TM HYZMAT BILMELI
Nesibede bolmasa bolmajagy eken 2 1


Meniň ilkinji hekeýam

Durmuşdan alynan

2nji-Bölüm
Turamda günem aşaklapdyr. az salym daşarda işlerimi edip agşamlyk naharyny iýenimizden soň, Klasdaş oglanlarym geldi. Üýşip öýde çaý suw içip gülüşip söhbet edip otyrýadyk her gün diýlen ýaly, Men bolsa entägem şi pursat gözeňümdedi, oglanlaryň biri näme kakajan gürläňok diýse, Hälki Maral diýen zadymy diýipdirin borla Maral sagbol göwünlik bereniň üçin diýipdiirin. Oglanlar birden gülüşdiler -o-how Kakajan bärde hä Maral ýok welin, klasdaş oglanlaryň biri
-Aý muň ýüzüniň näme üçin salykdygy indi belli
-Näme kakajan partadaşyň Maral-a aşyk bolaýdyňmy ýa
Men näme diýjegimi bilmän
-Ýokla how oglanlar beýle zat ýok diýdim.Oglanlaram ertir muny Marala ýetirmesek bolmaz diýip gülüşdiler.Men bular oýun etýändirler diýsem asyl çynlary eken. Ertesi gün turanymdan ýüregim çalt urup durdy yuwynyp geýindim we ertirligimi edinip mekdebe tarap ýöredim öz ýanymdan içimi gürledip gelýän. Oglanlar aýdan bolsa Maralyň ýanynda otyrmana utanaryn diýip gelýän okuwada geldim oglanlar bilen salamlaşyp gürrüň edip durys we jaň bolupdy, klasyň içine girdik we öňki ýerime Maralyň ýanynda oturdym Maral bolsa
-Salam kakajan
+salam Maral
-Name ýüzüň gyzarypdyrla gowlykmy
+Howwa Maral gowlykla
Näme diýjegimi bilmän
-Aý üşandirin diýdim
O wagt Aprel aýy daşarda gün çykyp howaň maýyldygyny özimizem köýenekçe, bir Maral aňyrsyna bakyp güldi diýýänle,daşyna arakesme jaň boldy klasdan Mugallym ilki çykypdy klasdaş oglanlarymyz biri
- Maral Kakajany jadyladyňmy seň adyň agzap durla gijesi bilen gülüşdiler. Meň ýüzüm köz ýaly gyzyp gitdi.Maral bolsa sesini çykarman ýüzüme seredip ýylgyrjyrap klasdan daşyna çykdy. Men bolsa oglanlaryň ýanyna baryp oglanlar köpçilikde beýdiýmeli däl dä hana gyzy utandyrdyňyz diýsem, Myrat klasdaşymam
-Kakajan utanan senmi ýa Maral mi diýip ýene gülüşdiler we içine girmek jaň boldy men klasa utanyp utanyp girdim.Maral bolsa hiç zat bolmadyk ýaly öňkisi ýaly arkyn otyrdy we şeýdip şol günem geçdi. Ertesi dynç günidi,aramyz has ýakym klasdaşym Ýazgeldi bize gelipdi
-Salam kakajan gowmy ýagdaýlaryň
+salam Ýazgeldi hudaýa şükür özüňem gowmy gel geç diýip garşy aldym
-Öýden içim gysyp gaýdaýdym kakajan menä
+Oňarypsyňda klasdaş gel çaý içip gürleşeris diýip otyrdyk.
-Kakajan dün sesimi çykarmadym welin näme oýun etdilermi oglanlar
Ýazgeldi öňňun agşam oglanlaň arasynda bolmansoň habarsyzdy. Men bolsa bolşi ýaly edip aýtdym.Soňra
-Kakajan sen aşyk bolupsyň öýtýän klasdaş aýtýanlaryň birhili welin
+Ýokla klasdaş seňem otyryp otyryp diýýaň zadyňy
-Gaty görme Kakajan menä ýöne içimdäkini aýdaýdym
+Ýokla Ýazgeldi sendenem bir gaty görüp bolarmy. Şeýdip Ýazgeldini ugratdym gapyda
işlerime gümra bolup ýörin kellämde bolsa ýaňky Ýazgeldiniň aýdan sözleri ýaňlanyp durdy. Birden öz özüm gürläp başlapdyryn
-Ýokla aşyk bolan bolsam ilki özüm bilerinä diýip daşymdan gürlap duranymy kakam eşidip dur ekeni
-Kakajan oglum
gel hany bärik
+How kaka
-Näme öz özüň gürläp dursyň
+Aý ýokla kaka
- Näme ýa ýaraňokmi lukmana äkidäýeli diýip ýylgyrdy
+Ýok kaka alada etme
-Kakajan oglum ýa aşyk bolup ýörsiňmi
+Ýok kaka aşyk bolsam ilki özüm bilernä
-Ýok oglum beýle däl saňa duýdyrman geler söýgü we sen söýeniňi bilmän galarsyň.Kakamyň diýenleri hasam meni howsala goýdy.Günem aşaklady agşamlyk naharyny edinip men öz otagyma geçdim.Öz ýanymdam dogyrdanam men aşyk bolaýdymmykam içimi gürledip ýatyp galypdyryn.
Ertesi irden turdym we ýuwynyp nahar çöregimi iýip öňkiler ýaly mekdebe gitdim. Mekdebe bardym welin içine girmek jaň boldy. Girenimden Maral seretdim onyňam gözü mende ekeni ol utanyp aşak seretdi men ýerimde otyryp
-salam Maral gowmy ýagdaýlaň
+Salam kakajan gowy howwa özüňem gowmy
-Howwa Hudaýa şükür gowyla onýança Mugallym geldi we sapaga başlandy şo wagt Taryh sapagydy Mugallym doska birzatlar ýazyp şunu hemmäňiz göçürüň egzaminde gerek bolar hemmaňiziň ýazanyňyzy görjekdirin diýip tabşyryk berdi. Soňra bir birden depdermizi görmäne başlady.Maňa gezek gelende
-Annagurbanow tur ýeriňden bu näme bollygy
+Näme bolly Mugallym beren tabşyrygyňyzy ýazyp otyrna
-Serediň okuwçylar
Heýem geografiýa depdere taryh sapagy ýazylarmy seredip otyrsam hakykatandam şeýle eken ol bolmasynada mugallymyň sözüne utanyp ýüzüm gyzyp gitdi. Jaň boldy klasyň okuwçylary çykdy men bolsa pikire batyp klasda otyrdym. Bee maňa näme bolýarka beýlw diýip pikire çümüp otyrkam klasa Maral girdi.
-Kakajan näme boldy soňky döwür ugryň ýok ýaly seňä.içimden diýýärin şol günden soň maňa birzada bolýa diýip

dowamy bar
Awtory:Annagurbanow Annagurban


Hekaýa baha ber:

Reýting: 4.3/5 (11 baha berildi berildi)


Okaldy: 575. Şü gün okaldy: 2


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(8)



 karkara

Ýalňyş ýazylan sozler kop gaty bir gyzykla däl boliakda.
13.05.19 13:01
 Palwan

Salam Mahrishka 01
22.02.19 05:51
 Mahrishka 01

turkmen dilini gowy okansyna gramatik taydan yalnys kop duzedin...hekaya oran gowy tuweleme yone hacan mun yzy???
20.02.19 20:49
 Palwan

Dowamyna garashyan!
20.02.19 13:33
 Ahmedik

Ýa ol jadydan henizem saplanyp bileñzokmy? wink
20.02.19 09:52
 Ahmedik

Dowamyna garaşýas diýip ýazmandyryn welin arkaýyn bolmañ, dowamyna garaşýandyrys. Gyssagyñyz özüñiz bilen! Onsañam bellik edýär diýip gaharyñyz gelmesin, okyjylarymyz düşünip okarlar ýaly gramatika biraz üns beriñ!
20.02.19 09:50
 Ahmedik

Hakyky, bolup biläýjek zatlar. Özüm hem şular ýaly bolupdym... Meniñ pikirim, söýgi, kelle beýnisiniñ merkezi dolandyryjysynyñ (Administrasiýasynyñ) erkini öz eline alýar we isledigiçe özi dolandyrýar. Adamyñ jadylanmagy diýip menä şuña düşünýän... Gyz oglan tapawudy ýok söýgi adamlar bilen şeýleräk gatnaşykda bolýar.
20.02.19 09:46
 Arzuw

Gyzykly dowam et garasyas
20.02.19 07:09

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak