TM HYZMAT BILMELI
Munda-da bir haýyr bar


Munda-da bir haýyr bar

Gadym zamanlarda Afrikadaky bir ülkede höküm süren bir patysha bardy. Patysha, heniz çagaka dostlashan, bile ulalan bir dostuny hiç ÿanyndan aÿyrmazdy.
Nirä gitse ony hem ÿanynda alyp giderdi. Patyshanyñ bu dostunyñ bir üÿtgeshik häsiÿeti bardy. Isle öz bashyna gelsin, isle bashgasynyñ, isle gowy bolsun, isle erbet, her wakanyñ garshysynda hemishe bir zady aÿdardy:
-Munda-da bir haÿyr bar!
Bir gün patysha bilen dosty awa çykÿarlar.
Patyshanyñ dosty ÿaraglary okdan doldurÿar, patysha berÿär. Patysha hem ok atÿardy. Dosdy ÿaragy doldurÿaka bir ÿalñyshlyk goÿberdi we patysha ok atÿarka tüpeñi yza tarap patlady-da, patyshanyń barmagy gopdy.
Ÿagdaÿy gören dosdy hemisheki aÿdŷan sözüni sözledi:
-Munda-da bir haÿyr bar!
Patysha ajy we gaharly azgyryldy:
-Munda haÿyrly zat ÿok! Göreñokmy, barmagym gopdy? Soñra gaharynyñ geçmeÿäni üçin dosduny zyndana atdyrdy.
Bir ÿyl ÿaly wagt geçdi, patysha ynsan iÿÿän taÿpalaryñ ÿashaÿan we aslynda uzak durmaly ÿerinde birnäçe sany adamy bilen birlikde awlanypdy.
Adamhorlar olary ele geçirdiler we obalaryna alyp gitdiler. Ellerini, aÿaklaryny bagladylar. Meÿdandan odun ÿygnadylar. Odunlary direg edip goÿdular.
Odunlary tutashdyrmaga gelÿardiler welin, birdenem patyshanyñ basham barmagynyñ ÿokdugyny gördüler. Bu taÿpa, batyl ynançlary sebäpli synasynda bir kemçiligi bolan ynsany iÿmeÿärdi. Eger sheÿle ynsany iÿseler, bashlaryna erbet bir ish geljegine ynanÿardylar.
Ine, shu gorkulary sebäpli patyshany çözdüler we goÿberdiler. Bashga adamlary bolsa pishirip iÿdiler.
Saraÿyna gelende, gopuk barmagynyñ saÿasynda halas bolanyna düshünen patysha, ençe ÿyllyk dostuna eden etmishine ökündi. Zyndana ylgady we dosduny zyndandan çykardy, bashyndan geçirenlerini ÿeke-ÿeke aÿdyp berdi.
- Sen haklydyñ! - diÿdi. Barmagymyñ gopmagynda dogrudan hem bir haÿyr bar eken. Ine, shu sebäpli hem günasiz halyña seni uzak wagtlap zyndanda tutandygym üçin ötünç soraÿaryn. Etmishim nähak we erbet bir ishdi.
- Ÿok, diÿip dosdy garshylyk görkezdi. Munda-da bir haÿyr bar.
-Sen näme diÿÿäñ? - diÿip, patysha haÿranlyk bilen gygyrdy.
Bir dosdumy bir ÿyllap zyndanda tutmagymyñ niresinde haÿyr bolup biler?
-Düshünsene, men zyndanda bolmasadym, seniñ bilen birlikde awda bolardym, sheÿle dälmi? We soñrasyny düshün...

Internet sahypasyndan terjime.
Awtory: (görkezilmedik)


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.8/5 (8 baha berildi berildi)


Okaldy: 276. Şü gün okaldy: 5


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 durdyhan obadan

Caragum zurnalynda hem her is bolsun bahbit bolsun diyyan yasuly hakda gaty gowy rowayat bardy buda gyzykly eken sagbolun
12.05.19 08:14
 M

Her şerde bir hayir vardir,menem on okadym muny
23.04.19 16:41
 jem_l

menem on su hekayany internetde okapdym..yone menin okanymda halki paytysan dosdyny ...men bir weziri diyp okapdym..smile
23.04.19 11:12
 jeren

hakykat her isde bir hayr bardyr.
23.04.19 08:24
 Ahmedik

👍Her bir işde dogrudanam haýyr bar. Bu öz pikirim. Bolmsy iş bolsa-da «BÄHBIT BOLSUN» diýilýär. Admin işiň rowaç, köp sps!
23.04.19 02:53

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak