili gowy zat hemmede soygisine gowussyn
28.05.19 14:26
 Bagul

Õrãn gowy hekaýa haladym kõp minnetdarlyk bildirýãn.Isiñizde ústinlik.
23.05.19 10:16
 Maşa

Gynanma Halmyrat.Nesibande yok bolsa kyn eken...Yitiryan adamlarynyz size synagdyr.Manlayynyzda bary hic hacan ayrylmaz
18.05.19 22:18
 Maşa

Gynanma Halmyrat.Nesibande yok bolsa kyn eken...
18.05.19 22:16
 masajyk

Urrraaa gaty gowy
16.05.19 05:59
 Serwi

Hekaya gaty gowy 👍👍👍
14.05.19 22:15
 MEDINE

Hakyky söýgi hemmede öz söýen ýaryna yetişsin
06.05.19 10:41
 Nesibe

Ura urra urra ahyry duşdylar 😁😃😆😄ahyry bir aglatýaňyz birem güldürýäňiz menem içine girip okaýan hamana wakaň içinde menem gezip ýören ýaly sagboluň Alyýewa Nowça köp köp ýene-de hekaýalaryňyza garaşýas(we bolan wakalara)üstünlik hemraňyz bolsun!
03.05.19 15:45
 Meýrem

Oran gowy hekaya
01.05.19 07:48
 ayka

Dowamynda toy bolan bolsa has gowy bolardy yone onnada dushanlaryna begendim sheydip soyenleri bir dushuryp durun
18.04.19 21:04
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 23-14

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak