TM HYZMAT BILMELI
Nesibede bolmasa bolmajagy eken 3


Meniň ilkinji hekeýam

Durmuşdan alynan

3nji-Bölüm

-Ýokla Maral hemme zat gowyla Maral men ýüzüme esli wagt seredip dymyp durdy. Men hem näme diýjegimi bilmedim dogrysy utandym. Soňra Maral sesini çykarman klasdan çykyp gitdi, men hem zatlarymy ýygnap çykdym keýpim ýokdy.Klasdaş oglanlam
-Kakajan mugallym diýenine gaty görüp keýpiňi gaçyrma mugallymdyr biziňem gülenimizi gaty görme
-ýokla oglanlar sizden gaty görüp bolmaz soňra Ýazgeldi
-Oglanlar kakajanyň başga derdi bar ýalyla diýdi de ýylgyrdy. Oglanlar
-Aýt kakajan name derdiň bolsa kömek ederis elimizden geleninden diýdiler.
-Ýokla oglanlar derdim ýok hudaýa şükür taňyr ýalkasyn sylagyňyza diýdim we soňky içine girmek jaň hem boldy klasyň içine girdik.Men Maral birzatlar aýdasym gelýädi sapak hem başlapdy nähili aýtjagymy bilmän.
-Maral maňa birzada bolýa diýsem olam ters düşünüp ýaramaýandyr öýdip.
-Mugallym Annagurbanow a birzada bolýa diýip mugallyma aýtsa nätjek
-Annagurbanow näme bolýa ýaraňokmi
-Howwa mugallym birhili kelläm agyrýa
-Bar gaýdaý klas ýolbaşyňa özüm aýdaryn diýip goýberdi.
Men goşlarymy ýygnap yuwaşlyk bn Maralyň ýüzüne seredip sagbol Maral diýdim öň olar ýaly diýmämsoň birhili geňirgendi we sesini çykarmady öýe gaýtdym. Şeýdip günler geçip durdy men bolsa Maralyň ýanynda söz açyp bilemokdym okuwyňam soňky günleri golaýlaýady we okuwçylar okuw gutarmanka gezelenje gideliň diýip Klas ýolbaşymyza haýyşt etdiler. Mugalymymyz okuwçylaň göwnüni ýykman geljeki dynç günini taýynlanyň diýdi. Şo günem sapakda birhili keýpim ýokdy kitabymy okap otyrdym soňra Maral
-Kakajan sen gitýärmiň gezelenje
+Nirä Maral
-Gezelenje dynç güni
- Ýok gidesim gelenok diýdim aslynda meni şo wagt Maralyň jogaby gyzyklandurýady we garaşyşym ýaly jogabam geldi.Maral
-Wii ondan menem oňaýsamykam diýip ýuwaşjak gürledi men eşitdim ýöne täzeden soradym
-Näme diýdiň Maral eşitmedim welin ol hem ýüzüni aşak sallap ýuwaşlyl bn menem
oňaýsamykam diýdi. Maral klasda ýuwaş gyz bolansoň beýleki klasdaş oglanlamyz bn kän ugry ýokdy Menem-
-Oňma Maral beýlekiler gitýä az wagytdanam tomusky dynç alyşa gürrüňe gümede alyp gitsene men Maral bn gürrüňüm bar diýdim. Ýazgeldi hem bolýa diýip ýylgyryp gitdi. Menem yzyndan Maralyň ýanyna baranymam şol welin
-Kakajan hany sen geljek däldiňä
+Maral menä seni
ýekesiretmäýim diýip gelim. Maral ýylgyrdy. Ýüregime düwdüm aýtmany
-Maral arada saňa ýagdaýym gowy däl diýdimä klasda
+Howwa kakajan ýaramaňdamy
-Maral şol beýle däldi sen yzyny diňlemediň
+wii näme onyň yzy hany aýt
-Maral meni seni hol mugallym gygyrdy senem maňa borla kakajan mugallymdyr göwniňe alma diýdiň ýadyňa düşýämi
+Howwa kakajan düşýä
- Ana şondan saňa garşy birhili men
+Nähili
-Aşyk bolaýdym öýtýän saňa
+özüň doly bileňogamy ony
-Maral saňa nähili aýtjagymy bilemok

Arzymy aýdaýyn Maral gyz saňa
Gara gözleň bilen söýdirdiň meni
Ýürek doly aýtjak sözlerim saňa
Aýtmankam bagladyň özüňe meni

Şondan soň gaçdy sabr takadym
Gözöňümde janlanyp dyr syratyň
Hol gün ýylgyrjyrap sereden wagtyň
Erkimi alyp däli eýlediň meni

Dowamy bar

Awtory:Annagurbanow Annagurban


Hekaýa baha ber:

Reýting: 3.7/5 (7 baha berildi berildi)


Okaldy: 529. Şü gün okaldy: 3


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Jennet

Gaty gowy hekaya
18.04.19 09:14
 Melek

Hekaya gownume yarady kan hekayalar goyup dursanyz okyjynyz biz bolarys
02.03.19 06:44
 Gurban

Asyklyk ya däli ýa sahyr.
26.02.19 07:20
 Gurban

Asyklyk ya däli ýa sahyr.
26.02.19 07:20
 Palwan

Yzy yokmay munyn!
23.02.19 12:23
 Bbbbbbbb

Menem talandym ba eser yazmaga yone nadip ugratmaly nadip goymaly tm hyzmatda
22.02.19 23:53

Teswir galdyr





Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!

Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak